Bäý-bäh / satiriki hekaýa
BAÝ-BÄH
Hindistan…
Gubernator we onuň hatyny zyýapat berýär…
Harbylar, ilçihanaň işgärleri, olaryň hatynlary we amerikaly tebigatşynas alym jemi ýigrimi adam ullakan stolda otyrlar.
Bir hatyn bilen polkownik "zenanlar gorkakmy ýa-da erkekler" diýip jedelleşmäge başlady.
Polkownik:
— Hatynlar her hili gorkuly pursatda gygyryp, wägirip başlaýarlar— diýdi — Erkekler bolsa gorkyny jylawlamagy başarýar.
Tebigatşynas jedele goşulman, myhmanlary synlap otyrdy. Birden ol öý hanymynyň ýüzüniň özgerip gidendigini görüp galdy. Hanym gymyldaman otyrdy, göýäki saň-gaty bolup galana çalym edýärdi. Hanym assa-ýuwaşlyk bilen, ümläp hyzmatkär oglany çagyryp, onuň gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdady. Hyzmatkär oglanyň gözleri misli okara kibi ullakan bolup açyldy.
Tebigatşynasdan başga hiç kes ýigidiň eýwana jamda süýt getirip goýandygyny duýmady. Tebigatşynas teşwişlenip başlady. Hindistanda jamda süýt goýmak bir närsäni— ýylan çagyrmagy aňladýardy. Tebigatşynas otagda kepjebaşyň bardygyny duýdy. Ol otagyň burçlaryna, güldanlaryň arasyna seretdi, ýylan görünmedi. Diňeje bir ýer galypdy, stoluň asty.
Ol derrew syçrap turup, otagda ýylan bardygyny duýdurmakçy boldy, emma bijaý hereket etse kepjebaşyň ürküp birini çakyp göýbermeginiň ähtimaldygyny bilýärdi. Ol, hemmäň ünsüni özüne çeker ýaly tiz-tiz gürläp başlady.
— Kimiň çydamlydygyny bilmegiň aňsat usuly bar. Häzir üç ýüze çenli, bäş minut sanaryn, men sanap bolýançam biriňizem gymyldaman oturmaly. Kim gymyldasa, elli rupiýa bermeli bolar.
Stoluň töwregindäki ýigrimi adam daş kimin gatap otyrdy. Tebigatşynas iki ýüz segsene ýetende gözüniň gytagy bilen kepjebaşyň eýwandaky süýtli jama tarap barýandygyny gördi. Ýylan eýwana çykandan derrew böküp turup eýwanyň gapysyny ýapanda hemme kişi elheder almakdan ýaňa doňňara-daşa öwrüldi.
Gubernator:
— Siz hak aýdypsyňyz, polkownik— diýdi— Ine, şu wagtjyk erkek adamyň gorkyny nähili jylawlap bilýändigini gördük.
Tebigatşynas:
— Az-kem sabyr ediň!— diýdi— Hanym Winks, otagda ýylanyň bardygyny nädip bildiňiz?
Hatyn ýylgyryp jogap berdi:
— Ýylan aýagyma çyrmaşypdy…
Mona GARDNER
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.