Pellehana

PELLEHANA

Ylgamak kyn.
Ýollar durşuna çäge.
Sen wagtyňy däl-de,
Ädimňi sana.
Gyssanýan ýok,
Howlugýan ýok ýetmäge...
Hawa,
Şeýleräk-dä bu pellehana.

Irden suwa barýan ulugyz ýaly
Aýagyň burnuna paýhasly garap,
Seresap ädimläp,
Saýhally ýöräp:
Gaşyň çytsaň — doňup,
Ýylgyrsaň — eräp.
Kelebiň ujuny beýniňe sarap,
Gidiber külterläp bu täsin ýoly.

Büdremegiň mümkin —
Zeýrenme ýöne,
Mümkin azaşmagyň —
Sabyrly bol sen.
Köteller,
Öwrümler...
Bu zatlar köne
Olara çykyşyň täzeräk bolsun.

Bu kyn ýaryş —
Taýynlykly gelmeseň.
Bäsdeşem ýok;
Çekýänem ýok ýeňiňden.
Aýlanyp-dolanyp,
Ýetip bilmeseň,
pellehanaň özi çykar öňüňden.

A sen gudurama sähelçe zada:
Sähelçe zat üçin gaşyňam çytma.
Bilmedim,
Gör haçan ýazylan kada;
«Dinden çykanyň hiç,
Ilden bir çykma».

Ýagşyňy ýamandan ýaşyryp ýaşa;
Ýaşa ýamanyňy ýagşydan gizläp.
(Ah, ozal-a paltañ degmesin daşa.
Degdimi?
Çyňsama çykalga gözläp!)

Gizle şat bendeden gara günüñi
Gizle şat günüňi aglap durandan.
Dörjeme ojagyň sowan külüni —
Gizle perzendiňi «Hudaýurandan».

Gelse işigiňden zürýatsyz bende,
Çagalaryň daşarlarda oýnasyn.
Bir öýüň bazarna gözi düşende,
Başga öýüň mazardygyn duýmasyn...

Jany ýanan kişä maslahat salma
Agyrdyr,
Göterme kişi günäsin...
Gaýyn eneňi görmän ýassykdaş alma,
«Telpegi aganlañ» diňläp gör käsin.

Gara baş ýekedir -
Kyn günüñ egme:
Aç günüñ şükür et tapanyñ iýip...
Garrylyk dert bolup, gonanda egne,
Öwünme:
"Biz, ynha, şeýderdik!.." diýip.

Hawa,
Aýagyñdan aslyşýa çäge,
A sen barýañ:
Garşylyklar güýjeýä.
... Tizräk ulalmagy isleýä çaga,
A ulular çagalygyny küýseýä...

Guzy diş,
Gara saç...
Amanat bular.
Juda ýowuz bu ýaşaýşyñ şertleri.
... Durmuş diýeniñ bir
Jadygöý bolar,
Özi saýlar namartlary, mertleri.

Şert köpmi?
Mert köpmi?
Zor bolsañ sana!
Ýazylmadyk kanun ýazylandan kän...
Hawa
Şeýleräk-dä bu pellehana:
Ýolda azaşýan kän.
Galan ýok ýetmän.

Şiraly NURMYRADOW.

Çeşme: kitapçy.com
5 лайков 130 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
30 апр 2022, 10:44
hip hop stillde okap gor goshgy
Hiayress
Автор 30 апр 2022, 11:21
DonMaxx,
Rep edip okaýsam diýýäňmi?! :)
DonMaxx
30 апр 2022, 11:27
basda okamda repmika diydim
My life
30 апр 2022, 19:41
Gowy yazylypdyr goshgy.