ALABAHAR TUPANY (@Ötegçi agza üçin)

“Söýýärin maýdaky ýaz tupanyny”
/F.Týutçew/


I

Meniň ýüregimi heýjana salýar
Ir alabaharyň apy-tupany.
Ýagyş köçeleri dolduryp suwdan,
Akdyryp äkidýär hapa-hupany.

Gelşigine gelýär çuwalgyz ýaly,
Baglar çyplaklanyp, taraşlanýar-da.
(Ähtimal, maňa-da bir ýerde şeýdip
Çäksiz höwes bilen garaşýan bardyr)

Her ýyl şeýle bolýar,
paýawlanda gyş.


II

Fewralyň soňunda,
Martyň başynda.
Belki, ömrümiziň manysy bardyr,
Duýgulaň kiriş deý dartylmasynda.

Ynjalyk tapýaryn
bulutlar süýşüp,
Asman sarsyp,
Ýyldyrymlar çakanda.
Özümden utanýan: “Şu çaka çenli
Ownuk işe gümra” diýip jahanda.

Söýgi bilen tämizlärin dünýäni,
Hiç zat indi eli işden sowatmaz.
Diňe Bibirbardan: “Güýç-kuwwat hemem
Möhlet beriň” diýip edýän towakga.

Bahary arzuwlan bahara gowşar,
Arzuwsyz kişiler kän çeker arman.
Bar bolsa bir ýerde zarymy çekýän,
Oňmaryn iru-giç gaşyna barman.


Çary ÝEGENMYRADOW
4 лайков 142 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
27 фев 2022, 17:33
bloknota bellali yazyn ilkinji guni yaman halayanay
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 17:41
Söýgi bilen tämizlärin dünýäni,
Hiç zat indi eli işden sowatmaz.
Diňe Bibirbardan: “Güýç-kuwwat hemem
Möhlet beriň” diýip edýän towakga.

Şu bent birhiliräk yaly
Ötegçi
27 фев 2022, 17:44
Baharly goşgulardan iñ gowy gör(enim-ýänim) köp sag bol agam