Goşgy okaň, baha beriň, teswir ýazyň

Niýet edip öz bagtymyň gözlegne,
Çykdym, pikirimi ýürege baglap,
Çolaşyp galdym sähelçe söze,
Özümiň päk bagtym, göwnümi aldap,

Düýpsiz derýa kimin gark etdi durmuş,
Özümi ýitirdim tapmadym çäre,
Kynçylyk düşende, Allany ýatlap,
Çolaşyp galdym çöp-çalam, çöre,

Hiç alaç galmady, ýok başga delil,
Özümi gark etdim, öz elim bilen,
Medet ber Allahym, ýa Rebbim, Jelil,
Dert çekýärin indi, öz dilim bilen,

Nebsim öňe düşdi, köp biljek boldum
Ýöne, köp zady, ýitirdi aklym,
Häzirem şol garjaşyk, dünýä garyşyp,
Azaşdym, Başga bir ugryna akdym,

Goldaw gözläp, el urdym,
tapmadym hiç zat,
Ilende-de tutan zadym, ýekenmi, porruk
Ykbalym ters düşdi, galmady alaç,
Kaýyl boldum nesibä,
etmedim zorluk.

Sütem edenokdy durmuş akymy,
Alyp barýar, meni öz ugry bilen,
Bagtymy ýitirdim, pikirim dagap,
Düşüniň halyma, siz dogry biliň,

Daş töwerek ala-ýaz, men bolsa ýeke
Göwnüm göterilenok, peseldi sussum,
Kä wagt öz-özüme göwünlik berýän,
Remezan azaşma indi bir besdir.
R.Mämetgurbanow
2 лайков 222 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
20 май 2022, 00:14
Remezan sen lebaplymy?
Aksary
20 май 2022, 00:18
Şu ýerlerde @mümkin diyip hanymlaryñ biri bolmaly,şol birki agyz diýäýse,ýüz görmesizden :)
Aksary
20 май 2022, 00:37
Setirler bir- biri b.n el tutuşanoklar.
Gramatikadan kenguru ýaly nol bolanym üçinmikä :) birhili Jelil diyeniñden soñky dyngy belgisi (!) şu bolmaly öýtýän
Aksary
20 май 2022, 00:41
Käbir setirleriñ akgynlygyny dowam etmek u.n bogun sany azlyk etýän ýerleri kän. Meselem:"Çolaşyp galdym sähelçe söze,"
Aksary
20 май 2022, 00:45
Çolaşyp galdym sähelçe söze,

Çolaşyp galdym çöp-çalam, çöre,

Çolaşmaga ulanmak ulanypsyñyz :)
Aksary
20 май 2022, 01:00
Düýpsiz derýa kimin gark etdi durmuş,


Sütem edenokdy durmuş akymy,

Gylyçlaşýan setirler
Maksat
20 май 2022, 01:05
Aksary,
Uly bir tokaýdan, agaç bölegi gözleýän ýaly söz kemçiligi gözlemegiňiz ýönekeý, we kiçijek zat dälmidir?!
Aksary
20 май 2022, 01:19
Ýuwaş!
Ýukalmasyn galñan bulutlar
Şu wagtda saña diýjek dilegim.
Aksary
20 май 2022, 01:21
Keaip_begcon,
Bol onda sen birki agyz ýaz,ýazma diyjek yok.rugsat berildi menem şeýtdim.başga soragyñ barmy?
Maksat
20 май 2022, 01:27
Aksary,
"Eýtdim, beýtdim" diýip, öz egoňyzy doýurjak bolmagyňyza düşünýän. Men birki agyz näme ýazmalymyşym?
Aksary
20 май 2022, 01:32
Keaip_begcon,
"Geliñ tanşalyñ "diýlen mowzuklarda az owlagam bolsa tanyşýansyñyza,geliñ indem teswir ýa şoña meñzeş birzat ýazalyñ,geliñ goşgy okalyñ,baha bereliñ.....
Başga soragyñ barmy?
Maksat
20 май 2022, 01:35
Aksary,
Mümkin agzamy siz? Baha bermek gyl gözlemek däldirä dogan. Baha bermek bar bermek bar.
Aksary
20 май 2022, 01:41
Keaip_begcon,
Men @mümkin agza däl.men ol agzanyñ linededigini gordumde,çagyrdym,has sypaýy yazyp basaryanlygy üçin cagyrdym.

Basga soragyñ barmy?
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 05:28
Aksary
Remezan sen lebaplymy?

Hawa Lebpdan. dogry diýýäň, elbetde goşgynyň üstünde işleseň gowy, gylyçlaşýa diýeniň elbetde şeýle, ýöne eýýwm gark edenden soň indi onyň sütem edmän öz ugryna akdyryp alyp barýandygyny, ýazdym, bu ýerde many taýdan yzygiderlige geldimikä diýýän, Çolaşyp diýen söziň ýerine başga söz tapmadym, ýagny gramatika taýdan pes gelýänligim üçin, men bu goşgymy , biraz irräk düzdüm we Sona Ýazowa diýen şahyr aýal bardy şoňa görkezdim, goşgyň gowy, özüň gaýtalap okaber, özüňden başga düzedip biljek ýok diýdi. dogry aýdýa, kemçiligini özüň düzetmeli, okyjynyň pikirini bilip, onsaň düzetseň, has gowy bolýa, minnetdar ýöne entek söz baýlygym pes şonuň üçin kömegiňiz degermikä diýdim
Aksary
20 май 2022, 06:38
Remezan sen 99nji ýyl,özüñem Seýdide okaýañ gerek?
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 08:02
Aksary
Remezan sen 99nji ýyl,özüñem Seýdide okaýañ gerek?

Ýok, men has uly ýylymy aýdasym gelenok özüm tehnikum gutardym, Baýramalyda, Garabekewül swýazda buhgalter bolup, işledim, şu wagt daýhançylyk edýän, käwagt goşgy düzen bolýan, ony siziň bn paýlaşýan kemini aýtýaňyz dogry edýäňiz, näme söz goýjagymy, ýagny manysyny üýtgetmez ýaly, söz tapmagada kömek etseňiz has minnetdar bolardym, üstesinede köp, edebiýatçylar bn söhbetdeş boldum, sizden gowy sapak alyp boljagyna doly gözüm ýetdi. ýene bir gezek minnetdar
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 08:05
Aksary
Remezan sen 99nji ýyl,özüñem Seýdide okaýañ gerek?

ýok men 1984 ýyl, okuw okamok, goşgy düzmäge, işimi goýan soň, boş wagtym düzen bolýan, olam beýleki şahyrlaryňky ýalyha bolanok, aý ýöne köçe gürrüň diýen ýalyda
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 08:06
Remezan
Aksary
Remezan sen 99nji ýyl,özüñem Seýdide okaýañ gerek?

ýok men 1984 ýyl, okuw okamok, goşgy düzmäge, işimi goýan soň, boş wagtym düzen bolýan, olam beýleki şahyrlaryňky ýalyha bolanok, aý ýöne köçe gürrüň diýen ýalyda

kömek etseňiz sizden juda minnetdar bolardym
OrazMuhammet Aşyrow
20 май 2022, 08:50
Remezan,

Goşgy ýazyşyňyz gowy, umuman sizde talanta meňzeş bir zatlar bar, ýene köpüräk ýazmakda dowam ediň kämilleşersiňiz. Aşakdaky mowzuklaryň birinde ýazan goşgyňyzy hem haladym. Üstinlik!
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 08:53
mrokas
Remezan,

Goşgy ýazyşyňyz gowy, umuman sizde talanta meňzeş bir zatlar bar, ýene köpüräk ýazmakda dowam ediň kämilleşersiňiz. Aşakdaky mowzuklaryň birinde ýazan goşgyňyzy hem haladym. Üstinlik!

minnetdar
Mümkin
20 май 2022, 09:17
Remezan,
Salam!Goşguda eger ol hakyky goşgy boljak bolsa näme bolmaly?
Bogun,kapyýa,içki sazlaşykdan başga-da pikir ýa-da duýgy çuñlugy,şahyrana inçelik,täze tapyndylar bolmaly.
Siziñ döredijiligiñizde forma boýunça seretsek akgynly okalyşy ýüze çykarjak bogun sazlaşygy ýetenok,mazmun boýunça-da çuñ pikir ýa-da duýgy hemem şahyrana inçelik ýetenok.
Nobatguly Rejebow,Atamyrat Atabaýew,Seýitmyrat Geldiýew,Kakamyrat Rejebow ýaly şahyrlary okaberseñ bu zatlar ýola goýlup gider.
Üstünlik,Remezan agam!
Maksat
20 май 2022, 09:21
Remezan,
Goşgy ýazýan agzalar pylan ýeri pylan bolupdyr diýäýmese men ýaly okayjy üçin gowy goşgy.
Öwreniji
Автор 20 май 2022, 10:21
Mümkin
Remezan,
Salam!Goşguda eger ol hakyky goşgy boljak bolsa näme bolmaly?
Bogun,kapyýa,içki sazlaşykdan başga-da pikir ýa-da duýgy çuñlugy,şahyrana inçelik,täze tapyndylar bolmaly.
Siziñ döredijiligiñizde forma boýunça seretsek akgynly okalyşy ýüze çykarjak bogun sazlaşygy ýetenok,mazmun boýunça-da çuñ pikir ýa-da duýgy hemem şahyrana inçelik ýetenok.
Nobatguly Rejebow,Atamyrat Atabaýew,Seýitmyrat Geldiýew,Kakamyrat Rejebow ýaly şahyrlary okaberseñ bu zatlar ýola goýlup gider.
Üstünlik,Remezan agam!

sagbol şeýdip, kemçiligimi aýtsaňyz belki, menem düzmegi başararyn nesip bolsa.