Pal/hekaya

Bu jahanda on dokuz ýyl ýaşap, ol häzir kim bilýär, ýigriminji gezekmi, täleýine garadyp otyr. Asylam ol pal atdyrmagy gowy görýär. Hepdede bir gezek şähere gaýdar işe girjek bahanasy bilen. Her gezegem goňşularyndan karzyna pul alar. Ejesinden sorabilmez. Soranda pul barmy nä onda? Ertirligini elenip, öýlänligini ölüp tapýalar.
Ol şähere gelşine göni bazara barar. Zibil oklanýan çelegiň ýanynda oturan hüwjük saçly, dili çalgyrt aýala az-owlak pul berip, maňlaýyna ýazylany okadar. Onsoň ýerinden turar-da, süýjümtik geriner. Bazara aýlanan bolar. Näçe aýlansa-da, söwda edibilmez. Ajyksa-da, suwsasa-da, gara bokurdak üçin puluny dözmez. Iki elini jübüsine sokup, ýene ýaňky aýalyň ýanyna geler. Takdyryny bilmek üçin nobata durulmaýanlygyna öz ýanyndan diýseň begener. Soňam galanja puluny berip, gaýtadan pal atdyrar.
Anha, ol ýene-de pal atdyryp otyr. Palçy aýal elindäki tegelejik aýna seredip oturyşyna ýetişibildiginden gürleýär:
– Seniň palyň maňa aýandyr, balam. Başyňdan köp bela-beterler ötüpdir. Köp kynçylyklara döz gelipsiň. Iki gezek ölümden gutulypsyň. Düşdüň?!
"Düşündiňmi?!" diýdigi şo.
– Uly işgär bolmak niýetiň bar, balam. Maksadyňa ýetersiň, işşalla! Uly başlyk bolarsyň.
Wah, kimiň başlyk bolasy gelmeýär bu wagt?!
– Hudaý saňa uzak ýaş berer, balam! Ömrüň uzak bolar.
Hemmeleňem uzak ýaşasy gelýär ahyryn!
– Başyňa yşk derdi düşüpdir.
Gyzyň yşkynda ýanmaýan barmy diýsene, onda-da bu ýaşda!
– Alla saňa köp perzent berer.
– Näçe sany?
– Üç ogul, üç gyz, balam!
Garaz-ha, yzy şeýlerek äheňde boldy. Şoň üçinem ol sähel salymlyk keýp bilen eýläk-beýläk aýlanyşdyran boldy.
Arasynda aýdyma-da hiňlenäýdi öýdýän. Keýpi kök-dä zaňňaryň! Şeýdip aýlanybam ýördi allanäme, ýöne kim bilýär, küýüne nämeler gelip ýör, galanja üç manadynam gysymyna gysyp, ýene palçy aýalyň gaşyna geçip oturdy. Bolup oturyşam birhili, palçy aýalyň elindäki aýnajygy ogurlap gaçjak ýaly, şol aýna tiňkesini dikip otyr. Palçynyň bolsa ol zatlar bilen asla işi ýok. Ol paly bilen:
– Seň maňlaýyň açyk görünýä, balam. Halaýan gyzyňa öýlenersiň. Maksadyňa ýetersiň. Hudaý saňa bäş ogul bilen dört gyz berer…
Barybir, ol pal atdyrmagy gowy görýär.

2-nji oktýabr, 1991ý. Aşgabat.

Kakamyrat ATAÝEW.
2 лайков 121 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
03 май 2022, 23:20
Ayagyndaky jorabynam satyp, oñada pal atdyraymaly ekeni, bolanyna gorâ.?
Hiayress
04 май 2022, 00:50
Gowy hekaýa. ?
Resul
04 май 2022, 01:20
Hay
S❤
04 май 2022, 11:59
Bolyada