“EMMA DURMUŞ...”

Baslygyp-baslygyp, galňady gussam,
Ýadamadym senli ýatlamadan men.
Men päkize söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.

Süýt reňkli gijede ysytmaly deý
Garaşardym köňlüm berip galpylda.
Sen ahyr gelerdiň ýalbyrap, ýanyp,
Asmandan bir ýyldyz inen deý ylla.

Saçlaryň ujuny oýnar durardyň
Meňzäp owal-ahyr iň gözel şygra.
Etsem-petsemlerden doludy köňül,
Arzuwlar uludy, çäksizdi.
Soňra...

Emma durmuş...
Birikmedi ykballar,
Sähel sebäp aýra saldy ýolumyz.
Soň birek-birege ýada öwrüldik:
Bir-biregi tanamaýan ýaly biz.

Şeýdip ýyllar geçip gitdi tirkele,
Ýürege awuly tagmasyn basyp.
Bagtymdan nalamok.
Bagtly men.
Ýöne
Senli bagta bolmadygma mynasyp
gyýylýan käteler ejizlän çagym,
Aram tapýan senli ýatlamadan men.
Sebäp, tämiz söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.


Sapa HOMMADOW
7 лайков 161 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
27 июн 2022, 09:07
Täze dörän goşgyňmy?

Gowy eken
Pegas
Автор 27 июн 2022, 09:10
Remezan
Täze dörän goşgyňmy?

Gowy eken

Köne.
wordless
27 июн 2022, 09:45
"Kalbymy howaýy otlamadym men"
Şu ady gowy gelişýädi.
CHYRAG
27 июн 2022, 13:50
CHYKABILMEN YATLAMALAN ASTYNDAN.....
Meryem
27 июн 2022, 16:19
Gowy düzilipdir