PARODIÝA
PARODIÝA
“Seňem bir gün içiň gysar, görersiň,
Duýarsyň bir zadyň ýetmeýänini.
Alyslara dikip gamgyn nazaryň
Hemem kem görmersiň geplemäniňi.”
(Myrat Gurbanow)
Seňem bir gün içiň geçer, görersiň,
Bilersiň gyssansaň ýetmeýäniňi.
Iň çola ýerlere dikip nazaryň
Kem görmersiň çasly geplemäniňi.
Ýer gözlärsiň gözden, dilden sowaşyk,
Çygylmakdan gözi nemlenen dünýäm,
Şu wagt “şol ak tamyň” köşge taýdygna
Düşünersiň, sen hiç zada düşünmän.
Ajap, aýny wagty on dokuz ýaşyň,
Ýatladýan mahalyň ýuwaň seçegin,
Nämä ýorjagyňy bilmän gezersiň
Bu bimahal çakda içiň geçenin.
Baslygyp, berçigen arzuwlaryňdan
Ýekeje arzuw bar ýeke seriňde.
Has beter zatlaryň bolýanlygyny
Bolup biljekdigni ýatlarsyň, dünýäm,
Içiň düzüw wagty ýekesiräňde.
Hoş geçen günleriň hatyrasyny
Tutmagy öwreder bu gyssanan jan.
...Ýöne, biläýmedim, gutararmyka
Bolmasyz “bir işden” bu gyssananjaň...
04.05.2022ý.
Sapa HOMMADOW
“Seňem bir gün içiň gysar, görersiň,
Duýarsyň bir zadyň ýetmeýänini.
Alyslara dikip gamgyn nazaryň
Hemem kem görmersiň geplemäniňi.”
(Myrat Gurbanow)
Seňem bir gün içiň geçer, görersiň,
Bilersiň gyssansaň ýetmeýäniňi.
Iň çola ýerlere dikip nazaryň
Kem görmersiň çasly geplemäniňi.
Ýer gözlärsiň gözden, dilden sowaşyk,
Çygylmakdan gözi nemlenen dünýäm,
Şu wagt “şol ak tamyň” köşge taýdygna
Düşünersiň, sen hiç zada düşünmän.
Ajap, aýny wagty on dokuz ýaşyň,
Ýatladýan mahalyň ýuwaň seçegin,
Nämä ýorjagyňy bilmän gezersiň
Bu bimahal çakda içiň geçenin.
Baslygyp, berçigen arzuwlaryňdan
Ýekeje arzuw bar ýeke seriňde.
Has beter zatlaryň bolýanlygyny
Bolup biljekdigni ýatlarsyň, dünýäm,
Içiň düzüw wagty ýekesiräňde.
Hoş geçen günleriň hatyrasyny
Tutmagy öwreder bu gyssanan jan.
...Ýöne, biläýmedim, gutararmyka
Bolmasyz “bir işden” bu gyssananjaň...
04.05.2022ý.
Sapa HOMMADOW
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.