MENIŇ DURMUŞYM (gülkili poema)

Süýji düýşde ýatyrdym men irkilip ,
Sagadyň sesine turdum tisginip .

Sagada seretdim ýedi bolupdyr ,
Zöwwe turdum işden gijä galypdyryn .

Soňra howulhara eşigmi geýdim ,
Ýene howulhara naharmy iýdim .

Ylgap çykdym köçä balagmy çekip ,
Iligem ilmän dur içiňi ýakyp .

Hanha awtobusam geçip barýar-laý ,
-Saklanaý azajyk uçup barýaňaý.

-Bar uçsaň uçyber taksiler gyt däl,
Seň yzyňdan ylgap men beýle it däl.

Günde geçip gidýäň görmediksiräp ,
Menem galýan şeýdip yzyňdan garap.

Ine, ýene şeýdip taksa garaşdym
Taksilerem gelmän geçýär garaşsaň.

Yzyma seretdim awtobus bar-a,
Aňyrrakda maňa garaşyp dur-a.

Awtobusa tarap ylgadym ýene ,
Zordan awtobusa ýetişdim ine.

Şafýor diýýär:
-Geldä , gelmän geçýäňaý,
Menem diýýän
-Günde görmän geçýäňaý.

Ýene biri diýdi:
-Gelesi gelmez,
Taksa münýän muňa münesi gelmez .

Oňa zat diýmedim ýylgyrdym diňe ,
Durup,durup,durup ,geldim işime

Igenjeň sekretar dur-a öňümde
Nädip geçip gitjek onuň deňinden ?

Salamym bermänkäm igenip başlar ,
Her gün gaýtalanýar mende bu işler.

-Günde işden şeýdip galýarsyň gijä,
-Neme...Bagyşlarsyň Suraý gelneje .

-Bagyşlap, bagyşlap , bagş galmady,
Sekiz boldy geler ýerde gelmediň.

-Bilgeşleýin etýän ony bilýärin ,
Nädip günde gijä galyp bilýärsiň.

-Düşündirşiň ýazda başlyga iber ,
Özüň girip gürleş , başlygam geler.

-Bolýa -bolýa -diýip geçdim men ahyr ,
Gör göwünlik berýär işdeşim Tahyr .

-Gaýrat etdä Gerçek bizdenem geçer,
Bularyň sözlerne bar keýpiň gaçar.

-Gaýrat edip gaýrat gutarar haçan?
Gutarman geçdiläý gutarman geçen.

Soň ýene-de geldi şerraý sekretar,
-Geldä Gerçek saňa başlyk garaşýar.

-Ýogsada ýazdyňmy düşündürşiňi ,
-Aý entegä ýazaýamok men ony.

-Şu wagta çen nämişlediň ? Ýazda bol,
Sag aman ýazda elt , özi çeker gol.

Ýazdym,boldum , bardym, açyldy işik,
Çişik başlyk otyr kürsüde çişip.

-Salam başlyk , arma , ýagdaýlar neneň?!
-Salam , çaltyrak aýt nämüçin geldiň?

-Neme...işden biraz gijä galdym-da,
-Günde şeýdýäň men-ä senden irdimdä .

-Sakalňam ösüpdir ,syraňokmy ýa ,
Sakal syrmanada wagtyň ýokmy ýa ?

-Saçyňada seret egne düşdile,
Meňzejek bolýaňmy ýa-da Puşkine .

-Bolýar,bolýar , başlyk bolýar düzetjek,
Işden çykyp saç-sakalma seretjek.

-Borlaý gaýtalama indiki gezek ,
Menem saklap dursuňa sen biderek .

Çykdym,geldim ýerme hatlar gaýyşyp,
Ýatyra bulaşyp,maňa garaşyp.

-Aýdaý işdeş işler gutarar haçan ?
Gutarman geçdilaý gutarman geçen.

                       *     *    *

Ahyry gutardy gutarman geçen,
Öýe geldim zordan ysgynym gaçan.

Öýüňe gelseňem gutarmaz işiň ,
Ýene hat-petekler ýatandyr üýşüp.

Bir ýanyňdan nahar, bir ýandan gahar ,
Blä ýatdan çykdy syrmaly sakal.

Saçam deňletmeli , näme etmeli?
Näm edersiň dellekhana gitmeli .

Bardym, gördüm , bäýbä kän garaşmaly ,
Soň ondanam gelip suwa düşmeli .

Aýal,çaga,eklenç,resminama,iş,
Dükana barmaly wah gidipdir huş.

Gör onam etmeli, munam etmeli ,
Şeýdip zordan ýassygyňa ýetmeli.

Süýji düýşde ýatyrdym men irkilip ,
Sagadyň sesine turdum tisginip .

Sagada seretdim ýedi bolupdyr ,
Zöwwe turdum işden gijä galypdyryn .

Soňra howulhara eşigmi geýdim ,
Ýene howulhara naharmy iýdim .

Ylgap çykdym köçä balagmy çekip ,
Iligem ilmän dur içiňi ýakyp ...

Näçe ylgasamda gutarmaz işim ,
Şeýle dowam edýär meniň durmuşym .

*     *    *

Ýene şükür edýän men öz günüme ,
Aňsat , haram işler gitsin gümüne .

Halalja gazanjym meniň bar genjim,
Maşgalam- baş galam , arkadaýanjym.

Erkana ýaşaýan erkana ýurtda ,
Şeýle ýaşamagam iň uly bagtda .

Saglygym-baýlygym,ýeter aýlygym,
Gerek däl-ä beýle artyk baýlygam.

Goşgym göwün hoşym, ýar ýürekdeşim,
Şeýle dowam etsen meniň durmuşym .

(Soňy)

(15.02.2023)

Gerçeknazar Amannazarow
1 лайков 173 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
15 фев 2023, 13:08
Bir ýanyňdan nahar, bir ýandan gahar ,
Blä ýatdan çykdy syrmaly sakal.
Dowsypat
15 фев 2023, 14:28
Ylgap çykdym köçä balagmy çekip ,
Iligem ilmän dur içiňi ýakyp .

-Bar uçsaň uçyber taksiler gyt däl,
Seň yzyňdan ylgap men beýle it däl.

Bu diýenleriňi itler eşidäýmesin!Gaty görer.Ylgap ýören iti gördükde,balagyny çekip ylgap ýören iti görmedik.Diýmek,itler bu babatda adamdan ganymat eken.
Gerceknazar
Автор 15 фев 2023, 14:37
Dowsypat.
Ylgap çykdym köçä balagmy çekip ,
Iligem ilmän dur içiňi ýakyp .

-Bar uçsaň uçyber taksiler gyt däl,
Seň yzyňdan ylgap men beýle it däl.

Bu diýenleriňi itler eşidäýmesin!Gaty görer.Ylgap ýören iti gördükde,balagyny çekip ylgap ýören iti görmedik.Diýmek,itler bu babatda adamdan ganymat eken.

Şu wagt itime eştdirdim gaty görmedi. Itiňem adamdan ganymat ýerleri bolsuna.