Ahwalat

Bir akmagyň soragyna
Üç akylly derläp otyr
Bilmedigni özi bilmän
Bilýänsiräp gürläp otyr

Oýlaman hiç soň-öňini
Bulaşdyryp duş-deňini
Mahabatlap päk tenini
Pula gyzyp ýerläp otyr

Öň tertipsiz diňe Çary
Indi meňzeş bulaň bary
"Ejjeň" diýe sözüň ýary
Juwan dili heňläp otyr

On nikaby ýüze geýip,
Haram bolsun - bildi iýip
"Sagbolsunlar öldi" - diýip
Wyždanlarmyz şerläp otyr

Tegelekdir - bu pelegem
Her kime geler gezegem
Eginde iki melegem
Edenlerňi derňäp otyr

Ýagşa artsyn ynsan köpi
Kalpda dolsun iman gepi
Sebäp ajal kakyp gapy
Ynsan baryn deňläp otyr


Ylham GURBANALYÝEW
6 лайков 143 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
20 июл 2022, 18:52
"Bir akmagyň soragyna
Üç akylly derläp otyr
Bilmedigni özi bilmän
Bilýänsiräp gürläp otyr"


Bir akmagyň soragyna üç akylly bolup derläp oturan bolsalar, olaryň akyllylygy şübhelidir.
Gauzen
20 июл 2022, 18:54
Цитата: Hiayress
"Bir akmagyň soragyna
Üç akylly derläp otyr
Bilmedigni özi bilmän
Bilýänsiräp gürläp otyr"


Bir akmagyň soragyna üç akylly bolup derläp oturan bolsalar, olaryň akyllylygy şübhelidir.

Şonaýtsana.
#B.S
20 июл 2022, 18:54
Hiayress,
Akmaga gep düşindireniň haýry ýok diýip dymýandyrlar ;)
Gauzen
20 июл 2022, 18:54
Khanture,
Derläp dymýarlarmy?! ;)
#B.S
20 июл 2022, 18:55
Gauzen,
Yssyda oturandyrlarda häzir tomus pasla ;)
Hiayress
20 июл 2022, 18:55
"Tegelekdir - bu pelegem
Her kime geler gezegem
Eginde iki melegem
Edenlerňi derňäp otyr"


Kiramen we Katibin iki perişde edenleriňi derňänokda, ýagny aňtowçy däl-de, pisar olar, eden işleriňi ýazýar.
Gauzen
20 июл 2022, 18:56
Цитата: Khanture
Gauzen,
Yssyda oturandyrlarda häzir tomus pasla ;)

Olam bir hasap :D
Belki
20 июл 2022, 19:53
Edil şu stildäki öwüt-nesihat maña-ha ýaranok :(
Ûstünlik!