Bagşynyň ölümi

BAGŞYNYŇ ÖLÜMI

Gurt bagşynyň ýagty ýadygärligine

Onuň hat-petekdäki ady Öwez bolmaly, ýöne ömrüniň soňky ýigrimi ýylynda çyn adyny seýrek eşiderdi. Oňa aglaba bagşy diýip ýüzlenerdiler. Bu ilki-ilkiler amanat ýaly eşidelenem bolsa, soň öwrenişdi gitdi. Ýaş-ýeleňler-ä “bagşynyň” yzyna “aga” sözünem goşdular. Ýaş bir çene baranda il-gün aýtdyrman-diýdirmän gerekdir öýden sözlerini sepläberdiler.
Bagşy segsen ikinji ýylda, elli ýaşyndaka agyr derde ýolukdy. Derdiniň çökderdigini doktorlardan eşitmedi, tirýek duýdurdy. Sag mahaly gyzgyn simiň üstüne bir ýaplanyp turanda arassa şiräniň güýjüne alty-ýedi sagat gara dutaryň gapagynda tozan turzardy. Indi iki-üç sagat geçmänkä batga düşen pyýada kysmy süýrenip, göwnüne bolmasa, sesi dagam towy gaçan aýdym maşynyň sesine ogşardy. Şol pursat çaman atyň saýgylanşy mysaly özüni köteklärdi: “Buzuň üstünde ýörejek bolýan eşege döndüň, töwerek-daşyň lezzet aljakmy senden, goý dutary gapdala, sem bolup otyr”.
- Sesiň ýetmese bakyraýyp otyrmaly-da.
... Bagşynyň sözünden many çykaran adamlar ony gapdaldaky otaga äkidip jadyly tüsseden gark ederdiler.
... Işdäsizlik, ysgynsyzlyk bilen mydar edip ýören halyna bir ýerden gyzgyn tapyldy, ony syrkawhana saldylar. Barladylar. Agyry artyp çydamaz ýaly ýagdaýa ýetibersem, ukol edýärdiler. Halys neşä ram eden bedeniň damarlary ýumşap, beýnä ýakymly rahatlyk aralaşýardy. Öýde galan dutaryny küýseýärdi, “getiriň diýeýin-le şony, gözümiň alnynda dursun-la. Sen onda aglama dutarym, men munda” diýerdi.
Gije tukatlyk halys ýüregine düşdi, goňşy krowatda ýatan iki adam telewizor seretmäge gidip, sagat on birlerde geldiler, gelibem çaý içip, gören kinolarynyň gürrüňini etdiler. Ahyry-da bir milisioneriň ölüminiň üstünde ylalaşmadylar. Milisioneri öldüren adam babatda olaryň çaky çapraz düşdi, bir konýakdan jedel etdiler. Ertir agşam kinonyň dowamy kimiň mamladygyny görkezer diýşip, her kim ýakymly garaşma maýyl bolup, süýji uka gitdi. Kimiň utjagyna garamazdan, konýagy bile içmegi şertleşdiler.
- Bagşy aga, seňňem ýüz gram paýyň bar – diýdiler.
Bagşy telewizora öwrenşip bilmän ötjek, ýarym sagat ünsli garap oturyp bilenok, uky burup gabaklary ýumulýar. Telewizor bilen bagry badaşýanlar kileň agşam şamyny çagalary bilen iýip, öýünden örýän adamlar. Bagşy öz öýüne myhman bolup geçjek. Öýlän äkiderler, ertesi, gün doganda-da getirerler. Bir aý däl, bir ýyl däl, çydamyna berekella diýäýmeli! Keseden seredene şeýledir, bagşyny özüne welin öýleden soň öýünde oturmak derdiň ýamany. Äriniň awaralygyna aýaly görgülem öwrenişip gitdi. Düşegini goşadan ýazan gijesi az-azdyr. Hojalygyň keşigi gerdenine düşýär diýip zeýrenen ýeri ýok. Hudaýa şükür, ind-ä çagalar kömege, hemaýata etişdi. Ol hiç pille äriniň beren puluny sanamazdy, näçe diýibem soramazdy, ýöne öz sowan pulunyň sanyny oňa takyk aýdardy. Çagalaryň aladasy bilen bagly bolaýmasa, täk özüne degişli köňül islegini aýtmazdy. Bir gezek:
- Senem telewizora çykaýsana – diýdi. – Iliň içinde idelmän ýörenlere çenli aýdyp ýörler. – Äriniň sesini çykarman oturşyndan ýakymsyz many aňan bolsa gerek, aljyraňlyga düşdi. – Çagalaň göwün edensoň aýtýan men-ä...
Gaýdyp ol telewizorly gürrüňe dolanmady, ähtimal, näme sebäbe äriniň telewizoryň idemeýänine özi düşünendir. Neneňsi bolanda-da, bagşynyň oňa düşündirip oturmaga islegi ýokdy. Düşündireýin diýende-de takyk, çöp döwlen ýaly düşündirip biljek däldi. Umuman, telewizorly gürrüň bagşa ýakymsyzdy. Onuň çykyş etmegini isleg bildirip aýtýanlaryň sözüni diňlemegem ýakymsyzdy, bagşynyň mertebesiniň kemsidilýänligini duýdurmak üçin aýdylýan ýalydy.
Öten gije agyry heläk etdi, gyzgyny galdy. Syrkawhananyň içindäki ümsümlikden gorkdy. Adamlar onuň pajygaly ýagdaýyna düşünip, hemaýat edip bilmejeklerini aňyp, uky bahanasy bilen bilmezlige salyp ýatan bolsalar bilýärmiň. Bu ýerde ölüm adaty zada öwrülip gidipdir. Syrkawhana geleniň biri öler, beýlekisi sagalyp gider. Şeýle pikir ölüme bolan biperwaýlygy diňe wraçlaryň kalbyna salany bilen oňman, syrkawlara-da täsirini ýetirýän bolmaga çemeli. “Men ölsem bi krowada ertir başga bir syrkaw geler – diýip, bagşy boljak ahwalaty tekrarlady. – Gapdalymdaky ýatanlar oňa meň ölenimi aýdarlar, soňam telewizor görmäne giderler, gaýdyp men olaryň ýadyna-da düşmen. Hawa, jedele düşen konýagy ogryn içenlerinde-de ýatlamaklary ähtimaldyr.”
Beýle tukat pikirleriň soňy Magtymgulynyň sözlerine sepleşdi: “Hiç kimden haraý bolmaz, ajal ýakaňdan tutsa...” Ol bu sözleri ömür boýy aýdym edinip gelen-de bolsa, şahyryň ýowuz pikiriniň gös-göni özüne gezelip duranyny dert başyndan inende bildi. Magtymguly soňunam aýdyp gidipdir: “Ahyr boljagyň buldur, teniň ýer bilen ýatsa, yşyksyz, tüýnügi ýok garaňky jaýa geldiň”.
Agyry juda çydamaz ýaly derejä ýetende çaltrak azapdan dynyp, tüýnüksiz garaňky jaýa girenini kem görmezdi, bu dünýäni dowzah saýardy. Giň jahan daralyp syrkawhananyň bir otagyna sygdy duruberdi. Ýalňyz galdy, dert bilen bogşup ýatyr. Dert ony garaňky jaýa boýun etjek bolýardy, boýun bolan pursadym menden el çeker diýdi. Magtymgulynyň pähiminden gutulyp gitjek ýeriň barmy diý “Elli ýaşa ýeteňde garrylykda bolar sen...” Sen neşäniň keýpine göterilen çagyň ellini garrylykdyr öýdeňokdyň, ine, saňa dert duýdurdy ony! “Hassalar gutular, garry gutulmaz...” Garrylygyň döreden derdi seni heläk eder...
Tirýekli ukoldan soň agyry kiparlaýar, az salym kalbyňa rahatlyk aralaşýar, ýöne yşyksyz, tüýnügi ýok garaňky jaý göz öňüňden aýrylyp gidenok. Ol indi beýle bir gorkunjam däl. Dert meni ahyr boýun etjeg-ow!
Bäş günden soň ony Aşgabatdan çagyrylan professora görkezdiler. Garaýagyz, gözi ýiti professor gönümel ekeni.
- Operasiýa etmeli boljak – diýdi.
- Heý, pyçakdan gaýry alajy bolmajakmy?
- Agyry beterlär, çydamarsyň, öt haltaň daşdan doly. Aýryp taşlarys, öt haltasyzam ýaşap ýören bar. Başga-da arassalamaly, arçamaly ýerler bolaýmagy ähtimal, açanymyzda görüberis ony.
Bagşy dogan-garyndaşa, dost-ýara sala salaýyn diýip bir gijelik öýe rugsat sorady, jogap berdiler. Ony inisi alyp gaýtdy.
“Žiguli” maşynyň yzky oturgyjynda ýeke özüni oturtdylar, her böwrüne ýelek ýassyk berdiler.
- Wada berilen UAZ-i alandyrys, uzak eglemän berdiler, hernä. Täze maşyny münüp gaýtmagam göwnüme gelmän durmady özi, siltäp zat etse ýaraman durmasyn diýdik-dä. Hany, dertleň dep bolsun, çöle gideris, çölüň maşyny ol. Maşyny, wezipäň-ä gysganmady bular, ýüki gerdenimizde çekebilsek... raýonyň mal ugry meň boýnuma... El-de-aýak oglanam tapdym, şopur, çişlig-ä ganymat bişirýän ekeni, azak-tenek dutaram çalan bolaýmasy bar özi.
Bagşy inisiniň höwesine gyzykmady.
- Ýaňky dogtaryň gözüne siňe seretdiňmi? – diýdi. Çakgyň çüýi bolar-a, burawlap barýandyr. Gözi ýiti adamlaryň jadysy bar ýaly, der basyberdi. Adam pahyryň iç goşuny joýadan enaýy görenok-la ol, arçabereris diýýä.
- Başarýandyr – diýýändir. Sen bir ýagly-ýüzli iýip gägirip ýören adam däl-ä, agam, saňa şo harap bolan öthaltaň derkary ýok.
- Gyssamaweriň meni...
Inisi paýispolkomda işleýän-de bolsa, onuň takyk haýsy wezipäni ýöretýändiginden bihabardy. Gep-sözünden çen tutsaň, kalby kanagat tapan bolmaga çemeli. Turuwbaşdan wezipesiniň beýgelendigini habar bermeginiň-de öz sebäbi bar, bagşy oňa bada-bat düşündi.
- Ýagly-ýüzli normadan artyk bolan ýagdaýynda, aşgazan goşmaça öt talap edýär – diýip, inisi asfalt ýolda “Žiguli” sürmegiň keýpine maýyl bolan şekilde gürledi. – Goşmaça paý öt haltada taýyn dur, biziň howada zapas suw saklaýşymyz ýaly diýjekmi, täsin emel. Agzyna esewan bolup, berhiz saklap ýören adama goşmaça ödüň zerurlygam ýok, gözi ýiti doktoryň aýtjak bolýany şol.
Inisiniň bu ýagdaýlardan az-owlak başynyň çykýan bolmagam ähtimal. Institutda oba hojalyk ugrundan bäş ýyl okady, gutaryp gelenden soňam kolhozda zootehnik bolup işlemeli diýdi.
Bäş ýyl okanam bolsa, şu zootehnik diýilýän käriň nämedigini inisiniň özi bir çürt-kesik aýdyp bilermikä? Mal doktor diýilse, düşünse bolar, agronomam düşnükli. Bagşy inisiniň kärini öňde-soňda takyk göz öňüne getirip bilmedi, garaz, mal doktor bilen agronomyň aralygyndaky duran düşünmesi kyn bir zat bolmaga çemeli. Mal doktor bilen permaň wezipesindäki adam sazlaşykly işlände zootehnik diýilýän wezipäni ýatyraýaňda-da bolman durmajak ýaly özi. Öt haltasyz ýaşap bolýan bolsa, edil şu ýerde zootehnigem öt halta meňzäp dur. Asyl inisi uzak işlemänkä iny kolhozyň kontorynda kabineti bar diýdiler. Mal doktorlar çölde enteşip ýörler, öýlerine myhman. Käri juda zerur bolan ýagdaýynda inisiniň kontorda oturmaga eli ýetmezdi. Iki ýyllykda ony raýona işe alypdylar.
Inisi:
- Derdiňden saplan bakaly, senlik meseläni çözüp goýdum – diýdi. – Senem ýok diýmersiň. Raýonda allanäme saz mekdebi bar, özüňe ýörite klas açyp berjek, gapyň ýüzünde-de adyňy ýazaralar, çagalara dutar öwredersiň. Özüň saýlap-seçip al, çagasyny getirjek köpdür. Pylanyň şägirdi diýseler, uly hormat Gabyňa eýer-de, işle-de ýör, telewizora-da çagyrarlar, ile berilýän ady hökümet saňa-da berer.
Bagşy dymyp oturyşyna inisiniň niýetini özüçe ýordy. Aýagymy duşaklajak bolýar. Gazygynyň daşynda pyrlanýan ganatly bedewi synlamadyk borly, çarbagyndan hijran düşüp, kapasa salnan bilbiliň nalyşyny eşitmedik bolarly. Her bendesine hakyň niýetlän ýoly bardyr, inim, her kim özüne buýrulan ýol bilen gitse ýagşy. Hökümetiň agzasy bolsaň-da, agaň ykbalyna belli-külli dalaş etmäweri, bi maňa hudaýyň beren derdinden agyr deger”.
Inisi bilen professoryň bir çukura tüýküren bolmaklary ähtimal. Ol ömrüni bu iki adamdan gabandy. Harap bolan öt halta bilen birlikde ýüregindäki erkinlik damarynam kesip taşlarlar öýtdi.
Bagşy üstünden ýyl geçmedik gürrüňi ýatlady. Goňşy raýonyň atly kolhozlarynyň baş bugalteriniň öýünde uzakly gije aýdym-dessan aýdyp, halys surnugyp, gün doganda dolanyp gelse, öňünde inisi gaşyny çytyp otyr. Ony görenden bagşynyň myrryhy atlandy, uky ýatdan çykdy. Inisiniň näme sebäbe gaşyny çytyp oturany bellidi, dogrusy, oňa haýpy geldi.
Inisi düşnükli zady agasyna gaýtadan düşündirip oturmady, akyl etdi, soňky sözüni aýtdy.
- Agam, şu ýagdaýyň boljak bolsa, maňa ýolam ýok, abraýam.
- Saňa ýol bermejek bolýan adamlar dile düşünýändirler-ä, aýdaňda bolanokmy? Ikimizi dünýä indiren ene-ata bir bolanda-da, bi günki gün rysgalymyz aýry, ojagymyz aýry. Meň mysalyma seni günäkärlejek bolmak hökümetiň ýoluna dogry gelýämi beri? Çekinýän bolsaň, bäri çagyr, şolara özüm aýdaýyn!
- Meniň yzyma düşüp gelmez olar.
Şu gürrüňden bir aý geçip-geçmän bagşyny şähere çagyrdylar. Onuň barmaly adresi filarmoniýanyň jaýy bolup çykdy. “Bäh, bi neneňsi ahwalat?” diýip, daş bosagada ýaýdandy durdy. Bu edarada bagşylaryňam aýlyga durup işleýäninden habarlydy, ýöne onuň çakyna görä, olar ýa-ha il arasynda idegi azalan, o bolmasa-da, hökümetden at hantama bolup gelen adamlar bolmaly. At alsaň pensiýaňa peýdasy degýär diýerdiler. Bagşylaryň toparyna goşul diýilse näme diýmeli? Topara goşulmajagyny bilýärdi, ýöne şony nähili edip çagyran adamlara düşündirip bolar?
Ol uzyn ýeke gat jaýa ýaýdanmaç girdi, direktoryň gapysynda oturan gyza kimdigini aýtdy. Süňňi ýeňil gyz ony çola zalyň ugry bilen alyp gitdi, düýpdäki otagyň gapysyny açyp berdi, özi girmedi, yzyna dolandy.
Bagşy bosagadan ätläp salam berdi. Ýazzy maňlaýyndaky stolyň aňyrsynda oturan adam tutugrak ses bilen:
- Geliň, ýaşuly – diýip, görşeýin diýip gozganjak bolmady, üm bilen stoluň golaý duran oturgyjy görkezdi, soňra ünsüni öňündäki kagyzlara sowdy, galyň kitabyň gatlaryny açyşdyrdy, garaz, bagşynyň demini dürsäre maý berýän şekilde özüne güýmenje agtardy.
Bagşy nätanyş ýüzi synlan dessine: alçak adam-a bolmaly dälsiň sen diýdi. Bu ýigidiň juda reje berlip daralan saçy diýjekmi, egnine ýelmeşip duran gara kostýumy, ak köýnegi, ýaldyrawuk galstugy, garaz, tutuş üst başy tämizligi bilen ýylmanak ýüzüne kybapdaşdy.
Ýüzüniň aýgymy dagam ölçelip ýasalan ýaly tes-tegelek. Bagşy gelmezinden öňünçä aýnanyň öňünden aýrylana meňzeýärdi. Häzirem sähel gymmyldasa terzi bozuljak ýaly. Dodaklary büzülip duransoň, agzy hasam kiçijek görünýär.
Nätanyş kagyzdan ýüzüni galdyrman sowal berdi.
- Ýaşuly, näme pişe edýäňiz?
- Gara dutardan gaýry pişäm bar diýsem ýüzüm garadyr, ýigit – diýdi. – Biz ony ýeňjek bolýas, olam per bererli däl. Hernä, bizden öň dalaş gurup öten bendeleriň ýoly galypdyr.
Bagşynyň badyhowa äheňi ýigide ýaramady öýtýän, höwessiz ýylgyryp, salymly dymdy, soňam sowuklaç nazaryny garşydaşynyň ýüzünden aýyrman mesaýy gürledi.
- Her jemgyýetiň öz mazmunyna laýyk gelýän kanuny bar, ýaşuly. Biziň sowet jemgyýetimiziň kanunyna salgylanyp aýtsak, her bir sowet adamy jemgyýete peýdaly zähmet bilen gün görmeli. Zähmetiň görnüşleri babatda-da kada-kanun bar. Gara dutar siziň güzeran ýagdaýyňyzy üpjün etýär diýeli, ýöne meseläň has möhüm tarapyny ýatdan çykarmaga hakymyz ýok: siziň jemgyýete getirýän peýdaňyz näme? Eger siz filarmoniýada solist hökmünde işleýän bolsaňyz, onda gep başga. Gara dutary gazanç çeşmesine öwürmäge kanun size esas berýärmi? Hany siziň tutarygyňyz? Şo bolmasa sizi mugthorlukda aýyplan tapylar.
Bagşyny der basdy.
- Ýagşy ýigit, size kim diýerler?
- Meniň kimdigimi bilmek hökmanam däl, häzir gürrüň siziň kimdigiňiz barada barýar, ýaşuly. Meseläniň ideologiýa tarapyna üns bermeli. – Ol gapdal kisesinden iki sany magnitofon lentasyny çykaryp öňünde goýdy. – Siziň ýazgyňyz şular. Siziň il arasynda ýaýradan dessanlaryňyzyň ondan biri. Şu-da “Muhammet Hanapiýa” dessanynyň ýazgysy. Siz ony “Alynyň ogly” diýip arşa göterýäňiz. Siz taryhdan bihabar. Alynyň Hanapiýa diýen ogly bolmandyr, umuman, şunuň ýaly adamyň bolany belli däl.
- Köne Maryda ýatan mazara näme diýjek?
- Ýeriň ýüzünde mazar gytmy, haýsy bir aýdylan zada ynanjak ýörjek? – Ýigit gapdalynda ýatan galyň kitaba ýapyşdy. – Şu kitapda hakyky taryh ýazylan. Rusça düşünýäňizmi?
- Orusçaň gürrüňini edýän, ýigit, uzagyndan türkmençä-de düşünerin öýdemok, dürüşdä dönderdiňiz-ä bi dili.
Ýigit ajy ýaňzytma bilen:
- Size arapça gerekdir – diýip, biraz gaharly äheňde dowam etdi. – Körlügiňem çaky ýagşy. Il arasyndaky gürrüňlere ynanjak bolsaň, Aly diýen adam sekiz ýerde ölüp, sekiz ýerde jaýlanypdyr. – Ýene galyň kitaby göterdi. – Aly diýen adamyň taryhda bolandygy şu kitapda-da ýazylýa. Türkmençeläp aýtsak, Aly dört çaryýaryň biri bolan, dogry gerek? Hakykat diňe arapça ýazylandyr öýdüp ýörmäň. Özi-de Muhammet pygamberiň giýewsi bolan adam. Hakyky adyny tutjak bolsaň, Aly ibn Aby Talyp diýmeli, türkmençä geçireniňde Aby Talybyň ogly Aly diýdigiň bolýa. Ýalňyş aýtýan bolsam düzedip otyr, ýaşuly. Aly Nejepdäki gabrynda ýatyr, galan mazarlar ýalan, toslama. Siziň bu aýdyp ýören dessanlaryňyzam toslama, Alyny arşa götermek üçin tapylan toslama. Hakykatda, Aly göreşem tutmandyr, pälwanam ýykmandyr, pes boýly, garynlak adam bolan. Şolmy müň pälwany ýykjak? Neşäň humaryna agza gelen zady aýdýaňyz, il arasynda düşünjesi çäkli adamlar tapylýa, magnitofona ýazyp ýaýradyp ýörler. Her kassetany on manada satyp, peýda görüp ýörenler bar. Aslynda, Aly diýilýän adamyň kimdigini aýdaýynmy, ýaşuly?
- Aýdyber, inim, Görogly begiň piri bolupdyr diýmejegiňä bilýän.
- Görogly toslama, pylan mahal, pylan ýerde ýaşap geçipdir diýip ýazgy ýok.
- Inim, sen türkmeniň bardygyna bir ynanýarmyň?
- Ýaşuly... ýaşuly, agzyňyzdan çykýan sözi seljeribräk aýdyň, mende-de göwün bar, göwne degişmäli. Durmuşyň akymyna görä ýaşaber, halkyň düşünjesini bulaşdyrmaga hiç kese ýol berilmejegi hak. Aly kysmy basypalyjylary arşa göterip, kimiň bähbidine çapýaňyz diýip sorasalar... Soralany bilen oňmazlar jogap talap ederler. Siziň ýagdaýyňyza men düşünýän, sizi kimiň diňleýänine çenli belet. Garamaýaga ýetdirýän bagşy däl siz. Sizi çagyrýanlar kileň haram pula öwrenen adamlar, bir manat peýdasy bolan ýerinde hakyň ýüzüne tüýkürjek adamlar, siz ynsap diýýäňiz, olar pul diýýä. Ikarada karam söwda gidýä, size düşýäni neşäň keýpi.
Bagşy çydamady.
- Inim, serhetden geçmäweri – diýip, gygyrdy. – Kellesine depip gyzdyrylan Görogly barmy diý, sabyr-takat ölçeglidir.
Otaga düşen ümsümlik soňra bütin jaýyň süňňüne ýaýrady. Golaýda aýak sesi eşidilmedi, daş-töwerek asuda, şäher ýerine meňzänok.
Bagşy nätanyşy ýeser gördi, haýbat-syýasat bilen gorkuzmajagyny aňan dessine okuny üýtgetdi, bagşynyň kalbyndan derde öwrülen kemsitmeden çüýledi.
- Bolsa-da, ýigit, şun-a aňan ekeniň – diýdi. – Aýdym hyrydaryna duşmadyk halatynda bagşy gara dutary bagryna basyp uýalap oturandyr, ýüregiň ýarylaýmaly! Neşäň keýpi göterýär ýene, ýogsam bolmasa, çydap boljakmy oňa. Töweregi unudýaň, ýum gözüňi, kim otyr, kim diňleýä, işiň bolmasyn. Öz sazyňy diňle, gulagyň başga zat eşitmesin, özüň aýt, özüň lezzet al.
- Bulary nätjek? – Ýigit kassetalary somlady – Bulary il arasynda ýaýradyp ýörler.
- Isleg bardyr – ýaýraýandyr.
- Ýaşuly, siz düşünjek däl-ow...
Bagşy başyny ýaýkap:
Inim sen ir zamanda döremeli ekeniň – diýdi. – Zehin siňdirip, sünnäläp, şo dessanlary ýazyp giden bendeler, eýsem-de bolsa, sen sözüňe pitiwa kylyp, ähtimal, pällerinden gaýdardyrlar.
- Dogry pikiri kese çekme, ýaşuly, siz jemgyýetiň ösüş kanunyndan bihabar. Men şu gün döräp, şu gün göreşýänmi, diýmek, şoňa kanuny zerurlyk diýip düşünmeli.
- Ata-babalardan galan negözel zatlar zerurýete dahylsyz bolýa-da onda? Seň ýaşaýan dünýäňde bizem-ä ýaşap ýörüs, inim, bikanun döräpdiris-dä çaky?...
Inisi “olar meň yzyma düşüp gelmez” diýipdi, kimi göz öňüne tutup aýdany indi bagşa aýan. Ol bu ýigitden gorkmady, ýöne jedel edip özüni mamla görkezmäge-de höwesi ýokdy, ýogsa aýtmaga-diýmäge tutarygy bardy. Aýtsa-da türkmeniň dilinde dörän dessanlary aýdýar. Olary bir aýakdan sürer ýaly däl hil-hil. Bu ýigit näme sebäbe zehini-paýhasy daş kesýän Miralyny agzanok, aç-galaja hemaýat eden Hatamtaýy agzanok, Magtymgulyny agzamaşyny diý! Il-gün Magtymgula teşne göwünler onuň kyýamatyndan ganyp bilenok!
Uzak mahal geçmänkä bagşynyň adyny gazete düşürdiler. Dini toslamalar aýdyp, zähmetkeş halkyň aňyny bulaşdyrýar, kyýamaty wasp edip, adamlary terkidünýälige çagyrýar diýip göni ýazypdyrlar.
Aýaly zarlady.
- Seni çagalaryňdan aýyrsalar, men neneň edip ýaşaryn? – diýdi. – Bolmasa, köşeşýänçäler öýden çykma-da. Biz seni zada zar etmäli.
Inisiniň pikiri başgady: neşeden ara açmasa agam öýde oturmaz diýdi.
Edil şol günler bagşyny goňşy oblastyň daş raýonlaryndan idäp geldiler. Irden ugran ýeňil maşyn dört sagat ýöräp dag etegindäki çola çeşmede togtady. Jülgäniň gädinginden aňryk oba başlanýar diýdiler, ýöne çeşmäniň başynda eýwanly ýeke tam dur. Töweregi at gaýtarym bag-bakja. Mizan döwri bolany üçin agaçlaryň ýapragy saralyp ugrapdyr, güýzlik käşir, kelem parç bolup otyr. Tut agajynyň aşagynda iki adam goýun soýýardy.
Bagşyny getiren maşyn ony ýüz-gözi oýnap duran çakgan ýigide gowşuryp, bada-bat gitdi.
Ýumşak dag howasy, imisalalyk, dury çeşme suwy bagşynyň biynjalyk dünýäsine rahatlyk aralaşdyrdy. Ömrüniň galan bölegini şu çeşmäniň başynda ötürmegi arzuw etdi. Adam pahyryňky hemişe başarmajak zadyny arzuwlap ýörmek diýip, salym geçirmän niýetini ýaňsa aldy: bi çolalyga çydajak senmi, iki gün geçip-geçmän it bolup uwlarsyň.
Haly düşek ýazylyp, per ýassyk oklanan giň otagyň içinde agynyp ýeke özi dem-dynç aldy, çaý-nahardan, neşeden kemi galmady. Gün ýaşanda saçagy giňeltdiler. Az salymdan çakgan ýigit kürsäp içeri girdi.
- Ýaşulylar gelýä! – diýip gygyrdy. – Siz oturyň, siz çykmaň, özüm... düzüberiň dutary, bagşy aga, häzir getirýän, häzir...
Gelenler iki adam ekeni. Biri ýogyn, beýlekisi agajet, ikisem birmeňzeş sypal şlýapaly. Eginlerinde iňňeden çykma eşik ýok, agajet çal kitelli. Ekiniň üstünden gelýän bolsalar gerek. Ýoguny ýaşdy, galjaňdy. Ol raýonyň hojaýyny bolmaga çemeli. Ol agajeti töre geçirýänçä başga üns bermedi. Bagşy agajeti tanady, telewizorda göreni ýadynda, oblastyň hojaýyny bolmaly. Onuň ýüzünde argynlyk alamatyny duýmady, ýöne gözlerinde syrkaw adamlara mahsus gussany saýgardy. Gepi-sözi saýhallydy, ynamlydy. Bu ynam wezipäniň emrinden döräp, indem onuň häsiýetine öwrülen bolmagy ähtimal.
- Oglanlykda gulagyňda galan zat ömürlik galýan ekeni – diýdi. – Daýym dutar çalardy, çepbekeý çalardy. Sazanda baryny diňläp ýörüs, aglaba ýatdan çykýa gidýä, daýymyň çalşy, sazynyň owazy ýadymdan çykanok. Frontda galmadyk bolsa, ähtimal, menem öwrenerdim.
Bagşynyň-da daýy ugry aýdym-sazyň janköýeridi. On-on iki ýaşly oglanka gezmäge gidende dutaryny alyp giderdi, daýylary onuň sazyny, aýdymyny höwes bilen diňlärdiler. Kakasynyň okap berýän kitaplaryndan setirme-setir ýat tutýan ýegenleriniň zehinine, ýatkeşligine haýran galardylar, daş-töwerekden, ýat adamlardan gabanardylar, ýaman gözliniň garaýşyndan howatyr ederdiler. Mamasy tahýasynyň depesine doga dakardy.
Saçagyň üstüni naz-nygmatdan doldurdylar. Kiçi hojaýyn bulgurlara arak guýdy.
- Bagşy, ýaşulymyz gürrüňi sazdan başlady, menem bir pikir aýdaýyn, saňa-da ýaraman durmaz şol pikir – diýip, bulguryny galdyrdy, nutuk sözleýändigini duýdurdy. – Bagşy-sazanda-da gerekdir weli, şu sazyň gadryny bilýän, süýjüsini duýup diňläbilýänem gerekdir. Biziň ýaşuly sazy diňläbilýä. Ýaşuly, rugsat bolsa, bagşy bilen şu badany siziň saglygyňyza göterjek.
Uly hojaýyn gabagyny galdyrmady, görer göze ýüzünden hiç hili alamat bolmady. Kiçi hojaýyn alamat bolaryna garaşman bulgury başyna çekdi. Agzyna zat atmanka:
- Bagşy, rugsatdyr – diýdi. – Çekinme-de kyýamata tutuber, kyýamatdan bärkisini radiodan diňläris.
Bagşy Magtymgulydan tutdy. Ýaşulynyň saza neneňsi sarpa goýýanyny häzir göräýmeli bolar. Höwese, umydy artdy. Uzak ýoldan alnyp gelnenligi tötänden däl ekeni. Şeýdip, hojaýynlaryň arasynda aýdym-saz teşnesi tapylyp dursun, bagşy-sazanda-da amat, il-güne-de amat. Saza düşünip, saza sarpa goýýan hojaýyny bolan iliň bagşysyna-da sarpa goýlar. Oglanka daýysynyň sazy gulagynda galan bolsa, daýysy ýaş-ýeleňleriň gulagynda galaýjak heňlerinden tutandyr. Bagşynyň häzirki heňi başga bolar. Bu heň hojaýynyň ýaşyna kybap. Bu adam altmyşa ser urup ýörendir. Her paslyň öz gulagy bolýandyr. Magtymgulynyň kyýamaty soňky paslyň sözi. Haýyr bilen şeriň, haýyr bilen sahawatyň parhy soňky pasylda ymykly seljerilýändir. “Magtymguly diýer iller özüm-de, ömür ýadymdadyr, gorky gözümde, her näçe ýaşasaň ýeriň ýüzünde, adam ogly bäş gün düze myhmandyr.”
Bagşy bu gije özi üçin aýtmaly däldigini düşündi, bu gije ony diňe iki adam diňlär, has dogrusy, bir adam, gapdalynda oturan agajet hojaýyn diňlär. Kiçi hojaýyn intäk ýaş, üstesine-de onuň özüne ýetik aladasy bar: bagşy belent mertebeli myhmanyň göwnünden turup bilse, oňa bu hyzmatynyň ähmiýeti juda belent, zerur. Bagşy bu manyny onuň garaýşyndan aňýar. Şu isleg kalbyny eýeläp durka, kiçi hojaýyn söz manysyny boýlap bilmez.
Bagşy sahylykdan, jomartlykdan söz urup başlady, öňi oýun soňy puç dünýäde iýip-içeniň, döküp-saçanyň galar. Ýygnan malyny Karun taşlap gitmedimi! Bu dünýä diýeniň galmagaldyr, amanatdyr, sansyz hatar ahy-zarlaryň alnynda duranlygyny unutma. Bu dünýäniň adylsyzlygyna gara: “Mertler gezer boldy namarda bagly, şirleriň tilkiden ýüregi dagly”. “Binamys beg boldy, asylly azdy, Azazyl dünýäniň syratyn bozdy, tüpbozan köpeldi, ýurt-bina tozdy, dogan, dost bir-birin utup baradyr”. Haýyr işi jäht tut. Ejize ganymlyk namardyň işidir, il-güne sahawatly häkimiň ol dünýäde jaýy Jennetdir. Dünýä gelenleriň gitmelidigini ýatla. Beg bol, geda bol, gitmeli, başga alaç ýok. Bir ak, bir gara ýylan – ajal her kimsäniň başyndadygyny ýatla. Zamana bulaşdy, goh-galmagaldan dünýäniň gasygy doly, halaýyga ahyrýet görünýär. Magtymguly gulak as: “Bir gün ol günbatardan belli meşhur han dörär, ýüzi mahy-tabandyr, bilekleri gan dörär.”
Uly hojaýyn ynam bilen:
- Şo han döredi – diýdi. – Reýgan şo-da.
Kiçi hojaýyn bu pikire gyzykberdi.
- Bä-ä, dogry, dogry! Bagşy, gaýtala ýaňky ýerini. – Bagşy badyny gaçyrman gaýtalady. – Ed-dil Reýganyň özi. Bileginden gan damýa. Biz berk durmasak ol adam dünýä ot berer.
Usul bilen gapy açyldy. Çakgan ýigit çala ýüzüni görkezip, kiçi hojaýynyň özüne gararyna garaşdy, yşarat etdi. Kiçi hojaýyn daş çykdy, salym bermänem dolandy, alyp gelen bir tagta ak kagyzyny uly hojaýyna tutdyrdy. Kagyzyň getirilmegine öňden garaşyp oturylan bolmaga çemeli, uly hojaýyn bada-bat oňa ähli ünsüni jemledi. Kiçi hojaýyn sarsman onuň pikirine garaşdy.
- Ýalýagylar... ýygnalan pagtany mahalynda tabşyrmagy başaranoklar... raýkoma baraly, hany, tur!
Olar bagşyny unutdylar. Maşyna münjek bolup durkalar ýatlaryna düşendir-dä, kiçi hojaýyn gyssanmaç dolanyp geldi, höwessiz ýylgyryp:
- Gör-ä, pagtaň derdinden arkaýyn iýgi-içgem ýok – diýdi. – Nesip etse, ýene bir öwrümde... siz iýiň-içiň, dynç alyň. Häk, ýaşula diňledäýjekdik weli, oblastyň ösüşi iki prosente ýetmändir-dä... Pylanylar bilen oturdyk diýip gürrüňem edip ýörmäň, ýaşulyňam haýyşy şol.
Giň otagda ýeke galan bagşy dutaryny gapdala goýdy, başyny ýaýkady, pagta kyýamatdan zor çykdy diýdi. Kalbynda kemsinmeden dörän agyrlyk çola jaýyň tukatlygyny artdyrdy. Ýeke derdinişmek üçin köne syrdaşynyň, dutarynyň ýanyndadygyna şükür etdi. Gijäniň agramyny saz çalyp geçirdi, özi çaldy, özi diňledi.
On gün geçip-geçmänem saraltma ýolugypdy, derdiniň başy şol boldy. Onuň ýaşyndaky adama bu keseliň husury, howpy ýeterligem bolsa, ilkibaşda ýüregine ýeňillik aralaşdy: ind-ä mendenem, inimdenem el çekseler gerek diýipdi.
Ilki gezek syrkawhanada bir aý saklapdylar, öýe geleni bilenem hemişekiligini tapmady, ýene dolanmaly boldy. Ynha, indem operasiýa rugsat soraýarlar.
Ol operasiýadan soňky durmuşyny göz öňüne getirjek boldy, kyn düşdi. Adama bir ömür berilýär, iki ömri ýaşamak hiç kime býaşartmandyr diýdi. Inisiniň salgy beren ýoly başga bir ömürdi. Eger inisi saz bilen ykbalyny baglan bolsady, agasyna niýetleýän ýoly bilen özi giderdi. Ol diňe öz isleýän tutumyna ynanýar, öz ynanjyna beýlekilerem boýun synmalydyr öýdýär. Ähtimal wezipeparazlaryň ýoly şeýle bolmalydyr? Bu pikirlere ulaşdyksaýy bagşynyň ýaşaýyş biperwaýlygy artdy.
Ol syrkawhana dolanmaga kes-kelläm göwnemedi, öýde galdy. Inisi oňa düşünmedi. Ölümi meýletinlik bilen boýun almaga bu adamy näme mejbur edýärkä diýen manyda agasyna seredýärdi. Bagşynyň oňa düşündiriş okamana höwesi ýokdy, mejalsyzdy.
Agyry gün-günden beterledi, soňabaka ony tirýekli ukolyň güýji bilen sakladylar. Öýde ýatanyna otuz iki gün diýlende, çagalarynyň arasynda ölýändigine şükür edip jan berdi.

1986-njy ýyl.

Tirkiş JUMAGELDIÝEW.

Çeşme: kitapçy.com
2 лайков 83 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
03 май 2022, 23:47
Bu ''Türkmene ýaran ogul'' makalaň dowamy bolup gidýän däldirlaý?
Hiayress
Автор 03 май 2022, 23:59
Jeksparro,
Ýok, bu aýratyn hekaýa. Hekaýanyň özi Tirkiş Jumageldiýewiň "Ýanan gelinler" kitabyndan.