???
Meniň senden başga hemme zadym bar.Diňe sen ýok! Ýok bolsaň näme üçin gözümiň alnyndan gitmeýärsiň, hemme ýerden çykyp geliberýäň, näme üçin? Aýratyn-da ybadat edýän wagtym gözüme ýaş bolup dolýarsyň! Ynsabyň beri barmy? Uýat bolar ahyry! Hiç bolmanda ybadat wagtynda bir git, haýyş eýdýän! Aglanymy görme! Men indi dälilik hetdine ýetip barýan. Aslynda, seniň özüň kimsiň, heý, seni görüpmidim? Näme üçin maňa azap berýärsiň? Hany, aýtsana, uçup barýarka ölen guşy görüpdiňmi? Görmedik bolsaň indi görjegiň anyk, men muňa birjigem şübhelenemok. Uçup barýarka ganatlaryna teslim bolan, ýesir düşen şol guş – men! Gorkma, elbetde, sen ony görmersiň. Sen onuň ne söýgüsini gördüň, ne gaýgysyny! Indi ölümini hem görmersiň. Ölüm pillesinde Seniň adyňy aýtmagynyň Onuň dilindäki ahyrky söz bolup, düýäni elendirjekdigi lübhesizdir. Şonda daragtlar ýykylyp, guşlar miweler ýaly, ýere dökülende, bilginiň, onuň jany jesedi terk edip,bu dünýäden gaýdandyr. Gözleri bir nokada dikilip, bir damja gözýaş göreçlerinden syrygyp çykanda, şu çaka çenli hiç haçan bolmadyk bir waka bolar, muňa ne sen düşünersiň, ne-de Dünýe düşüner...
Hosiýat RUSTAMOWA.
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.
Hosiýat RUSTAMOWA.
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.