"Çagalygym ýitiren wagtym"

Kiçikäm ulalmak isleýärdim köp,
Ulalamsoň, çagalygym küýsedim.
Höwes etdim, barmak basyp, gün sanap,
Howlukmazdym beýle boljagyn bilsem.


Ýitirdim men, ilki bilen gülkimi,
Ýuwaş-ýuwaş gaýyp gitdi elimden.
Soňra, aldy menden sadalygymy,
Gowy günlerim geçip gitdi deňimden.


Arzuw-hyýallarym bardy elimde,
Ýaşardym arzuwmy geljege ýüwrüp.
Wah, wagty bir gezek üýtgedip bolsa,
Wagty geljege däl, geçmişe öwrüp.


"Düşündim men ähli zada,
Çagalygym ýitiren wagtym..!"


23.03.2021


Awtory: Bägül Baýramowa
3 лайков 76 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
08 май 2022, 19:54
"-...Sen ýylda gidýärsiň dogduk diýara,
Onuň sada görmeginden doýanok,
Çagalygňa duş geläýmek hyýalyň,
Emma ondan daşlaşýanňy duýaňok..."