Hyýal

Hyýal

Gabat geldim seýilgähleň birinde,
Şahyr eken, goşgusyn ýazyp otyr.
Haýsy gözel barka onuň serinde,
Ol bolsa ser bermän, şo-ol ýazyp otyr.

Arzuwlanym meniň türkmen ýigidi,
Şol şahyra mende söýgi döredi,
Kalbymdaky garlaň bary eredi,
Ol bolsa ýeň bermän, şo-ol ýazyp otyr.

Geçdip eýläk-beýläk onuň deňinden,
Has görmegeý eken çaky-çenimden,
Menem-ä gelerin seniň emiňden,
Ol bolsa syr bermän, şo-ol ýazyp otyr.

Ahyry çydaman söz gatdym oňa,
"Arma-da, şahyr, menden salam saňa!"
Baş galdyrman jogap berdi salama,
Ýene-de şol bir zat, şo-ol ýazyp otyr.

Yzyma öwrülip ýöräp başladym,
Şahyr hakda pikirlermi taşladym...
Birden oýandym-da, agyr haşladym,
... Hyýalymda welin ... ol ýazyp otyr.

Aýgül Ýazweliýewa
6 лайков 170 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
15 фев 2023, 13:07
Gowşak.?
Hiayress26
15 фев 2023, 13:20
Manysy, beýan edişi, aýlap hyýalyna eltişi erbet däl. Ýöne, has-da kämilleşse bolar. (Bu diňe meň pikirim)
Lilith
Автор 15 фев 2023, 13:30
Pegas,
Bilýän?
Lilith
Автор 15 фев 2023, 13:31
Hiayress26,
Proza has ýakyn ýaly maňa?
Öwreniji
15 фев 2023, 14:09
Idea gowy, kämilleşdirseñ gaty gowy goşgy...
Jumamyrat
15 фев 2023, 14:58
Sapa agamyň aýdanlaryna goşulýan
#B.S
15 фев 2023, 18:24
Говы гошгы экена ??
.
15 фев 2023, 20:50
Haladym