Muhammet Baýram han

(1505-1561)



Türkmenleriň baharly kybalasyndan bolan Muhammet Baýram han takmynan 1500-1505-nji ýyllarda Badahsanda dogulýar. Ol harby serkerde, döwlet işgäri, filosof, sazanda hem şahyr bolupdyr. Onuň ata babalary 15-nji asyrda Günbatar Eýranda, Azerbeýjanyň günorta taraplarynda uly döwlet guran Garagoýunly türkmenlerinden bolup, häkimiýet gullugynda, harby işlerde edermenlik görkezen adamlar eken. Baýram hanyň babasy Şiraly beg Hyratda häkimlik eden, Soltan Hüseýin Baýharanyň 1471-1506 ýyllarda köşgünde hem hyzmat edipdir. Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg Gaznada gubernator wezipesini alyp barypdyr. Ol Ýakyn Günbatarda ady belli taryhçy Mürze Jahan şanyň neslinden bolup, Hindistandaky Mongol Imperiýasynyň baştutany Babyr bilen ýakyn gatnaşyk saklap, onuň goldawyndan peýdalanypdyr, Baýram han 16-njy asyryň başlarynda Balh Babahsan sebitlerine göçüp baran Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inipdir, başlangyç bilimi hem harby hünärleri hem şol ýerde alypdyr. Balhyň iň güýçli alymlary oňa sapak beripdir. Baýramyň ylyma we sungata bolan söýgüsi onuň harby serkerde bolandygyna garamazdan ömrüniň ahyryna çenli saklandyr. Balhda pars we arap dillerini düýpli öwrenipdir. Şol döwrüň okuw programmasynda goşgy düzmekligiň aruz formasyna esasy orun berilipdir. Baýram han hem aruz formasynda goşgy düzen şahyrlaryň biridir.

Ol orta boýly, bugdaý reňkli, on iki süňňi ýerbe-ýer, mertebeliligi ýüzünden görünip duran, peşeneli adam bolupdyr. Aýtatyň çalasynlygy bilen illeri haýran galdyrypdyr, öz ata-babalarynyň kesp-käri bolan çapyksuwarlyk, gylyç oýnatmak, naýza sançmak, ok atmak ýaly birnäçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir. Baýram han 16 ýaşynda Hyýanyň goşunyna meýletin girýär. Goşunda ol çäksiz batyrlygy, dogumlylygy, harby taýdan ugurtapyjylygy bilen tapawutlanypdyr. Hatda bir ýyl geçmäkä ol şazada Humaýunyň ýakyn egindeşleriniň biri we geňeşçisi bolupdyr. Baýram han ilki şa Ysmaýyl Hataýynyň 1487-1524, soňra Mongollar dinastiýasyny esaslandyran Muhammet Babyryň 1483-1530 ýyllarynda goşun serkerdesi bolýar. Babyr ölenden soňra onuň ogly Humaýun 1508-1556 ýyllarda imperator bolýar. Humaýunyň häkimliginde geçen döwri Beýik Mongol imperiýasynyň gowşan döwri bilen gabat gelýär. Mongol imperatory Humaýun bilen onuň doganlary Eskeroniň, Kannran, Mürzäniň Hindialynyň tagt üstündäki dawalary sebäpli Mongol imperiýasy dargaýar.

1539-njy ýylda Mongollaryň howply duşmany owgan taýpasynyň sury tiresinden bolan, Şir şa özüni imperator diýip yglan edýär. Humaýun ondan gaçyp gidýär. Baýram han Humaýunyň bähbidine güýçli diplomatik işler alyp barýar. Humaýun Baýram hanyň maslahaty bilen Babyryň mirasdüşeri Eýran şasy Tahmasdan harby kömek soraýar. Eýran şasy harby kömek berýär, Eýran şanyň kömegi, mongollaryň edermenligi we owgan serdarlarynyň arasyndaky dawanyň Mongol goşun serkerdesi Baýram han tarapyndan oňat peýdalanmagy netijesinde Demirgazyk Hindistanda Beýik Mongol imperiýasy gaýtadan dikeldilýär. Baýram han imperator Hamaýunyň ähli ýörişlerine we diplomatik işlerine gatnaşýar, imperatoryň ýanynda uly wezipäni eýeleýär, hem-de onuň hakyky dosty bolýar. Humaýun Baýram hanyň döwlet derejesindäki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz atalaryndaky dostlugy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir. Baýram han hem özüniň wepalylygy bilen Humaýuna ençeme gezek subut edipdir.

1540-njy ýylda Kannawujynyň etegindäki uruşda Baýram han mongol goşunynyň awangardyna komandirlik edýär we Şir şanyň goşuny bilen bolan söweşde ýesir düşýär. Şol wagtlar Batyr harby serkerde Baýram hanyň şöhraty at owazasy eýýäm Owgan yurduna hem ýaýran eken. Şir şäher edip ol batyr türkmeni öz tarapyna yrmak isleýär. Oňa iň ýokary derejeler ummasyz peşgeşler wada berýär, emma Baýram han Şir hanyň teklibini inkär edýär. Şol aralykda Baýram han bir oňaýyny tapyp Humaýunyň tarapdary Gwalioryň gubernatory Abul Kasym bilen gaçýar, Şir şa Baýram hanyň gaçandygyny bilip, ony tutup öldürmegi buýurýar. Gijaratyň ýolynda ol iki gaçgak ýene-de ýesir düşýär. Bu gezek ony Gijaratdan gaýdyp gelýän Şir şanyň ilçisi ýesir alýar. Abul Kasymyň daşky keşbi Baýram hana örän meňzeş bolupdyr. Şonda Baýram han öňe çykyp:

“Men Baýram han näme etseňiz ediberiň!”

onda Abul Kasym öz dostuny halas etjek bolup Abul Kasym:

“Ýok, ýok ol meniň hyzmatkärim,ol öz janyna gurban edip,hojaýynyny azat etmekçi bolýar. Men onuň dogumlylygyna, batyrlygyna we wepalylygyna haýran galýaryn, ol batyry goýberiň Men Baýram han diýipdir.”

Baýram han özüniň Baýram handygyny näçe subut etjek bolsada başa barmady, netijede Baýram han azat bolup, onuň wepaly batyr dosty Abul Kasym öldürilipdir. Şondan soňra Baýram han uzak wagtlap sergezdançylyk edip Humaýuna ykrarly bolan Güjaret hökümdary ýurduna barýar. Şeýlelik-de Baýram han iki ýyl geçen özüniň ýolda toplan kiçiräk goşuny bilen Humaýunyň lagerine gaýdyp barýar. Baýram han ynsan üçin möhüm häsiýetlerden söz açyp,her bir ýigide üç sany sypatynyň hökmanydygyny nygtaýar.

1) Häkimleriň ýanynda özüni alyp barmagy başarmaly.

2) Garyp-gasarlaryň göwnünden tutup olara duýgudarlyk etmeli.

3) Alymlaryň ýanynda aýtjak sözüni bilip aýtmaly.


Baýram hanyň Abdyrahym atly ogly bolupdyr. Oňa “Hanlaryň hany” diýen dereje berilipdir. Ol bäş dilde goşgy düzen uly şahyr bolupdyr. Baýram han 1561-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Güjeratda Mübärek Lowhany diýen haýyn zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklap öldürilýär.

Onuň iki dilde ýazan şygyr diwany ilkinji gezek 1910-njy ýylda Kalkuttada iňlis alymy Denison Ross tarapyndan neşir edilipdir.
6 лайков 231 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayjahan
06 июн 2022, 16:26
Ýetireniňe sagbol
Leyli Amanowa
06 июн 2022, 16:29
Iñ gowy gulzarlykdaky gul hem solyar...