Syyasat

Syýasat bir üsti ot-çöpli batga, 
Çümdüňmi, çykmagyň gümana, meger. 
Biri saňa halas golun uzatsa, 
Beýlekiler onam itip goýberer. 

«Nätdik!» diýşip, owkalarlar ellerin, 
Soňra garaşarlar indiki pida. 
«Hapa batsaň boýuň bile» diýleni, 
Başaşak çümenden eşdilmez seda.

Şahyr bolsaň ilmejek bol çeňňege, 
Barma syýasatyň ýele ýanyndan. 
Eger bardy-geldi, tötänlik bilen
Jyklan bolsaň, gaýt zeleliň ýaryndan.

Çünki, syýasata baş sokan şahyr
Eýýäm şahyram däl, syýasatçam däl. 
Zehini terezä salyjy bolma, 
Ters ýola aparýan ýodajykdan dän. 

Krylowň basnýasyn unutma, şahyr:
Ne-hä guw, ne leňňeç, ne-de bir balyk, 
Eger ýüki çekse hersi bir ýana –
Asmana sowrular kül bolan baýlyk.

Agzyboş hatara durma nobata, 
Sensizem demagog kemlik edenok. 
Poeziýa syýasata çatylsa, 
Gamçy bulaý – paýtun öňe gidenok!


Şiraly Nurmyrat
4 лайков 113 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
Автор 26 май 2022, 05:44
Suw perisin istäp taşladym çeňňek,
Kemtersine bir balygam düşmedi!
Söýgiň nämedigne düşünjek boldum: 
Agzym suwa bişdi, süýde bişmedi. 
*
Ölüm bir gadym zat, ýaşaýyş täsin!
Ykbal hiňlenmeýä ýetmese “hä”-si...
Kä aýal şeýle bir betgelşik gülýä,
Şeýle bir owadan aglaýa käsi.
*
Bir düşnükli sözüň ýeterlik wagty
Kime gerekmişin ullakan eser?
Kämahal näz bilen towlanan zülpüň
Täsiri aýalyň özünden ýeser!
*
Özüň derýa zyňma ýüzüp bilmeseň,
Öýkenňe suw, gözüňe gan inmesin.
Barmagňa dakylan nika ýüzügi
Bokurdagňa syrtmak bolup ilmesin.
*
Baýdak ýaly gelin barýa köçeden!
Kim aýnadan bakýa, kim çykýa gapa.
Biri oňa bäş gün garap oturjak,
Biri bäş minutda bulajak hapa...
*
“Gyzyl-çyzyldadyr pylanyň gözi”, 
Diýip, gybat edýän bi ne beýle kän!
O birne ýeterlik şemiň ýagtysy,
Gün şöhlesi azlyk edýä beýlekä.
Suleyman
26 май 2022, 08:26
Berekella. Gowy goşgular. Birinji has hem ýarady.
Maksat
26 май 2022, 11:39
"Syýasat bir üsti ot-çöpli batga,
Çümdüňmi, çykmagyň gümana, meger.
Biri saňa halas golun uzatsa,
Beýlekiler onam itip goýberer. "

Dogry. Düzgün şeýle-dä! Diňe bähbit.