Ruhdaşyñy agtarmak dogrumy ýa-da Bir eseriñ degresinde

Zähmet rugsadynda bolmagyñ döredýän eli boşlugyndan we göwnüme laýyk kitaby tapmaýanlygymdan bolsa gerek,ýene geçen güýzde okan "Size ýazylan hatlar"eserime dolanyp gelýärin.Telefonymdaky birgiden elektron kitaplaryñ arasyndan ala-böle şu esere dolanyp gelmegimiñem özüne ýetesi sebäbi bar:Eser meniñ üçin,howwa,diñe meniñ üçin ýazylypdyr.Bu ýerde hiç hili ikirjiñlenmä esas ýok.Sözlerimi ikuçlylyga ýer goýmazdan,sorag alamaty döretmezden çürt-kesik beýan edýärin.
" Eseriñ özüñ üçin ýazylandygyny nireden bilýärsiñ?" diýip, soramagyñyz ahmal,dogrusy,aý aýdyñ.Eserde aklymy esli wagt bäri ýesir alan ruhdaşlyk meselesi gozgalýardy.
Ynsanlaryñ käbiri tä özüni bilen gününden başlap,ruhuna ruh goşjak ruhdaşy agtarýarlar.Üns berseñiz,ýanýoldaş ýa-da yşkdaş (bu meñ oýlap tapan sözüm) diýýän däldirin.Gaýta-gaýta ýanjaýaryn:Ruhdaş.Ruhlaryñ hatda meñzeşligem däl bir bolmagy,seniñ ruhuñ "göçürmesiniñ" başga-da kimdir birinde bar bolmagy.
Mahal-mahal pikir edýärin:Haçan ruhdaşymyñ gözlegine çykyp başladymkam?Ýatkeşligime ýüz tutup,geçmişiñ ýatlamalaryna dolanan pursadymda munuñ çak edişimdenem ir ýüze çykandygyna göz ýetirýärin.On-on bir ýaşlarymda belki,ondanam irki ýaşlarda töweregimdäkileriñ hiç haýsysynyñ özüme meñzemeýändigine düşündim.Göräýmäge,daşyndan barymyzam bir ýaly.Çuñluga aralaşsañ welin,men olardan juda parhly.Şahyr aýtmanmydyr:

"Olar juda meñzeş biri-birine,
Olar juda bir-birine meñzänok."

"Parhly" diýmek bilen artykmaçlygy-da,kemçiligi-de göz öñünde tutamok.Diñe ruhy dünýälerimiziñ başgaçadygyny nygtaýaryn.Şol başgaçalyga düşünenimden soñ adamlardan ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşyp ugradym.Töweregimdäkileri içgin-içgin synladym."Bular maña meñzänok.Ýöne bir ýerlerde maña meñzeýän ynsan bolmaly ahyry".Şeýle pikirler bilen özümem bilmezden ruhdaşymy agtarmaga çykypdyryn.Giden ýerlerimde,ýolda,awtobusda,köpçülik çärelerinde nätanyş adamlary synlap, gürrüñdeş bolup,gysga salymyñ içinde içki dünýälerine mümkin boldugyça aralaşmaga synanyşdym.Eger aralaryndan ony tapsadym,duşsadym"Sen meniñ ruhdaşym!Ahyry gabatlaşdyk" diýip öz akyl ýetiren hakykatymy oña-da buşlajakdym.
Galyberse-de,gürrüñini edýän eserimiñ baş gahrymany Şasoltan ýaly ruhdaşymyñ hökman söýen kişim bolmalydygy pikrine-de gulluk etmeýärdim.Bir kişiden şol bir wagtyñ özünde hem ruhdaşyñ hem yşkdaşyñ bolmagyna garaşmak aşa talapkärlik boljakdy.Adamlaryñ ýaş,jyns,tire-taýpa aýratynlyklaryna garamazdan ählisiniñ arasyndan agtarypdym ruhdaşymy.Tapan ýagdaýymda eger özüm ýaly zenan bolsa jora,ýigit bolsa dost,ýaşy uly bolsa dogan,kiçi bolsa jigi,söz ussady bolsa halypa saýjakdym ony.Birinden birine duşaýsañ nädersiñ?!
Serimde şu sowal döredi:Ruhdaşyñy agtarmak dogrumy? Belkem,ol asla ýokdur.
Ýigrimi dört ýaşly Şasoltanyñ (ikimiziñ ýaşdaş bolmagymyzam ýönelige däl ýaly) başdan geçirmesi şonuñ üçin ünsümi çekipdi. Edil onuñky ýaly tanymal ýazyjy Reşit ikisiniñ ruhdaşlygyna,munuñ bilenem galman deñsiz-taýsyz yşky paýlaşýandyklaryna janym-tenim bilen ynanypdym.Ikisiniñ arasynda gatnaýan "Söýýän"sözi aýdylmadyk,ýöne her setiri,her jümlesi yşka eýlenen hatlary gözümi gyrman okapdym.Şasoltanyñ ruhdaşyny tapanlygyna tüýs ýürekden begenipdim...Soñam duýdansyz ýerden tupan gopdy,harasat turdy.Yşk öz ornuny sowuklyga berdi.Reşidiñ aslynda maşgalalydygy baradaky hakykat Şasoltan ikimiziñ ýüregimize urulan ajy şarpyk boldy.Ýeri näme üçin diýsene? Şeýle päk ýürekli gyzyñ duýgylaryny it oýnan ýaly oýnamak bilen (bu meñzetmäniñ çeper gürrüñime gelişmändigini bilsemem,jüpüne düşen hasap edýärin) näme gazanýarka bu ýazyjy?Aslynda,Şasoltanam,menem(ikimizi üzñe göz öñüne getirip bilemok) onuñ hatlaryndaky gizlin yşarata düşünmändiris:"Ýüregime adyñy dodaklarym bilen ýazaryn", "Süññüñe süññüm bilen söýginiñ suratyny çekerin" sözleri Reşidiñ ýürek,duýgular bilen işiniñ ýokdugyny,gyzyñ bedenine göz gyzdyrýandygyny açyk-äşgär edýän ekeni.
Hakykat ýüze çykanyndan soñ Reşidiñ utanman gyzdan söýgi gatnaşygyny soramagy bolsa ýazyjynyñ ahlak diýlen närseden binesip galandygyny görkezdi.Biçäre Şasoltan bolsa ahmyra eýlenen duýgylary bilen ikiçäk galyberdi.
Ýeri gelende aýtsam eseri ýazan ýazyjy gyz Ogulşat Myratberdiýewa (altynjy duýgym onuñ gyzdygyny aýdýar)
bilen hökman tanyşyp,gürrüñdeş bolmalydygymyza ynanýaryn.Göwnüme,ikimiziñ birek-birege aýtjaklary kän ýaly.
Eser barada ýekeje tankydy pikrim bar.Ondaky käbir sözlerden,söz düzümlerinden türk edebiýatynyñ ysy gelýär.Bulam türkmen dilimize aşyk okyjy hökmünde meni hoşnut edenok.Meselem,"Görmezden gelmek".
Dilimizdäki "görmediksyramak" ("syramak"şeýle bir "jadyly" goşulma welin ony haýsy adyñ,işligiñ,sypatyñ yzyna goşsañ,olaryñ ýasamadygyny añladýar.Meselem:şahyrsyramak,
akmaksyramak,uklansyramak.Türkçede muny añlatjak bolsañ birnäçe sözleri ulanmaly) diýen tygşytlaýjy söz barka näme üçin ony ulandyka awtor?
Esasy gürrüñime gaýdyp gelsem,Şasoltanyñ ykbalyna ýüregim gyýyldy.Ruhdaşyñy agtarmak gyzy,hyýalymdaky joramy gör,neneñsi hallara saldy?
Ýagdaý şeýle bolansoñ öñki sowalyma gaýta-gaýta dolandym.Diñe dolanmak bilen galman jogapladymam.
Ruhdaşyñy agtarmak zerur bolup biler.Agtarybam bilersiñ.Eliñden gelenini edeniñden soñ bolsa hakyña kaýyl bolmalysyñ.Eger özüñ üçin ýaradylan ruhdaş bar bolsa ykbal irde-giçde ony ýoluña çykarjakdyr."Hudaý berse guluna,getirip goýar ýoluna" diýilmeýärmi näme?!Çykarmadyk bolsa adamlardan çetleşmeli dälsiñ.Dünýä içindäki adamlaryñ parhlylyklary saýasynda gözeldir.Barymyz birmeñzeş bolsadyk gyzygy bolarmydy gatnaşyklaryñ?!
Aslynda, ýokarky pikirlerimi umuman aýtdym.Özüm babatda aýtsam ruhdaşymy bireýýäm tapdym.
Günleriñ birinde hiç garaşman durkam ylham gapymy kakdy."Ine,men geldim.Indi sen hiç kimiñ ruhdaşlygyna mätäç däl!" diýdi.Ynanmadym.Çünki,ruhdaşymy diñe janly,göze görünýän barlyklaryñ arasyndan agtarypdym.Barybir ylham öz diýenini gögertdi.Elime galam berdi-de, "Diýenlerimiñ dogrulygyna göz ýetirerin diýseñ,diñe ýaz"diýdi.Ilkinji gezek ýazanymda ýüregimiñ pynhan çuñluklarynda bahar döräp,gülleriñ açylýandygyny duýdum.Ýuwanja,gowşajyk setirlerimiñem göwnüme ganat bekedip bilýändigine göz ýetirdim.Ýüregimdäki boşluk we ýalñyzlyk duýgusy zym-zyýat boldy.Şol günden bärem ruhdaşym ylham.
Eger bir gün ykbal ýene bir ruhdaşy gaşyma getirse ondanam boýun towlamaryn.Kim aýdypdyr ruhdaşyñ ýekeje bolmalydyr diýip?!


@Mümkin

26.06.2022 ý.
5 лайков 240 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
27 июн 2022, 10:08
Ruhdaş-şu söz barmyka türkmen diliniñ düşindirişli sözlüginde?!
Ötegçi
27 июн 2022, 10:09
diýen tygşytlaýjy söz barka näme üçin ony ulandyka awtor? şu ýeriñe tuys ýuregim bn goşulýan.. kitaby nirden tapyp bolýar?!.
Hiayress
27 июн 2022, 11:01
"Soñam duýdansyz ýerden tupan gopdy,harasat turdy.Yşk öz ornuny sowuklyga berdi.Reşidiñ aslynda maşgalalydygy baradaky hakykat Şasoltan ikimiziñ ýüregimize urulan ajy şarpyk boldy.Ýeri näme üçin diýsene?"

"Ikisiniñ arasynda gatnaýan "Söýýän"sözi aýdylmadyk,ýöne her setiri,her jümlesi yşka eýlenen hatlary gözümi gyrman okapdym."

"Tapan ýagdaýymda eger özüm ýaly zenan bolsa jora,ýigit bolsa dost,ýaşy uly bolsa dogan,kiçi bolsa jigi,söz ussady bolsa halypa saýjakdym ony.Birinden birine duşaýsañ nädersiñ?!"

"Aslynda,Şasoltanam,menem(ikimizi üzñe göz öñüne getirip bilemok)"

Ýokarky jümlelerden ugur alsaň, gyzlar garşydaş jynsdan bolan ruhdaşyny tapaýan halynda-da ony awtomatiki şekilde söwer ýary keşpinde görýär. Eger diýenleri bolmadyk ýagdaýynda bolsa ýaňky ruhdaşlyk, puhdaşlyk duýgularyň ählisi ýatdan çykyp, duýgularyny oýnan iň ýaramaz adam bolup galýar. Subutnamada ýokarda.
wordless
27 июн 2022, 11:02
Menem 3 gaýta okadym şo kitaby.
Hiayress
27 июн 2022, 11:10
Sowet soýuzda, dürli mentelitetdäki adamlaryň gatnaşygynyň ýygjamlaşan döwründe, garşydaş häsiýetli adamlar biri-birine jüp görülýärde, daže minus-plýuslaryň üsti bilen mysallar getirilýärdi. Indi dini ideologiýanyň, mistikanyň, sufizmiň ýygjamlaşan döwründe bolsa tersine, bir ideolagiýa uýýan, bir gymmatlyklara gulluk edýän adamlara "ruhdaş" ady berilip, şolara bolan isleg artýar.
Mümkin
Автор 27 июн 2022, 11:16
Ötegçi,mende bar.
Hiayress,eseri okamanlygyñ üçin şeý diýýäñ.Bir ynsanyñ saña duýgusynyñ barlygy ýoklugy sözünden añşyrylýar.Sen dost hökmünde görýän gyzyña
"Ýüregiñe adymy dodaklarym bilen ýazjak" diýmersiñ-ä :)) Diýýäñmi ýa? :))
Täze biri bilen tanyşan mahalyñda onuñ señ bilen dostmy ýa jigi hökmünde gyzyklanýany bellidir.Meselem men saýtdaky oglanlara "jora"diýýän,olaram maña.Ulylara "aga"diýýäs.Eýýäm şol sözler biziñ olara nähili garaýandygymyzy añladýar.
Ötegçi
27 июн 2022, 11:26
Mümkin,
Kopýalap goýup bolanokmy?!.
Hiayress
27 июн 2022, 11:27
Mümkin,
Eseri okamadygym dogry, ýöne seň ýazanyňy doly okadym. Nädip bäş minut mundan öňki özüňe ruhdaş diýip hasaplap oturan adamyňa duýgularyň bilen oýnap taşlan iň ýaramaz adam ýarlygyny asyp bolýar?!
Hiayress
27 июн 2022, 11:27
Ýa ruhyňyzda problema bar, ýa-da ruhdaşlyk düşünjäňizde. :)
Mümkin
Автор 27 июн 2022, 11:36
Ötegçi,ýok Pdf görnüşde.
Hiayress,seret.Meselem men ruhdaşymy tapdym diýeli.Olam oglanmyşyn.Maña "jigim" ýa "dosoglan" diýip ýüzlenmeýärmiş-de "Yşk diýlende seni göz öñüme getirýän""Düýşüme girýäñ" "Mümkin bolan iñ soñky çägine çenli maña degişli bol"diýen sözleri aýdýarmyşyn.Onsoñ meni umytlandyrdygy bolmazmy?
Eser barada aýtsam Şasoltan onuñ maşgalalydygyny bileninden soñ diñe halypa-şägirt gatnaşygyny saklamakçy bolýar.Eseri okasañ has anyk göz ýetirersiñ.
#B.S
27 июн 2022, 11:38
Türkleriň ruh ekizi diýýän zadymy bu?..
Hiayress
27 июн 2022, 11:50
Mümkin,
Mysal üçin: Elif Şafagyň "Yşk" romanyndaky Rumy bilen Şemsiň ruhdaşlygyny mysal alsak olary haýsy hereket biri-birine bolan ruhdaşlygyndan aýryp bilerdi?! Ruhdaşlyk ýa bar, ýa-da ýok, ýöne başda ruhdaşdyk, soňra şunuň iki sözi göwnüme ýaramady, indi däl diýen ýaly düşünjeleri (asyl meň üçinä ruhdaşlyk düşünjesi ýalňyş) asla öz içine almaýar. Onda ol ruhdaşlyk dälde, belli bir temalardaky meňzeş nukdaýnazarlyk bolýar.
Mümkin
Автор 27 июн 2022, 12:17
Hiayress,
Bilmedim-äý men-ä.Asylam,ruhdaşyñy tapmak diýlen zat hemmä nesip etmejek bagtmyka diýýän.Soñunda Şasoltan "Ruhdaş däl ekenik.Ýalñyşypdyryn" diýýär.Özem muny edil öýlenenligi üçin däl-de başga bir gylygyny görüp diýýär öýdýän.
Agzalara umumy sorag:"Graf Monte Kristony" okap görüpmidiñiz? Şol eseriñ baş gahrymany aýalbazlygyñ simwoly hasap edilýärmi?
Muny diýmegimiñ sebäbi Reýimbaý Sabirowyñ "Ynsap"powestinde aýaly barka,başga biri bilen gezen adamyny dosty şoña meñzedipdi ýadyñyza düşýän bolsa.Bu diýýän eserimiñ soñunda-da Reşidiñ "Graf Monte Kristony" okap oturanlygy nygtalýar.
Şol eser bilen gyzyklandym.Okanlar aýdyp beräýiñ.
wordless
27 июн 2022, 12:55
Mümkin, 1370 sahypa :)
Belki
27 июн 2022, 14:42
wordless,
Okan bolsañ gürrüñ beräý.
Jeni
27 июн 2022, 17:02
Belki,
Elektron górnishi bolsa ugraday kyn gormesen
Belki
27 июн 2022, 17:05
Jeni,
Poçtañy goý.10 günden ugradaryn ýöne (täze taryfym açylýar)
Jeni
27 июн 2022, 20:55
Belki,
Bolýa ugratsan bolya garashjak.
lacyn280196@gmail.com