"HALASGÄRIM!” DIÝDI SAŇA DERT ÇEKEN…”

“HALASGÄRIM!” DIÝDI SAŇA DERT ÇEKEN…”

Zehine baş egmek ynsana mahsus, 
Lukman inim, şo-ol zehiniň biri sen. 
Lap edip men muny aýtdygym däl, 
- Ýürekdäki damarlaryň piri sen! 

Bu sarpa her kese başardýan däldir, 
Bi hormat, bi sylag, bi ýagşy päldir, 
Alkyş bilen seni ýaşardýan kändir, 
Saýlap aldyň halas etmek käri sen. 

Ýetmiş ýaşda diňläp bir gün ýüregim, 
Diýdiň: "Agam, bitin eken çöregiň“. 
Aldyrjak ekenim suwda küregim, 
Alyp çykdyň ýagtylyga köri sen. 

Özüm bilmeý, ýörän ýolum kert eken, 
Dertleriň içinde bu ne dert eken?! 
"Halasgärim!“ diýdi saňa dert çeken, 
Eýelediň kalbyndaky töri sen. 

Sallançakda seni hüwdülän ene 
Mejalsyz ýatyrka jan berdiň ýene. 
Bu sogabyň seniň däl ýöne-möne, 
O dünýe-bu dünýe bolduň diri sen. 

Sag bol, inim, Bährem, taňryýalkasyn, 
Dakýaryn boýnuňa alkyş halkasyn. 
Dertli göwünlere dagdan arkasyň, 
Pyragy aýtmyşlaý, äriň äri sen. 

Allaýar ÇÜRIÝEW. 
1 лайков 79 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.