Täze goşgy

Sen-ä hüýrdüň, menem gerçek ýigitdim,
Sen-ä Leýlä, men Mežnuna deňeldik.
Men senden gitdimmi, sen menden gitdiň... —
Biz barybir aýralyga ýeňildik.

Biz barybir boýun egdik takdyra
(Aglamaga bahana bi, sebäp bi...).
Bognum ysmaz “Öz deňiňi tap” diýre,
Sebäp hijre tas gursagym eräpdi...

Ýadamazak ýadym bardy, güýçlüdim,
Ýadym ýeke didar bilen gurşaldy.
Dagyldym men.
Pytramsoň üýşmedim,
Yşkdan gördüm höwesimiň gurşanny.

Öz-özümi derde berdim.
Bagyşla
Seňem derde ýoluganňy dermansyz.
Biz jeza gazandyk ümüş-tamyşda —
Hiç kimsäniň habary ýok, permansyz...

10.04.2022ý.

Sapa HOMMADOW
6 лайков 180 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
11 апр 2022, 20:51
Sapa Hommat ýazsana brat köpürak, köpüräk ýazsana! Ejizläpsiňaý soňky döwürler! ☹️
LLLL
11 апр 2022, 21:14
Jeksparro,
Köşeş!
Гость
11 апр 2022, 21:38
Şadyýanja goşgular ýazsaňa brat :)
GeçerGeldi
12 апр 2022, 04:57
Söýgi hakda kop yazya diyyaler. Yone gowy goryan gaty gosgularñyzy. Yazyñda koprak! Kuysedyañiz goşgularñyzy