Ondan-mundan alynan prikollar

Eger-de öýüňiz ýanyp, požar dörese, aljyramaň. Ilki bilen diwanyňyzy daşaryk çykaryň. Men bilen ylalaşyberiň, ýangyn söndürijilere diwanda oturyp garaşmak has oňaýlydyr.

* * *

Eger-de bir adam size ýamanlyk etse, giň boluň, oňa süýji beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene süýji, şekolat beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene-de süýji beriň. Goý süýji (сахар) kesel tutup ölsün.

* * *

Kiçi wagtym pikir edýärdim, 09:00-dan 18:00-a çenli işlärin, işden soň dostlarym bilen klublara gidip keýp ederin. Ýaş ekenim, gaty ynanjaň bolupdyryn.

* * *

Ir bilen serasap hereket etmeli. Bir ýalňyş hereket we sen ýene ýatyrsyň.

* * *

Maňa mugt gapjyk bilen sagat düşdi. Bu pistolet eddil jadyly ýaly.

* * *

Käwagt şeýle bolýar, işde otursyň, otursyň, bäh nirden nirden pul gazanyp bolarka diýýäň.

* * *

90 ýaşly goňşumyz aýaly bilen aýyrlyşypdyr. Hawa entäk bagtyňyz açylyp biler irkä aýyrlyşyň.

* * *

Dahestanly 168 ýaşly ýaşulydan interwýu alýalar.
- Özüňizi duýşuňyz nähili?
- Gowy.
- Arak içýäňizmi?
- Hawa.
- Çilimem çekýäňizmi?
- Hawa.
- Hany arak-çilim jan-saglygyňa zyýanly diýýälerä? Etmeli däl ekeniňizdä.
- Şeýtmeseň ölüp bolanoga.

* * *

Nahar meni semretme ýa-da beýle tagamly görünmegiňi bes et!

* * *

Ýer ýüzünde iň uly çekim güýji, sagat 7-däki ýasyk.

* * *

- Ähliňiziň ertiriňiz haýyrly bolsun! Gözel, maňa kofe ýasa.
- Kofe latyn amerikada ýasalýar, a men taýýarlaýan başlyk.
- Mekdepde ekzamenleriňde beýle akyllasyramalyň ekeniň.

* * *

Bagtyňy gözleýäň - tejribe gazanýaň. Käawagt, ine meniň bagtym! Ýok blýat, bu gezegem tejribe.

* * *

Gaýyn ene gelniniň otagyna girip, telewizoryň üstüni barmak bilen syryp, barmakdaky tozany gelnine görkezip:
- Bilýärmiň şu ýagdaý üçin näme nakyl bar?
Gelinem kän pikirlenmän:
- "Doňuz islendik ýerden hapa tapar".

* * *

Size seredip doýup bilemok. Ýaňagyňyz nar, gözüňiz garaly, dodagyňyz pisse, alkymyňyz süýjän alma...
- Aý, ýigit, gök bazar indiki duralgada.

* * *

Pul adamy üýtgedýär diýdiler. Menem kakamyň jübüsinden pul ogurladym. Çyndanam üýtgetýän eken, gözümiň çişine buz basyp oturyn şuwagt.

* * *

Taksi gidip barýar. Onuň yzynda çuw-ýalaňaç gyz otyr. Taksist oglan ulagyň öňki aýnasyndan ýygy-ýygy gyza seredýär. Ahyry gyz taksisde ýüzlenýär:
- Siz näme, ömrüňizde ýalaňaç gyz görmediňizmi?
- Taksist oglan: - Görmesinä gördüm welin, men siziň tölemeli puluňyzyň niriňizde bolup biljegi hakda pikir edýär diýipdir...

* * *

Ol oglan hemişe küýkerip ýöreýärdi, sebäbi gulaklygynyň (nauşnik) simi keltedi.

* * *

Saglygymy berkideýin diýip welosiped aldym. Indi çilime ýada piwo gidemde welosipedli gidip gelýän.

* * *

Birwagt Aýsberg bolupdyr, hiç kime azaryny ýetirmänjik öz güni bilen gezipdir, günlerde bir günem ol Titanik atly nägehana duşup, agyr ýaralanypdyr.

* * *

Şu wagtky gelin-gyzlaryň ýüzlerine "Serasap boluň reňklenen" diýip skemaýkalara ýazylşy ýaly ýazmaly.

* * *

Käbir adamlar öz durmuşyny dolandyryp bilenoklar, emma, bir çüýşe içensoň ýurdy nähili dolandyrmalydygy hakda akyl satyp başlaýarlar.

* * *

Öňem bir toýda ady belli bagşy aýdym aýdyp oturmyş. Diňläp oturanlaryň biri ýanyndaka: "Şula öňem aýdyp görene meňzeýär" diýýärmiş.

* * *

Durmuşym edil samolýot ýaly, men bolsa samolýody dolandyryp bilemok.

* * *

15-20 sany selfie düşdim we düşündim: Esasy zat içki gözellik.

* * *

Iň ýakymsyz üç zat:
1) Köp wagt oturan myhman.
2) Habarsyz gelen myhman.
3) Myhman.

* * *

- Gynanma dost, bir gapy ýapylsa ýene bir gapy açylýandyr.
- Bilýän dost, menem žiguly sürüp gördim.

* * *

Doktor: Çilim çekýäňizmi?
Men: Diňe özümi bagtly duýan wagtlarym.
Doktor: Öýkeniňiz gaty arassa eken.

* * *

Durmuşym ikinji el ýaly. Öň biri ýaşapdyr, halamanan maňa sokan ýaly.

* * *

Bir gyzyň iň näzijek ýaşy 0-2 aralygyndadyr, soňra gürlemäni öwrenýär.

* * *

Öňki söýgülim meni gabandyrmak üçin täze söýgülisi bilen düşen suratyny maňa ugratdy. Menem kakasyna ugratdym. Biraz olam gabansyn.

* * *

15sm ökjeli köwüşli gyz ýykylman ýöreýän bolsa, yşk ajysyndanam soňam ýykylmaz.

* * *

Söýgülim ýok diýip gynanmaň, bolsa-da gynanarsyňyz.

* * *

Adagly wagtyň büdreseň: "Waheý janym, gowumyň?" bolýar, öýleneňden soňra: "Gözüň körmi, öňüňe seret" bolýar.

* * *

Mugallym tagta "2x+4y*84+17xy" ýazyp, problemany çözüň diýdi. Menem elime esgini alyp süpürdim, problema çözüldi.



*Interner sahypalaryndan ýa-da mowzuk açan agzalaryň mowzuklaryndan gyrp-jyrp edilen prikollar.


5 лайков 175 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
17 май 2022, 12:47
gyrp-chyrpy hem onarmak gerek, yzy gur bolsun, yetirip dur
Bentner
17 май 2022, 13:56
- Gynanma dost, bir gapy ýapylsa ýene bir gapy açylýandyr.
- Bilýän dost, menem žiguly sürüp gördim.
:-D
ajy
17 май 2022, 14:10
:D:D
Remezan
17 май 2022, 20:02
pont ????????❤?