Şahyr

ŞAHYR

— Ne adam şekilli gürleşip bilýär,
Bir görseň, dargursak, birde giň ýaly.
— Ne ýakyny bilen syr alşyp bilýär,
Ne köplükde sözläp bilýär il ýaly.

— Içimtap ol, beýdip ýörmek bolarmy,
Heniz agyzda dil, dilde söz barka?!
— ...Hut şo bolşuna-da, geň galaýmaly,
Ol munça goşgyny nirden ýazýarka?!

...Şahyr hakda gürrüň gidýär.
Söhbetler
bir gyzdymy, yza Alla gaýtarsyn!
Wah, şahyryň, asyl, özgeler ýaly
Gürläp başarmansoň, goşgy ýazýanyn
Bu giden jemendä nädip aýdarsyň?!

Kakamyrat REJEBOW.
4 лайков 152 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
21 апр 2022, 09:42
Öň okap görmändim bu goşgusyny.
Mümkin
21 апр 2022, 09:51
Ýüregim!
Hiayress
21 апр 2022, 10:10
Goşgy utanjaň şahyr hakyndamy?!
Mümkin
21 апр 2022, 10:16
Hiayress,
Meñ pikrimçe özi hakynda.
Hiayress
21 апр 2022, 10:22
Mümkin,
Öz häsiýeti nähili indi?! Utanjaňmy ýada...
Pegas
21 апр 2022, 10:30
Hiayress, özi ýumşak adam.
Ahally
Автор 21 апр 2022, 10:34
Hiayress
Goşgy utanjaň şahyr hakyndamy?!

— Ne adam şekilli gürleşip bilýär,
Bir görseň, dargursak, birde giň ýaly.
— Ne ýakyny bilen syr alşyp bilýär,
Ne köplükde sözläp bilýär il ýaly.

— Içimtap ol, beýdip ýörmek bolarmy,
Heniz agyzda dil, dilde söz barka?!
— ...Hut şo bolşuna-da, geň galaýmaly,
Ol munça goşgyny nirden ýazýarka?!


Ine şul setirler halk adamlarynyň şahyr hakda edýän gürrüňini beýan edipdir.

Bu ýerde bolsa:
...Şahyr hakda gürrüň gidýär.
Söhbetler
bir gyzdymy, yza Alla gaýtarsyn!
Wah, şahyryň, asyl, özgeler ýaly
Gürläp başarmansoň, goşgy ýazýanyn
Bu giden jemendä nädip aýdarsyň?!


şahyr öz içki pikirini beýan edipdir.
Hiayress
21 апр 2022, 10:34
Pegas,
Ýok, özi şahyr bolsa, söze baý bolsa, näme üçin adam şekilli gürläp bilenok?! Utanjaňmy ýa-da...
Pegas
21 апр 2022, 10:36
Hiayress, kimdir bir şahyry ýa belli-belli şahyrlary göz öňünde tutup ýazan bolaýmasa.
Hiayress
21 апр 2022, 10:41
Ahally_24,
"Ne adam şekilli gürleşip bilýär"

Umuman adaty adamlar ýaly gep-gürrüň alyşyp, adaty adam gatnaşygyny gurnap bilenok. Ýöne, sebäp näme?!

"Bir görseň, dargursak, birde giň ýaly."

Bu-la durgunsyz adamyň sypaty.

"Ne ýakyny bilen syr alşyp bilýär"

Ýakynlaryna ynamy pesmikä ýa-da özüne?!

"Ne köplükde sözläp bilýär il ýaly"

Şahyr boljak bolsa bilime adaty adamlaryňkydan artyk bolmaly, söze baý bolmaly, artykdyram, sözede baýdyr, ýöne näme üçin il ýaly il gürrüňi edip bilenok?!

"Wah, şahyryň, asyl, özgeler ýaly
Gürläp başarmansoň, goşgy ýazýanyn
Bu giden jemendä nädip aýdarsyň?!"

Indi adaty gürrüňlerden ýagny il gürrüňlerinden şahyrlar ýokarda bolany üçin şahyr bolýar diýjek bolýarmy?!
Hiayress
21 апр 2022, 10:44
Pegas,
Bolup biler, ýöne goşgy dogrumy?! Ýagny dilewar adamyň köpçülikde gürläp bilmezligi nädereje dogry?! Ýa çerezçur utanjaň bolansoň ýa-da iliň gürrüňi ownuk görip, özüni ondan ýokary tutansoň il içinde gürläp bilenokmy ýa-da başga bir zat barmy?! Belki laldyr?! :D
Hiayress
21 апр 2022, 10:46
Şu guýruk tutdurmaýan goşgulary hiç halamandyrynaý. Her harpy bir zat diýýär. Her setiri öňündäki setiri ýalana çykarýan ýaly.
Hiayress
21 апр 2022, 10:51
"Lirika diýip edebiýata kellä geýdiler. Edebiňi ýat tutjakmy her setiriňde şemal ýaly müň tüýsli öwsip duran duýgularyňdan ýaňa" diýäýesiň gelýär. Ýene-de oňam çigit ýaly göwni bardyr diýip, diýjegiňi diýmän galýaň.))
Pegas
21 апр 2022, 11:09
Hiayress, şahyrlyk dilewarlykmyka?
Hiayress
21 апр 2022, 12:13
Pegas,
Sergezdanyňky ýaly: "Döredijilik ýürekden çykar, akyl bilen dahylly yeri yok. Köp okamagyn asla geregi yok" diýäýme.))
Diňe bir dilewarlyk däl, ýöne şahyryň ýaragy sözkä sözüň (dilewarlygyň) üstüni çyzmak nädereje dogry bolar?!
Mümkin
21 апр 2022, 12:36
Hiayress,
Kakamyrat halypa azda-kände utanjañlyk syzdym men.(Edil çuñ pikirlenmegimiziñ,poeziýa düşünjämiziñ meñzeýşi ýaly bu gylygam maña meñzeýär:)
Ahally
Автор 21 апр 2022, 15:57
Hiayress
Pegas,
Ýok, özi şahyr bolsa, söze baý bolsa, näme üçin adam şekilli gürläp bilenok?! Utanjaňmy ýa-da...

gepler-gürrüňler şahyryň özi barada bolmaly.... 
olam jogabyny berip bilipdir: "Gürläp başarma(m)soň, goşgy ýazýa®yn" 
hemem oňarýan dili bilen, goşgy bilen jogap berýär... 
My life
21 апр 2022, 16:09
Taze goshgusymyka bu
Hiayress
21 апр 2022, 17:12
Ahally_24,
Maňa goşgunyň kim baradygy gyzykly däl-de, goşgunyň manysy, sözi gyzykly. Näme üçin şahyr adaty adamlar bilen diolog gurup bilmeýär?! Utanjaňlygy üçinmi ýa-da adaty adamlaryň adaty diologlaryndan şahyryň beýikdigini görkezjek bolýarmy?!
Mümkin
21 апр 2022, 18:37
Hiayress,
Utanjañlygy üçin.