“Kalbymy howaýy otlamadym men...”

Baslygyp-baslygyp, galňady gussam,
Ýadamadym senli ýatlamadan men.
Men päkize söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.

Süýt reňkli gijede ysytmaly deý
Garaşardym köňlüm berip galpylda.
Sen ahyr gelerdiň ýalbyrap, ýanyp,
Asmandan bir ýyldyz inen deý ylla.

Saçlaryň ujuny oýnar durardyň
Meňzäp owal-ahyr iň gözel şygra.
Etsem-petsemlerden doludy köňül,
Arzuwlar uludy, çäksizdi.
Soňra...

Emma durmuş...
Birikmedi ykballar,
Sähel sebäp aýra saldy ýolumyz.
Soň birek-birege ýada öwrüldik:
Bir-biregi tanamaýan ýaly biz.

Şeýdip ýyllar geçip gitdi tirkele,
Ýürege awuly tagmasyn basyp.
Bagtymdan nalamok.
Bagtly men.
Ýöne
Senli bagta bolmadygma mynasyp
gyýylýan käteler ejizlän çagym,
Aram tapýan senli ýatlamadan men.
Sebäp, tämiz söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.


Sapa HOMMADOW
6 лайков 155 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Resul
09 июн 2022, 20:18
Mmm bah ?
Ötegçi
09 июн 2022, 22:03
Kalbymy howaýy otlamadym men.
hazirki zaman poeziýada iñ gowy görýän setirlermiñ biri.
Ötegçi
09 июн 2022, 22:05
Padworka name bolýa agam! (Soñ pozaýarsyñda bu teswirleri, goşgyñ aşagyna gelşiksizem wln)
Pegas
Автор 09 июн 2022, 22:33
Ötegçi
Padworka name bolýa agam! (Soñ pozaýarsyñda bu teswirleri, goşgyñ aşagyna gelşiksizem wln)

Goşgular toplumy bolýar)
Ötegçi
10 июн 2022, 00:36
Pegas,sagbol, agam.
Ay onýaly bolsa bolýar! Men diñe 1 bolmalydyr oytdim)