Meniň bir ýerlere gidesim gelýär
Meniñ bir ýerlere gidesim gelýãr,
Gep-gybatyñ, şumlugyñ ýok ýerine.
Pikirlem bir ýere atasym gelýãr,
Ýogsa agram berýãr jahyl serime.
Çekinji ýok ýazgytlary garalap,
Il mañlaýy garalama mysaly.
Goluñ tutup barsam eneñ gaşyna,
Diýsem: "Rugsat bolsa, gaýta ýasaly".
Gumy höwür bildi jan beren bende ,
Kepene däl, şum diliñe dolandy.
Galjak tirsegine "häýt" diýmek üçin
Arman, ýeriñ gursagyna duwlandy.
Gara göze ašyk bolan ýigidiñ,
Ýag damdyrdyñ peltesiniñ oduna.
Yşk şährini talap geçdi hazanyñ,
Ýykan dünýäñ hiç kim ýetmez dadyna.
Gyl geçmez aradan sen geçdiñ şuwlap,
Yranmaz ynamy eýlediñ weýran.
Ini-boýy iki barmak şum diliñ
Agramy put aşýar, eý, näkes, haýran!
Gülnabat Hurşidowa
Gep-gybatyñ, şumlugyñ ýok ýerine.
Pikirlem bir ýere atasym gelýãr,
Ýogsa agram berýãr jahyl serime.
Çekinji ýok ýazgytlary garalap,
Il mañlaýy garalama mysaly.
Goluñ tutup barsam eneñ gaşyna,
Diýsem: "Rugsat bolsa, gaýta ýasaly".
Gumy höwür bildi jan beren bende ,
Kepene däl, şum diliñe dolandy.
Galjak tirsegine "häýt" diýmek üçin
Arman, ýeriñ gursagyna duwlandy.
Gara göze ašyk bolan ýigidiñ,
Ýag damdyrdyñ peltesiniñ oduna.
Yşk şährini talap geçdi hazanyñ,
Ýykan dünýäñ hiç kim ýetmez dadyna.
Gyl geçmez aradan sen geçdiñ şuwlap,
Yranmaz ynamy eýlediñ weýran.
Ini-boýy iki barmak şum diliñ
Agramy put aşýar, eý, näkes, haýran!
Gülnabat Hurşidowa
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.