Aglap otyr

Aglap otyr.

Aýna bakyp darap otyr zülpüni,
Ýogsa darak derkaram däl saçyna.
Nagyşly ýakasyn ezipdir göz ýaş,
Nätsin derdi sygmasa oñ içine.

Jülpüldäp-jülpüldäp gaýdýan göz ýaşda,
Biwepa söýginiñ gyzgyny bardyr.
Söýgi ýakandan soñ onuñ yzynda,
Agy atly ajy düzgüni bardyr.

Ol düzgünden çykan erkek ýok entek,
Aýal hak-da gürrüñ edip biljek däl.
Ýaş söýgüsi ýada düşse, düzgüniñ,
Segsen ýaşlam hötdesinden geljek däl.

Şonuñ üçin aglap otyr gözel gyz,
Utulypdyr söýgi, atly hilede.
Gerek bolsa ömrüm berjek men diýip,
Wada beren erkeksumak nirede???
2 лайков 112 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.