Arwahly Guýy hekaýasy

Howa barha garalyp, ýagşyñ ysy gelýärdi. Dagyñ etegini syryp gidýän gumak ýol bilen eñip barýarys. Ýagşyñ ilkinji owunjak damjalary ýüz-gözümize syçrap ugrady. Motosikletiniñ gazyny barha galdyrýan Merdan maña gygyrýar:
– Berk ýapyş, ýykylaýma. Öñde uly gowak bar. Şoña ýetýänçäk, gaýrat et!
Biz ol gowaga özümizi atýançak, kemsiz ezildik. Içinde bir süri goýny arkaýyn ýerleşdiräýmeli gowagyñ ortasyndaky ojaga meñzeş oý ýerde ot ýakdyk. Gowagyñ içi diýseñ rahatdy. Gara öýe çalymdaşdy. Hatda dik depesinde tüýnük mysaly tüsseçykary hem bardy.
– Aýdyşlaryna görä, şu gowakda birmahallar gadymy adamlar ýaşapdyrlar – diýip, ýoldaşym maña düşündirýärdi. Ünsümi gowagyñ garañkyrap duran törüne çekdi. – Hol ýerde şolaryñ çeken suratlaram barmyşyn.
– Ony görüp bolmazmyka?
– Görüp bolman näme, ýör.
Merdan gol ýaly taýagyñ başyna esgi orady. Esgini motosikletiñ benzininden birneme ölläp otlady. Gowagyñ içi öñküsinden ýagtylandy. Ýoldaşym yzym bilen ýöre diýen yşaraty edip, özi öñe düşdi. Onuñ bir elinde otly kesindi, beýlekisinde hem ýogynlygy bilek ýaly bir gez taýak bardy.
– Bi nämä gerek? – diýip, taýagy görkezdim.
– Kim bilýär, pelek işini. Käwagt bu gowaga ýyrtyjylaryñam giräýmesi bolýar.
Onuñ häzirki bolup barşy, nämüçindir, ilkidurmuş adamlaryny göz öñüme getirdi. Müñlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen şol adamlar, has dogrusy, adama çalymdaş mahluklar daşdyr taýak bilen ýaraglanyp, aw awlapdyrlar. Ot bilen duşmanlardan-wagşy haýwanlardan goranypdyrlar. Şol wagt olar güýçlerini birleşdirip, deñ zähmet çekipdirler. Awlan awlaryny hem ortalyk edip, deñ paýlaşyp iýipdirler. Birek-biregi aldamagyñ, kezzaplygyñ nämediginem bilmändirler.
Merdan elindäki otly kesindini ýylçyr diwara has golaý tutýar. Ana, onuñ diýýän suratlary. Bir äpet eýmenç haýwan bir süri suguny kowalap barýar. Ilkinji adamyñ şekili bolsa, tazygyp barýan sugunlary awlamaga däl-de, olary şol ýyrtyjydan halas etmäge ymtylýar. Ol elindäki ýönekeý ýaragy bilen özünden rüstem duşmany ýeñermi ýa-da janyny gurban edermi – belli däl. Onuñ aýdyñ maksady bar: Sugunlary halas etmeli.
Belki, bu görnüşi şol wagtyń suratkeşi durmuşdan alyp, öz döwrüniñ hakykatyny beýan edendir. Belki-de, sanlary barha azalyp barýan gözellikleri goramagy geljekki nesle şeýdip wesýet edip gidendir.
– Şu jelegaýlarda şunuñ ýalt sugunlar hakykatdanam boldumyka? – diýip, ýaş ýigit çyny bilen soraýar.
– Bolandyr. Bolmadyk bolsa, beýle şekili diwara çekmezdiler.
– Goja awçylar-a şu ýerde öñler dere sygyrlaryny görendiklerinem aýdýarlar. Indi-hä olaryñ adam ýok.
Oduñ başyna täzeden çökdük. Ýoldaşym ýene bir täsinlik barasynda söhbet açdy:
– Şu deräni sypdyrman gidiberseñ, ol barha daralýar. Soñam birden giñelip, ýer hopan ýaly tegelnip duran oýa eltýär. Oýuñ ortasynda bir guýy bar. Adyna “Arwahly guýy” diýýärler. Şo taýda şu gowagyñ ýaşaýjylarynyñ etmişli kowumdaşlaryny jezalandyrýan ýeri bolmaly.
Onuñ agzyndan çykýan sözleriñ birinem sypdyrmajak bolup, gulaga öwrüldim. Gürrüñiniñ arasyny bölmän, soñuna çenli sabyrsyzlyk bilen diñledim. Men geñ-tañ wakalaryb bolup geçen taryhy ýerleriniñ golaýjygynda otyryn. Ahmal, ol ýerler heniz alymlara mälimem däldir. Alymlar ony bilenlerinde eýýäm uly ile äşgär ederdiler. Merdanyñ gürrüñ berýän guýusy hakynda okan zadym ýadyma düşenok. Ylmy açyşlar şunuñ ýaly zatlardan başlanmaýarmy eýsem?
– Maña şo ýeri görkezjekmi?
– Bu gün ýetişmesek gerek. O taýa diñe pyýadalap gitmeli. Ýedi-sekiz kilometr dagy bardyr, ýadamazmyñ?
– Alyp gitseñ bolýar, günuzyn ýöremeli bolsa-da, men taýýar.
Ol ylalaşdy.
Gowakdan çykanymyzda, ýagyş diñipdir. Asmanyñ ýüzi çüýşe ýaly arassady. Çabga ot-çöpleri, dag gerişlerini ýuwansoñ, olara nur çaýylana dönüpdi. Meýmirediji çoguny bolluk bilen eçilýän ýagty Gün ýalbyraýardy. Däri-derman otlaryñ bark urýan ysyny öýkeniñe sordugyñça, ýene sorasyñ gelýärdi. Bu gözellige ýürekleri bilen joşa gelýän sona käkilikleri sesleriniñ ýetdiginden käkeleşýärdiler. Olaryñ gulaga ýakymly hoş owazy gaýadan-gaýa düşüp, uzaklara ýañ salýardy.
– Biziñ ötenlerimiziñ hat-sowady bolmasa-da, gözelligiñ, ýaşaýşyñ gadyryny-ha bilýän eken. Gör, olar özlerine nähili ajaýyp ýeri mesgen edinipdirler! – diýip, Merdanyñ taryna kakdym.
– Özleren uzak ýaşandyrlar. Ers-mers, atan-satan, döwe meñzeş gaýratly bolandyrlar. Häli görseñ, dümewdir sowuklamanyñ nämediginem bilen däldirler. Guragyry dagy olara ýatdyr.
– Näbilýäñ?
– Bilýän-dä. Olar yssa, sowuga bişişip, rysgallaryny möjek ýaly kowalap alandyrlar. Demligini mydama arassa howadan püre-pürländirler.
– Adamlar hatdat, okumyş boldugyça, kesel köpelýär – diýip, ol bir pikiri orta atdy.
– Oña köpbilmişleriñ özleri günäkär.

◆ ◆ ◆

Biz “Arwahly guýa” gelenimizde, gün gyzar ikindindi. Arwahly diýseñ arwahly, atgaýtarym ýerde gögerip oturan ýeke çöp görjek gümanyñ ýok. Ýaşyp barýan Günüñ çoglary gündogar gapdaldaky ýylçyr gaýanyñ depesine öz reñkini çaýypdyr. Dumly-duşuñ ertekilerdäki ýaly aýylganç haýwanlaryñ şekili ýaly, üstüñe abanyp duran ýalañaç gaýalar.
Guýy meýdançanyñ ortarasynda, iñ oý ýerde ýerleşýär. Agyl şekilli çöwrülip duran daşky erñeginiñ bir gapdalyny ullakan inedördül gara daş ýassanyp ýatyr. Üstünde on-on iki adam aýbogdaşyny gurup, arkaýyn oturybermeli. Ol mähnet daşyñ depesi ýörite ýonulyp, ýylmanana meñzeýär. Özi-de ahmal, başga ýerden gara güýjüñ, zoruna süýşürilip getirilendir. Sebäbi golaý-goltumda oña kybapdaş daş görnenok. Guýynyñ beýleki tarapynda adamyñ biliniñ ýogynlygyndaky daş sütün sömelip dur.
Ýürek gysdyryjy tukatlyk. Şemalam öwsenok. Dymyşlygy Merdan bozdy:
– Ýeriñ teýinde süñklerine deñiç çüýräp giden “garyndaşlarymyz” diñe gözelligi söýmegi däl, eýsem erbetligi jan-dilden ýigrenmegem başarandyr görseñ! Gör, olaryń taýpanyñ adyna ysnat getiren näletkerdeleri jezalandyrmak üçin saýlap alan ýerlerini!
Men makullaýjylyk bilen baş atdym.
Uniwersitetiñ ýuridiki fakultetiniñ birinji kursunda okaýarkam, aksakallar we ýaşulular sudy barasynda ekzamen tabşyrypdym. Ol wagtlar aklawjam, garalawjam bolmandyr. Suduñ çykaran höküminiñ üstünden başga ýere şikaýat etjek gümanyñ ýok. Taýpanyñ adyl ýaşulularynyñ aýdany-aýdan, diýeni-diýen. Ýowuz kanun şol dem ýerine ýetirilipdir.
Meniñ pikirimçe, ýasy daş ýaşulular sudunyñ höküm çykarýan kürsüsi bolmaly. Düýbi ýere pugta gömlen şol daş sütüni bolsa sud edilýäni dik duran ýerinden oña berk sarap goýmak üçin ulanandyrlar.
Gürrüñçil ýoldaşymyñ şu mahal gepläsi gelenok. Dünýäniñ ähli gaýgy-aladasy bir öz başyna düşen ýaly, haýyr bilen şeriñ şaýatnamalary bolan daşlara nazaryny dikip, pikir derýasynda gulaçlaýar. Men ony gürletmäge çalyşdym:
– “Sañsar daşy” diýip eşidipmidiñ?
Ol bir hoýukdan soñ seslendi:
– Bir zat diýdiñmi?
Soragymy ikinji sapar gaýtalanymda, ol başyny ýaýkady. Öz soragymyñ jogabyny özüm çözläp ugradym:
– “Sañsar daşy” diýilýän zat şeýle. Ýaşulularyñ çykaran kanunyny äsgermezlik edip, ony gödek bozan günäkäriñ el-aýagyny dañyp, bir çetde goýupdyrlar. Taýpadaşlaryñ hersi ýumruk ýaly daş bilen ony urupdyrlar.
– Jezalandyrylýan ýakyn adamyñ bolsa näme? Ony daş bilen urmaga dözüp bolmaz-a.
– Bu hökümi öñi bilen günäkäriñ ýakyn garyndaşlary ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Dözmezçilige ýol ýok. Eger ýukaýüreklik edip, daşy sowa zyñsañ, şol daş bilen özüñi urupdyrlar.
– Baý-baý-ow, gaty elhenç kanun.
– Her zamanyñ özüne görä kanuny bar. Elhenjem bolsa, onuñ terbiýesi örän güýçli. Şol zaman bidüzgünçilik gaty az edilipdir.
– Elbetde, eliñ bilen etdiñmi, egniñ bilen çekäýmeli. Jezadan sypjak gümanyñ ýok.
Ýaşulularyñ haýbatly kürsüsiniñ – ýasy daşyń üstünde oturyp, guýa nazar aýlaýarys. Gyrasyna baryp, içine syn eder ýaly däl. Birden güwläp gidibermegiñ mümkin. Onuñ ýylmanak gyralary ullakan syrçaly tabagy ýadyña salýar. Ol ýapgytlyk bäş-alty metr dowam edensoñ, aşakda kert gaýa mysaly uçutlyk bar. Dörtgyrañ daşyñam, inçe uzyn daşyñam bitiren hyzmatlary düşnükli. Şu guýynyñ agzynyñ ýapgyt edilmeginiñ bir emmasy bar bolaýmasyn? Henize deñiç munuñ ýaly täsin guýa duşmandym. Ýogsam gadymy guýularyñ ählisiniñem agzy dar edilip gurulgy bolýardy. Şeýle edilende, aşakdan suw çekip çykarmafa oñaýly bolup, agyr gowa diwarlara degmeýär. Mundan-a suw çeker ýaly däl.
Ýoldaşym meniñ içki pikirimi añan ýaly gürledi:
– Aýdyşlaryna görä, şu guýyny hiç kimem gazmandyr. Öz-özi emele gelen bolmaly. Gyrasynyñ tekiz ýylmanmagynda bolsa, adam zähmetiniñ yzy bar.
– Müñlerçe ýyl mundan ozalky ussanyñ ýönekeýje guraly bilen guýguç mysaly ýapgytlygy ýülmemäge näçe ýyl gerek bolduka?
– Mümkin, ol bu işi bir ýylda, belki, bäş ýylda tamamlandyr. Bu suw almak üçin gazylan guýy däl. Iñ ýokary jezanyñ amala aşyrylýan serişdesi.
Ol elindäki kiçijik daşy guýa tarap oklady. Şol demde aşakdan suwuñ jülpüldisi eşidildi:
– Onda suw bar, ýöne şor. Muny ardýan adamam ýok. Şonda-da, guýa gulluk etmeseñ, suwy zaýalanyp, añkap barýan ysdan ýaña golaýyna barar ýaly bolmaýar. Birnäçeler muña gudrat diýip düşünýärler. “Guýy arwah-jynlaryñ mesgeni. Şonuñ üçin guýy yslanman, bir durkuny saklaýar” diýýänlerem ýok däl.
– Jeza çäresi bilen munuñ näme dahylynyñ bolandygyny aýtsana?
– Aýdaly, sud edilýäniñ eden etmişi has agyr. Onuñ günäsini ýeñilleşdirmäge tutaryk ýok. Şonda ony çuw-ýalañaçlap, guýynyñ kenaryne getiripdirler.
– Soñam içine itekläpdirlermi?
– Ýok, iteklemändirler. Onuñ öñünde şeýle şert goýlupdyr. Ýalañaça adam sürpegi çykan diwardan götinjekläp, aşaklygyna süýşmeli. Aýagyny ýapgydyñ gutarýan ýerine ýetirensoñ, ýene-de yzyna çykmaly.
– Ýokary çykyp bilmese näme?
– Ýagty jahan bilen baky hoşlaşmaly bolar-da.
– Çykaýsa?
– Onda onuñ günäsi geçilipdir.
– Onsoñ muña girip, sag-aman yzyna dolanan adam barada heý eşidipmidiñ?
– On-a eşidemok. Aý, näbileýin, çykaýmasa gerek öz-ä.
Ikimizdenem ses-seda çykanok. Dymyşlygy ýene-de onuñ özi bozdy:
-Guýynyñ suwy ýyl geldigiçe aşaklaýar. Garry awçylar-a biziñ ýetginjek çaglarymyzdan bäri hem onuñ suwy üç gulaja golaý peseldi diýýärler. Peselse-de, tükenmeýär.
Tas ýadymdan çykan eken. Şuñ içinde balygam barmyşyn. Özi-de örän geñ balyk. Köllerdäki ýaly teññeli balyk däl, deñiz bekresine çalymdaş.
– Mümkin däl, heý guýuda-da balyk bolarmy?
– Eger çynym. Biziñ obada muny gözi bilen gören adam bar. Ol abraýly adam. Guýyda balyk görenligini ol janyny ýakyp aýtsa-da, oña hiç kim ynananok. Gaýtam, üstünden gülýärler. Agzyna şeýtan tüýkürenleriñ bir-ä oña: “Guýydaky arwahlar gözüñe balyk bolup görnendir. Hernä, çeýnejek çöpüñ bar eken. Özüñi guýa süsdüräýmändirler. Sag-salamat galanyña sadaka ber” diýýär.
– Sadaka berdimi onsoñ?
– Ýok-la, ol her öñýeteniñ albaýyna aldanjak adam däl. Gaty erjel. Aýdan sözündenem kes-kelläm dänmeýär.
– Garañky düşmänkä ýatar ýaly ýer gözläli.
Merdan bir zatdan howatyr edýän ýaly, ýüzüme çiñerildi. Öz gulaklaryna ynanmady öýdýän.
– Ýatar ýaly ýer gözläli diýýäñmi? Hyýalyñ bu ýerde galmakmy?
– Eýsem gijäñ içinde daşdan-daşa süssenekläp, yzyña gaýtjakmy?
– Gaýtman näme. Bu ýerde ýatmak bolmaýar-a. Setanda-seýranda bolaýmasa, gündizem bärik adam sekmeýär. El-aýagyñy uzadyp, arkaýyn ýataryn öýtmegin.
– “Arwah-jynlar” böwrüñe dürtüp, ýatyrmaga goýmaz diýjek bolýañmy?
– Men oñ ýaly zada ynanýan adam däl-how. Gije ýarymyndan soñ şu oýuñ içi dürli owazlardan ýaña güwläp duranmyşyn. Ol sesler doýmaz-dolmaz guýynyñ ýuwdan ynsanlarynyñ ruhlarynyñ ahy-nalasy diýýärler.
– Senem şoña ynanýañmy?
– Ynanmañda näme, şonda-da gije şu taýda galmak birhili öz-ä.
– Gorkýan bolsañ gaýdyber. Men-ä galjak.
Ol oýurganyp durdy. Onuñ “Arwahly guýynyñ” başynda bir gije öz erkine galasynyñ gelmeýändigi düşnükli. Namartlyk edip ýoldaşyny taşlap gaýtmak hem gelşiksiz. Teý ahyr belli bir netijä gelendir-dä, galmaga ylalaşdy. Men oña maslahat saldym:
– Gijäni geçirmäge haýsy ýeri peýläris?
– Dag gijesi gum ýaly ýyly däldir. Ynha, çigrek düşüp ugrar, şonda ysytma tutýan ýaly, baý, gagşap, dişleriñi şakyrdadarsyñ-a.
– Ýyly ýeri nireden agtarjak, bir gije çydajak bolmaly.
– Men bilýän. Ho-ol, garalyp duran deşigi görýäñmi? – Merdan ýylçyr gaýanyñ düýbündäki hoñkaryp duran köwegi görkezdi.
– Gaplañyñ sürenine meñzeýär-le oñ özi.
– Zähräñi ýaryjy seslere ol-a haýwanmyşyn, men-men diýip, döşüne kakýan goç ýigitleriñem tap gelmeýändigini öñem aýdypdym. Şondan bolsa gerek, şu oýda janly-jandara gözüñ düşmez. Gargyş siñen öli meýdan.
Ýoldaşymyñ bu ýerlere bäş barmagy ýaly beletligine içimden begenýärdim. Ol meni yzyna tirkäp, köwege eltdi. Otluçöp bilen aýagymyzy basjak ýerimizi ýagtyltdy. Oñaýlyrak ýer tapyp gyşardyk.
Merdanyñ keýpi gaçanlygyndan bolsa gerek, gepläsi gelenokdy. Bilesigelijilikden ýaña meniñ içimi it ýyrtýardy:
– Üşesek, gije ot ýaksak bolmazmy köwegiñ içinde?
– Bu köwek däl, kiçeñkägede gowak. Agzy daram bolsa, düýbi giñdir. Ot ýaksañ, içinde oturyp bolmaz, edil tilkiñ hinine tüsse berene döner. Agzyndan başga tüssr çykary ýok. Bu saña motosikletimizi goýup gaýdan depesi deşik gowagymyz däl.
Soñra hijimizden ses çykmady. Şunça uklajak bolsamam bolanok. Ukym tutmaýar. Beýnimde garasar sürüsi ýaly güsürdeşýän pikirler gözlerimi çirim etmäge goýmaýar.
Öñräk çarwalaryñ mekanynyñ birinde şeýle waka bolupdy. Guýa eşek gaçyp ölüpdir. Maslyk porsap, suwy zaýalanypdyr. Bir ýyla ýakyn golaýyna barylmadyk guýyny arassalamak üçin bir daýaw jahyl oña ýüp bilen sallanypdyr. Birdenem demi tutulyp, şalkyldap gaýdypdyr. Ýoldaşy ony halas etjek bolup, özüni guýa oklaýar. Olam özünden gidip, arkan agýar. Garry çopanyñ biri: “Haý tiz boluñ! Gök esgini tüsseledip, guýa taşlaweriñ!” diýýär. Çopanyñ aýdan sözi şol bada ýerine ýetirilýär. Şondan soñ guýa giren üçünji adama zat bolmandyr. Beýlekileri hem ýüp bilen çekip çykaryp, zordan ajalyñ elinden alyp galypdyrlar.
Şol wagtlar nämäniñ-nämeligine oñly düşünmesemem, muña soñ göz ýetirdim. Suwy porsan guýularda emele gelýän zyýanly gazlar arassa howany kowup çykarýar. Guýynyñ düýbüne taşlanan köne esginiñ ajy tüssesi şol gazlary özi bilen asmana alyp gidýär.
“Arwahly guýuda” ys-kokam ýok. Ýogsam onuñ düýbüne ençeme adamyñ meýidi gidipdir. Guýynyñ içinde balyk bolup bilermi? Onda-da giñ deñziñ gujagynda azatlykda ýaýnamaga endik eden gyzyl balyk. Bu gürrüñ ertekä meñzeýär. Süýji suwly guýularda pyşdyl, gurbaga, ýylan ýaşaýar, oña söz ýok. Olar ýerde-suwda ýaşaýan jandarlar bolansoñ, guýa özleri baryp girýärler. Bekre şu guýa ýörite goýberilipdir diýeliñ. Ol guýy suwuna uýgunlaşmaz. Ony kim höreklesin, näme iýip oñsun? Derýa suwy bilen doldurylan howuzlarda teññeli balyklary köpeltse bolar. Emma bekräni eldekileşdirmek akyl sygjak zat däl. Guýuda bekre balygyny ekdileşdirmek adamzat taryhynda heniz görlüp-eşidilmändir.
Kem-kemden uka gitdim. Näçe ýatanymy bilemok. Düýşürgäpdirin. Biziñ samolýotymyz bir alsa uçmaga häzirlenýär. Ene zeminden aýagyny üzmezden öñinçä bat alyp-bat alyp, motorlara agram salýar. Gulaklaryñy kamata getiriji güwwüldi barha güýçlenip, ses-üýn alyşdyranok.
Tisginip oýansam, gowakda ýatyryn. Emma endamyñy düýrükdiriji ses, hakykatdanam, eşidilýär. Gap-garañky. Bir näbelli mahlugyñ buz ýaly penjesi ýüzümden ýöredi. Tas zähräm ýarylypdy. Dilim tutuldy. Şübela urunsamam, jübimdäki çakgyma elim ýetenok. Ol mahluk bolsa labyryny üstüme atyp, gaty daşyñ ýüzüne ýelmeşdirip barýar. Bu nä gudrat?
Birdenem onuñ özi seslenäýdi:
– Oýanaweri!
Meñ bilen ýakalaşyp ýören “näbelli mahluk” öz ýoldaşym bolsa nätjek? Onuñ ýagdaýyna şol bada düşündim. Şonuñ üçinem ondan hiç zady gaty görmedim. Ol neresse hem gorkunç sese oýanyp, soñam meni turuzmak üçin garañkyda sermenip ugrapdyr. Merdanyñ seso misli başgaw bir adamyñky ýaly sandyrap çykýar:
– Indi näme etmeli?
Az wagtlyk oýlandym. Dogrudanam, indi näme etmeli? Şol aralykda özümi birneme rastladym. Züwwetdinlik etmeli däl.
– Ýör, daş çykaly.
– Nämüçin?
– Sesi anyklamaga.
Merdan dymýar. Men oña:
– Ber eliñi! – diýýärin. Ol elini göwünsiz uzatdy. Onuñ galpyldap duran goşaryndan berk gysyp, çykalga ýöneldim.
Bize nämeleriñ garaşýandygy heniz belli däldi. Ahmal, biz öz aýagymyz bilen ajalyñ agzyna barýandyrys. Kim bilýär? Garabasmak bilen urşan ýaly, gara der bolup daş çykdyk. Aý aýdyñ. Öñki-öñkülik. Ýasy daşam, uzyn daşam ýerli-ýerinde. Del zada gözümiz düşmedi. Merdanyñ ýüzüne seretsem, ol gözlerini daş ýaly ýumupdyr. Açmaga milt hem edenok. Men ony kör iden ýaly idip barýaryn. Göwnüme bolmasa, düşnüksiz güwwüldi indi ýeñsäme aýlanan ýaly boldy. Diñşirgenýärin. Hawa, ses ýeñseden eşidilýär. Ýoldaşymy hürsekledim:
– Gulak goý, ses nireden gelýär?
Ol gözlerini ýalpa açdy. Diñ saldy. Elini yza salgady.
– Hol, ýerden.
Dogry, ses yzdan – ýañyja çykyp gaýdan gowagymyzdan gelýär. Yzymyza dolanyp, gowaga girdik. Indi ses daşardan eşidildi. Men şadyýan seslendim:
– Bary düşnükli. Sesi gowak döredýär.
– Nädip?
– Içine ýel düşýär. Biziñ bi ýere gelen wagtymyz ýel ýokdy gerek? – Yzly-yzyna otluçöp ýakyp oturan ýoldaşym baş atýar – Häzir ýel barmy?
– Bar.
– Bolany şol.
Merdan hiç zada düşünmedi öýdýän. Ol eginlerini ýygyrýar. Men oña düşündirmäge synanyşdym.
– Limonaddan boşan çüýşäni ýeliñ ugrunda dikliginde goýsañ, oñ içine ýel düşüp, ses emele gelermi?
– Hawa!
– Biýem şol mysaly-da.
Biz gowagyñ agzynda oturyp, ýeliñ döredýän mukamlaryny täzeden ine-gana diñledik. Indi ol öñküsi ýaly gorkunç däldi, mylaýymdy. Hoş owazlar gaýadan-gaýa düşüp, barha ýañlanýardy. Dag şemaly hem ol mukamlary uzaklardan-uzaklara alyp gidýärdi.
Biz soñra ýatjagam bolmadyk. Dañ ýalañaç daglaryñ başyna gyrmyzy şöhle çaýdy. Jahan kem-kemden ýagtylyp, ýol-yz saýgardyp ugrady. Biz ýola düşdük. Jeza meýdançasyndan näçe daşlaşsagam, Arwahly guýy barasyndaly pikirler meni öz girdabyna dartýardy.
Deñiz suwy Garabogaz aýlagyna towlanyp-towlanyp şol akyp ýatsa-da, aýlag hiç haçan dolmandy. Alymlar-a aýlag ol bol suwy gaýnap duran gazan mysaly bugardyp ýok edýär diýýärler. Ýaşulular bolsa ony başgaçarak düşündirýärler. Suw aýlagyñ düýbündäki başga bir dünýä gidýärmişin. Dogrudanam, Amyderýanyñ gije-gündiz dolup-daşýan ägirt suwuny aýlag şol bada bugardyp ýetişermikä? Türkmen deñzini halas edýäris diýip, Amyderýany petikläp gördüler. Ana, bar bela hem şondan soñ döredi. Aýlag gurap, düýbündäki duzlar tüweleýler bilen asmana göterildi. Garagumuñ ot-çöpleriniñ üstüne ýagyp, süllertdi. Erbet gurakçylyklar döretdi. Şondan soñ Aral deñzi hem jan damary gyrlan nähoş mysaly gurap ugrady. Hazar bilen Aralyñ arasynda bir gizlin gatnaşyk bar bolaýmasyn?! Belki, şo ýerasty akym Arwahly guýynyñ astyndan geçýändir. Asyryñ başyndan bäri şol guýynyñ suwy Hazaryñky bilen deñ derejede çekilipdir. Bu hem tötänlikmikä? Adamzat nesliniñ gadym zamanlaryndaly eždatlary öz akylynyñ ýetmeýän zatlaryna, Günüñ dogşuna, gijäniñ düşüşine, dañyñ atyşyna, ýyldyrymyñ çakyşyna, oduñ ýanyşyna… gudrat diýip düşünipdirler. Olardan öler ýaly gorkupdyrlar. Öwrenişilensoñ, ol “gudratlar” täsirini gaçyrýar. Häzirlikçe çözmesi kyn matala öwrülen Arwahly guýy bilen baglanyşykly “gudratlaram” wagty gelende, belki, adaty tebigat täsinligine öwrüler.
0 лайков 318 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
23 май 2022, 13:30
Arwah bir barmyka dünýäde?
Ahmet
23 май 2022, 14:02
Keaip_begcon,
Bilmedim. Mümkin bardyr, mümkin ýokdur. Seň özüň nähili pikir edýäň?!
Ahmet
23 май 2022, 14:02
Aysa
Gowy hekaýa eken, minnetdar!
Ahmet
23 май 2022, 14:06
Şu arwah diýilýän zada "eýeli ýerler" diýilip, gorkuzylyp aýdylýan ýerlere gije baramda-da gabat gelmedim.
Ahmet
23 май 2022, 14:10
Arada köp kişiň zelel görmesi esasynda tapylan ekiniň piri «Babadaýhanyň» guburynda ýazylgy duran 4 sany goşgyny täzeledim. Şony agşam garaňkylykda çalyşdym. Menä ses-seda eştmedim ýa-da üýtgeşik zat görmedim. Özem birnäçe gezek bardym, zyýarat etdim, boş ýatan ýer. Üýtgeşik hiç zat ýok.
Ahmet
23 май 2022, 14:20
Ýöne adatdan daşaryparanormal güýjüň bardygyna ynanýanmykam öýdýän. Bir görseň bar ýaly, bir görseň ýok ýaly...
Ahmet
23 май 2022, 14:20
Ikisine-de delilim hem bar, hemem ýok...
Maksat
23 май 2022, 14:30
Ahmedik_97,
Meniň pikirimçe ýok. Aslynda ruh diýilýän zat, ylmy tarapdan subut edilmedik, ylymda hiç bolmadyk, ylyma ters gelýän zat. Köp dinleriň gorky esasynda döreýşi ýaly, bu zatlaryň hem gadymy döwürlerde, dogry maglumat toplumy ýokdugy üçin, adamlary gorkuzmak, wiruslara sebäp tapman, ruhly, jynly adamlaryň edendigine ynanmak we ş.m zatlardan dörändigine ynanýaryn, we bu aýtýanym, ýalan maglumat däl.
Maksat
23 май 2022, 14:35
Meselem ruh bilen baglanşykly Reenkarnasiýa, ruhlaryň göçmegi. Köp ýerde ynanylan bir zat, sebäbi ynanyljak, akyla sygyp biläýjek ýerleri bar, şonda-da teoriýa ýaly bir zat. Sebäbi bu zadam ylyma ters.
Adatdan daşary güýç diýýäniňe, fiziki üýtgeşmeler, älemiň käbir hereketlerine, häsýetlerine baglylykda bir zatlaryň bolmagy, ylmy bir açyklama bolup biljek, 4 ölçegli dünýä, we onuň gaty üýtgeşik bolmagy we ş.m girip biler. Seniň paranormal diýip, näme göz öňüne tutýanyňy bilmedim. Ýöne meniň pikirimçe, adam sypatly bir zat däl. Biziň döretýän robotlarymyz, lazer bir zat bolaýmasa.
Alita
23 май 2022, 15:07
Keaip_begcon
Arwah bir barmyka dünýäde?

Mena ynanamogay sho zatlara aynekli
Hiayress
23 май 2022, 16:36
Ruhsyz bedeni göz öňüne getirip bolýar, beýnisiz ýok.
Maksat
23 май 2022, 20:13
Hemedany,
"We kurany ylym bilen ýalanlamaga synanyşýalar."

Synanyşanoklar, ylym ösdügiçe, awtomat şekilde dinler çökýär. Çökmäne mejbur. Wagtyň geçmegi, dinsizler köpeliberer. Bu adaty zat. Kurany ýalanlamaga synanyşanoklar, Kuran ýalanlamaga synanyşýar, başaranok.

"Ýöne Kuranyň Alla tarapyndan tä kyýamata çenli ýekeje harpynyň hem üýtgedilmän goralýandygny ýatdan çykarýamykalar."

Goý intek Kurany, Taňrynyň bardygam belli däl. Taňry pelsepesini okan bolsaň, beýle aňsat gürläp ýörmezdiň. Kurany şuwagtam isleýşi ýaly teswirläp, ýalňyş zatlar çykaryp tankytlasalar, aýatlaryny egrip-büküp, manylaryny üýtgediberýärler.

"Edebi, ylmy dilde jogap bermegiňe-de gerek ýok."

Hawa gerek ýok, belli zada sebäbi.
Maksat
23 май 2022, 21:51
Hemedany,
Siziň şu gepiňizden, intek bitarap nukdaýnazary gorap bilmeýändigiňizi görkezýär. Siz intek, Yslamy dogry öwrenmek, onuň hemme zadyna düşünmegi gyrada goýup, tankytlamakdanam gorkup, hiç zat bilmän, soraglaman gezip ýören kişisiňiz. Din üýtgetmek, ýa-da soraglamak, pikir etmek, düşünmek, ýalňyşlary görmek, bolýan zatalry aýtmak ýaly zatlary hem görýäňiz, soň nädip Yslam barada bitarap gürlejek?

"Müňker we Nekir diýen iki sany tankytlaýjy,jogaplaýjy bardyr."

Bu diýeniň Yslam bilen baglanşykly. Yslamy soraglamak gerek, Yslamy doly barlamak gerek. Ol tankytlaýjyny diňe Yslamda bardyr öýtýäňizmi?! Intek siz, ençeme dinlerde aýdylýan, gabat gelinýän şol bir zatlardanam habaryňyz ýok. Nädip bolsun, okamasaňyz.

"Häzirkizaman ösüp barýan ylmyňyzy şolara aýdyp berersiňiz."

Yslamda, olara aýdyp bermeli zatlary. Olar diňe başlangyç. Hatda Gurhanda, bu perişdeleriň gekjekdigine degişli zat ýok, hiç zat agzalanok. Intek onam bilýän dälsiňiz, hawa okamasaňyz nädip bilersiňiz. Ýöne adamlary dini bilen soraga çekmäne, jogap bermäne ökde, şeýle dälmi?!
Soňky aýtjak zadymam, agam saňa näme? Her kim özüne jogap bermeli dälmi?!
Ayjahan
Автор 23 май 2022, 22:31
Ahmedik_97,
Sagbol
Maksat
23 май 2022, 22:46
Hemedany,
"Aý borda dünýä ylmy ynsany hakykatdana aýyrýan eken. "

Her sözüňden ýalňyşlyk çeşme ýaly akyp gidip dur. Ylym hakykatdan aýyrýarmy, ýa-da hakykata gowuşdyrýarmy? Şu soragyň jogabyny dogry öwrenmek gerek. Muňa-da gözleg bilen düşünip bolar.
Näme üçin döwür ösdügiçe, tehnologiýa, internet ösdügiçe, dinler gowşaýar? Hakykatdan aýyrýarmy, ýa-da öňki adamlaryň gorky bilen kabul eden zatlaryny bedenlerinden, aňlaryndan zyňýarmy?!
Din we dinler näme üçin döreýär? Bu soraglaryň jogabyny bilseňizem, maňa hakykatdan agzamazdyňyz welin, mesele bu dälmikä diýýärin. Dinler öňki döwürlerde, toplumlary bir ýerde saklamak, olary bir maksada baglamak ýaly şertler üçin dörän zat. Hemme dinem soraglamaga bir ýerden soň ýapyk. Sebäbi köp sorag berseň, dinden çykmak ähtimallygyň bar. Adamlar, şol döwrüň adamlary dinler barada, näme diýip adamlary daşyna üýşüripdir? Bu barada bir zatlar bilýäňizmi?! Şol döwürlerde diniň hakykat ýaly görülmeginiň sebäbi käbir zatlara akyl ýetirip bolmazlygy, meselem wiruslar, tebigy hadysalar, Aý tutulmasy we ş.m Munam käbir biraz akylly adamlar, eýleki adamlary gorkuzyp, öz häkimiýetine, din häkimiýetine alan. Ýewropada müňlerçe adamyň, tokaý ýakdy, plan etdi diýip, jyn diýip ýakylyp öldürilendigini bilýän bolsaňyz gerek. Bu döwürdäki jahyl adamlardan, soňra nämä ynanmagyna garaşjak? Haýsy hakykada garaşjak. Bu barada gepleseň, bir kitaplyk gürrüň. Okamaýandygyňyzy, şonuň üçin aňyp bilýärin.
Maksat
23 май 2022, 23:02
Hemedany,
Menä sanaşamok. Sanaşyp näme edeýin?!
Ayjahan
Автор 27 май 2022, 14:51
Şunça teswir ýazyp birje likem gelmändir perdun2