Durmuş ylmynyň grammatikasyndan...

Ynam + yhlas + arzuw = Maksat
Durmuşda maksatsyz adam ýok bolsa gerek. Çünki adamzadyň ösüş ýoly şol öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin edilen yhlas bilen dowam edýär. Bir söz bilen aýdanyňda, maksat kämillik dagynyň basgançagydyr. Basgançak köp boldugyça durmuş seni has belende göterýär. Islendik maksady öňünde goýan adamyň ýüreginde bolsa gün-günden möwç alýan arzuwy ýaşaýar. Eýsem, älem taryhynyň altyn sahypalarynda öçmejek atlaryny ebedi galdyran beýik şahsyýetlerde arzuw bolan däldir öýdýäňizmi?!
Onuň esasy maksady ulus-ile pena bolup, tuguny belentde parlatjak döwlet gurmakdy. Birbada bu maksady amal etmek mümkin däl ýaly bolup görünse-de, ol ruhdan düşmedi. Öz iline buýsanç nazaryny aýlap, “Bu 400 türkmen öýlüden bir döwlet dünýä iner” diýdi. Şeýle döwlet döredimi? Hawa. Bu sözler soňlugy bilen Osman döwleti ady astynda dünýäniñ üçden birine 600 ýyldan gowrak wagtlap höküm eden türkmen döwletini esaslandyryjy Ärtogrul Gazynyň sözlän sözüdi. Milletiň gursagynda ebedi ýaşaýan bu altyn sözleriň zybana gelmegine näme sebäp boldu-ka? Elbetde, ganatly arzuw bilen sarsmaz ynam...
“Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz” diýlişi ýaly, arzuwy bolmadyk adamda maksada okgunlylyk hem bolmaýar. Emma ähli pikirleriň döremegine, olaryň synag eleginde elenip, ir-u-giç netije bermegine itergi berýän güýç näme? Ynam.
Şu ýerde bir kitabyň ykbalyny ýatlap geçesim gelýär. Kitaby ýazýan pursady onuň ýazary zyndanda ýatyrdy. Ýol ýatlamalaryndan ybarat bolan ýazgylaryň kagyza geçirilmegi hemmeler üçin akmaklyk bolup görünse-de, awtor öz kitabynyň çap edilip, halk tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna berk ynanýardy. Ýyllar geçýär, eser welin çap edilmeýär. Golýazma saralan kagyzlaryň gatynda asyrlar boýy idegsiz galýar. Göräýmage keç ykbally kitabyň ömür tanapy müdimilik üzülen ýaly. Emma soň näme boldy? Golýazma belli alym Hristofor Kolumbyň Amerika yklymyny açmagyna sebäp bolup, 800 ýyldan soňra çap edildi. Bu kitap häzirki wagtda-da dünýä taryhynda öz ähmiýetini ýitirmän gelýän Wenesiýaly syýahatçy Marko Polonyň “Dünýäniň köpdürliligi hakynda kitabydyr”.
Diýmek, ýetilmeli maksadyň gözbaşy ynamdan başlanýar. “Men kime ynanmaly?” Bu sowalyň sada jogaby bar: özüňe we ýene bir gezek özüňe.
Durmuşda hiç haçan başga birine bil baglap, üstünlige ýetip bolmaýar. Bardy-geldi şeýle ýol bilen ýeňiş gazansaňam, ol üstünlik däl-de bu gün seni, erte bolsa başga birini saýlajak şowlulykdyr.
Üns ber — üstünlik hiç wagt sowgat berilmeýär! Üstünlik gazanylýar. Ony göreşip, zähmet çekip gazanmaly.
Öňlerinde 700 atly mongollaryň bardygyndan habarly bolsa-da, Jelaleddin özüniň 300 ýüz atlysy bilen olara hüjüm etmek isledi. Töweregindäki nökerler oňa bu niýetinden el çekmegi maslahat berseler-de, Jelaleddin atylan ok ýaly gelen netijesinden bir ädim hem yza tesmedi. Ol özüne ynandy. Ata-babalarynyň dowamy bolan gaýratly ýigitlerine ynandy. Watan üçin gynyna girmedik syrma gylyçlaryň türkmeniň golunda duşmandan asgyn gelmejekdigine ynandy. Şol ynam bilen hem Nusaýyň eteginde ganymyň üstüne ýyldyrym ýaly süýndi-de, esseden gowrak mongol atlylaryny gyrgyna berip ýeňiş gazandy. Emma Tumar şanyň perzendini ýesir alyp, onuň ruhy çökgünligine bil baglan Kir II ykbaly nähili boldy? “Watanymy öz ogluma çalyşman” diýip söweşe giren parasatly Tumar şa 200 müň leşgeri ar gylyjy bilen çapyp, onuň doýmaz-dolmaz gözlerini gan bilen suwa ýakdy.
Ynam barada söz açylanda çagalyk döwrümde gulagymda galan bir rowaýaty hem ýatlap geçesim gelýär. Birnäçe esse artyk garşydaşyny ýeňjegine doly ynanan Keýmir serdar ruhdan düşen goşunyna kümüş teňňesini görkezip, eger teňňe howada gaýyp, bürgüt şekilli ýüzüne düşse, ýeňiş gazanjakdyklaryny, gurt şekilli tarapyna düşse-de duşman deminiň rüstem geljekdigini aýdýar-da ony ýokaryk oklaýar. Serdaryň elinden zyňylan teňňe aýlanyp-aýlanyp, ýere düşýär. Görseler, teňňedäki bürgüdiň şekili Gün şöhlesine ýalpyldap dur. Ykbal bijesiniň şowlamagyndan gylaw alan ýigitler egri gylyçlaryny ýeser oýnadyp, duşman ordasyny derbi-dagyn edýärler. Hany indi pikirlen! San taýdan deň bolmadyk söweşde türkmenleriň ýeňiş gazanmagynyň esasy sebäpkäri kümüş teňňemi ýa Keýmir serdaryň ynamy? Elbetde serdaryň ynamy. Sebäbi Asmana sary oklanan şol teňňäniň iki ýüzünde-de bürgüdiň şekili bardy.
Hawa, hormatly okyjym! Durmuşyň esasy sütüni ynamdyr. Diňe ynam bar ýerinde maksada ýetilýär. Ynamsyz maksat suwsuz derýa ýalydyr. Sen hem öz öňüňde goýan maksadyňa ýetmäge howluk. Oňa tarap ätjek ädimiňi hut şu pursatdan başla. Ýöne başlamazyňdan ozal bir sowala jogap ber: “A sen özüňe ynanýaňmy?”

Maksat SEÝITLIÝEW.
2 лайков 99 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
NEMOO
03 май 2022, 21:54
Dinara senem gormek bar ekanai yada basga nikden giryanmi