Kim sen?
Kim sen?Jan alyjy bakyşlar bilen,
Göz öňümde syrly gülüp näz eden.
Bolsa-da seň şol ýylgyrşyň jahanda,
Ýaşamaga umyt berdi täzeden.
Seni gözläp nämeleri ýitirdim,
Seni gözläp,gör,nämeler tapdym men.
Gözleriňi yşk deňizi saýdymda,
Oňa tarap derýa bolup akdym men.
Ýogsa,seni gözläp geçipdim,ynan,
Bu baky barlygyň gara gyşyndan.
Sendäki bar zady tapyp bilmedim,
Özge gyzlaň syrly garaýyşyndan.
Kim sen?Bakyşlaryn zyýat gördügim,
Peridenmi,peýkerdenmi ýa aslyň?!
Ýazyp,pozup,ýene ýazyp elewräp,
Hiç gutaryp bilmedim-le seň waspyň.
Ýa sen ykballara gizlän ýodamyň,
Bulutlaryň aňyrsyndan idelen.
Bu hyýaly salgymlary kowalap,
Gözlegiňde azaşypdyr didelem.
Kim sen?Yşkyň bu hupbatly deňzinde,
Göz güldürip,telbe serim sämeden.
Ynan,şol ýylgyrşyň öldüm-öldümde
Ýaşamaga umyt berdi täzeden.
* * *
Saňa bolan söýgim bes eden günüm,
Asman gözýaş döküp,aglar bulutlar.
Ýuwar duýgularmy ýagyş suwlary,
Emma ýürek seň yşkyňy unutmaz.
Saňa bolan söýgim bes eden günüm,
Bu ýagty dünýäme geler-de tümlük
Ähli arzuwlarym ýele sowuryp,
Şahandaz kalbymy ýeňer ümsümlik.
Men şonda ýatlaryn yşkyň,dilberim!
Arzuwly geçilen şowsuz günleri.
Ýatlaryn,halyma dözmän sülleren,
Seň gapyňda solan gyzyl gülleri.
Saňa bolan söýgim bes eden günüm,
Solar bagt bagymyň ähli ýapragy.
Durmuş kitabyny terk edip ömür,
Ejiz süňňüm guçar ene topragy.
Giderin dünýäňden saýlanyp çete,
Ykbalymy baglan yşkyňy ýeňip.
Gitsem-de yşkyňy goýmaryn ýeke,
Ýaşaryn seň gara gözlerňe siňip.
Lukman Täşliýew.
Göz öňümde syrly gülüp näz eden.
Bolsa-da seň şol ýylgyrşyň jahanda,
Ýaşamaga umyt berdi täzeden.
Seni gözläp nämeleri ýitirdim,
Seni gözläp,gör,nämeler tapdym men.
Gözleriňi yşk deňizi saýdymda,
Oňa tarap derýa bolup akdym men.
Ýogsa,seni gözläp geçipdim,ynan,
Bu baky barlygyň gara gyşyndan.
Sendäki bar zady tapyp bilmedim,
Özge gyzlaň syrly garaýyşyndan.
Kim sen?Bakyşlaryn zyýat gördügim,
Peridenmi,peýkerdenmi ýa aslyň?!
Ýazyp,pozup,ýene ýazyp elewräp,
Hiç gutaryp bilmedim-le seň waspyň.
Ýa sen ykballara gizlän ýodamyň,
Bulutlaryň aňyrsyndan idelen.
Bu hyýaly salgymlary kowalap,
Gözlegiňde azaşypdyr didelem.
Kim sen?Yşkyň bu hupbatly deňzinde,
Göz güldürip,telbe serim sämeden.
Ynan,şol ýylgyrşyň öldüm-öldümde
Ýaşamaga umyt berdi täzeden.
* * *
Saňa bolan söýgim bes eden günüm,
Asman gözýaş döküp,aglar bulutlar.
Ýuwar duýgularmy ýagyş suwlary,
Emma ýürek seň yşkyňy unutmaz.
Saňa bolan söýgim bes eden günüm,
Bu ýagty dünýäme geler-de tümlük
Ähli arzuwlarym ýele sowuryp,
Şahandaz kalbymy ýeňer ümsümlik.
Men şonda ýatlaryn yşkyň,dilberim!
Arzuwly geçilen şowsuz günleri.
Ýatlaryn,halyma dözmän sülleren,
Seň gapyňda solan gyzyl gülleri.
Saňa bolan söýgim bes eden günüm,
Solar bagt bagymyň ähli ýapragy.
Durmuş kitabyny terk edip ömür,
Ejiz süňňüm guçar ene topragy.
Giderin dünýäňden saýlanyp çete,
Ykbalymy baglan yşkyňy ýeňip.
Gitsem-de yşkyňy goýmaryn ýeke,
Ýaşaryn seň gara gözlerňe siňip.
Lukman Täşliýew.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.