Bir eseriñ degresinde ýa-da ruhdaşyñy agtarmak dogrumy?

Zähmet rugsadynda bolmagyñ döredýän eli boşlugyndan we göwnüme laýyk kitaby tapmaýanlygymdan bolsa gerek, ýene geçen güýzde okan "Size ýazylan hatlar" eserime dolanyp gelýärin. Telefonymdaky birgiden elektron kitaplaryñ arasyndan ala-böle şu esere dolanyp gelmegimiñem özüne ýetesi sebäbi bar: Eser meniñ üçin, howwa, diñe meniñ üçin ýazylypdyr. Bu ýerde hiç hili ikirjiñlenmä esas ýok. Sözlerimi ikuçlylyga ýer goýmazdan, sorag alamaty döretmezden çürt-kesik beýan edýärin.
" Eseriñ özüñ üçin ýazylandygyny nireden bilýärsiñ?" diýip, soramagyñyz ahmal, dogrusy, aý aýdyñ. Eserde aklymy esli wagt bäri ýesir alan ruhdaşlyk meselesi gozgalýardy.
Ynsanlaryñ käbiri tä özüni bilen gününden başlap, ruhuna ruh goşjak ruhdaşy agtarýarlar. Üns berseñiz, ýanýoldaş ýa-da yşkdaş (bu meñ oýlap tapan sözüm) diýýän däldirin. Gaýta-gaýta ýanjaýaryn: Ruhdaş. Ruhlaryñ hatda meñzeşligem däl bir bolmagy, seniñ ruhuñ "göçürmesiniñ" başga-da kimdir birinde bar bolmagy.
Mahal-mahal pikir edýärin: Haçan ruhdaşymyñ gözlegine çykyp başladymkam? Ýatkeşligime ýüz tutup, geçmişiñ ýatlamalaryna dolanan pursadymda munuñ çak edişimdenem ir ýüze çykandygyna göz ýetirýärin. On-on bir ýaşlarymda belki,ondanam irki ýaşlarda töweregimdäkileriñ hiç haýsysynyñ özüme meñzemeýändigine düşündim. Göräýmäge, daşyndan barymyzam bir ýaly. Çuñluga aralaşsañ welin, men olardan juda parhly. Şahyr aýtmanmydyr:

"Olar juda meñzeş biri-birine,
Olar juda bir-birine meñzänok."

"Parhly" diýmek bilen artykmaçlygy-da, kemçiligi-de göz öñünde tutamok. Diñe ruhy dünýälerimiziñ başgaçadygyny nygtaýaryn. Şol başgaçalyga düşünenimden soñ adamlardan ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşyp ugradym. Töweregimdäkileri içgin-içgin synladym. "Bular maña meñzänok. Ýöne bir ýerlerde maña meñzeýän ynsan bolmaly ahyry". Şeýle pikirler bilen özümem bilmezden ruhdaşymy agtarmaga çykypdyryn. Giden ýerlerimde, ýolda, awtobusda, köpçülik çärelerinde nätanyş adamlary synlap, gürrüñdeş bolup, gysga salymyñ içinde içki dünýälerine mümkin boldugyça aralaşmaga synanyşdym. Eger aralaryndan ony tapsadym, duşsadym "Sen meniñ ruhdaşym! Ahyry gabatlaşdyk" diýip, öz akyl ýetiren hakykatymy oña-da buşlajakdym.
Galyberse-de, gürrüñini edýän eserimiñ baş gahrymany Şasoltan ýaly ruhdaşymyñ hökman söýen kişim bolmalydygy pikrine-de gulluk etmeýärdim. Bir kişiden şol bir wagtyñ özünde hem ruhdaşyñ hem yşkdaşyñ bolmagyna garaşmak aşa talapkärlik boljakdy. Adamlaryñ ýaş, jyns, tire-taýpa aýratynlyklaryna garamazdan ählisiniñ arasyndan agtarypdym ruhdaşymy. Tapan ýagdaýymda eger özüm ýaly zenan bolsa jora, ýigit bolsa dost, ýaşy uly bolsa dogan, kiçi bolsa jigi, söz ussady bolsa halypa saýjakdym ony. Birinden birine duşaýsañ nädersiñ?!
Serimde şu sowal döredi: Ruhdaşyñy agtarmak dogrumy? Belkem,ol asla ýokdur.
Ýigrimi dört ýaşly Şasoltanyñ (ikimiziñ ýaşdaş bolmagymyzam ýönelige däl ýaly) başdan geçirmesi şonuñ üçin ünsümi çekipdi. Edil onuñky ýaly tanymal ýazyjy Reşit ikisiniñ ruhdaşlygyna,munuñ bilenem galman deñsiz-taýsyz yşky paýlaşýandyklaryna janym-tenim bilen ynanypdym.Ikisiniñ arasynda gatnaýan "Söýýän"sözi aýdylmadyk,ýöne her setiri,her jümlesi yşka eýlenen hatlary gözümi gyrman okapdym.Şasoltanyñ ruhdaşyny tapanlygyna tüýs ýürekden begenipdim...Soñam duýdansyz ýerden tupan gopdy,harasat turdy.Yşk öz ornuny sowuklyga berdi.Reşitiñ aslynda maşgalalydygy baradaky hakykat Şasoltan ikimiziñ ýüregimize urulan ajy şarpyk boldy.Ýeri näme üçin diýsene? Şeýle päk ýürekli gyzyñ duýgylaryny it oýnan ýaly oýnamak bilen (bu meñzetmäniñ çeper gürrüñime gelişmändigini bilsemem,ulanasym geldi) näme gazanýarka bu ýazyjy?Aslynda,Şasoltanam,menem(ikimizi üzñe göz öñüne getirip bilemok) onuñ hatlaryndaky gizlin yşarata düşünmändiris:"Ýüregime adyñy dodaklarym bilen ýazaryn", "Süññüñe süññüm bilen söýginiñ suratyny çekerin" sözleri Reşidiñ ýürek,duýgular bilen işiniñ ýokdugyny,gyzyñ bedenine göz gyzdyrýandygyny açyk-äşgär edýän ekeni.
Hakykat ýüze çykanyndan soñ Reşidiñ utanman gyzdan söýgi gatnaşygyny soramagy bolsa ýazyjynyñ ahlak diýlen närseden binesip galandygyny görkezdi.Biçäre Şasoltan bolsa ahmyra eýlenen duýgylary bilen ikiçäk galyberdi.
Ýeri gelende aýtsam eseri ýazan ýazyjy gyz Ogulşat Myratberdiýewa (altynjy duýgym onuñ gyzdygyny aýdýar)
bilen hökman tanyşyp,gürrüñdeş bolmalydygymyza ynanýaryn.Göwnüme,ikimiziñ birek-birege aýtjaklary kän ýaly.
Eser barada ýekeje tankydy pikrim bar.Ondaky käbir sözlerden,söz düzümlerinden türk edebiýatynyñ ysy gelýär.Bulam türkmen dilimize aşyk okyjy hökmünde meni hoşnut edenok.Meselem,"Görmezden gelmek".
Dilimizdäki "görmediksyramak"
("syramak"şeýle bir "jadyly" goşulma welin ony haýsy adyñ,işligiñ,sypatyñ yzyna goşsañ,olaryñ ýasamadygyny añladýar.Meselem:şahyrsyramak,
akmaksyramak,uklansyramak.Türkçede muny añlatjak bolsañ birnäçe sözleri ulanmaly) diýen tygşytlaýjy söz barka näme üçin ony ulandyka awtor?
Esasy gürrüñime gaýdyp gelsem,Şasoltanyñ ykbalyna ýüregim gyýyldy.Ruhdaşyñy agtarmak gyzy,hyýalymdaky joramy gör,neneñsi hallara saldy?
Ýagdaý şeýle bolansoñ öñki sowalyma gaýta-gaýta dolandym.Diñe dolanmak bilen galman jogapladymam.
Ruhdaşyñy agtarmak zerur bolup biler.Agtarybam bilersiñ.Eliñden gelenini edeniñden soñ bolsa hakyña kaýyl bolmalysyñ.Eger özüñ üçin ýaradylan ruhdaş bar bolsa ykbal irde-giçde ony ýoluña çykarjakdyr."Hudaý berse guluna,getirip goýar ýoluna" diýilmeýärmi näme?!Çykarmadyk bolsa adamlardan çetleşmeli dälsiñ.Dünýä içindäki adamlaryñ parhlylyklary saýasynda gözeldir.Barymyz birmeñzeş bolsadyk gyzygy bolarmydy gatnaşyklaryñ?!
Aslynda, ýokarky pikirlerimi umuman aýtdym.Özüm babatda aýtsam ruhdaşymy bireýýäm tapdym.
Günleriñ birinde hiç garaşman durkam ylham gapymy kakdy."Ine,men geldim.Indi sen hiç kimiñ ruhdaşlygyna mätäç däl!" diýdi.Ynanmadym.Çünki,ruhdaşymy diñe janly,göze görünýän barlyklaryñ arasyndan agtarypdym.Barybir ylham öz diýenini gögertdi.Elime galam berdi-de, "Diýenlerimiñ dogrulygyna göz ýetirerin diýseñ,diñe ýaz"diýdi.Ilkinji gezek ýazanymda ýüregimiñ pynhan çuñluklarynda bahar döräp,gülleriñ açylýandygyny duýdum.Ýuwanja,gowşajyk setirlerimiñem göwnüme ganat bekedip bilýändigine göz ýetirdim.Ýüregimdäki boşluk we ýalñyzlyk duýgusy zym-zyýat boldy.Şol günden bärem ruhdaşym ylham.
Eger bir gün ykbal ýene bir ruhdaşy gaşyma getirse ondanam boýun towlamaryn.Kim aýdypdyr ruhdaşyñ ýekeje bolmalydyr diýip?!

Mahym Nurgeldiýewa

26.06.2022 ý.
4 лайков 208 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Karkara
11 мар 2023, 15:35
Eserde türk äheňiniň barlygy, türk edebiýatyny köp okaýanlygy üçinem bolup biler.
Karkara
11 мар 2023, 15:37
Umuman gowy bolupdyr!
picasso
11 мар 2023, 15:55
Kerim agan owadan sen owadan owadan sen owadan diyip gosgusy bar soda size degisli Belki eke
Belki
Автор 11 мар 2023, 16:26
Picasso, sag bol, jigim! Begendirdiñ.
Belki
Автор 11 мар 2023, 16:28
Karkara, howwa, eger türk seriallaryna tomaşa etmeýän bolsa, başga ähtimallyk galanok.
Belki
Автор 11 мар 2023, 16:29
Karkara, ýazgy hakynda Ogulşadyñ pikrinem ýetir kyn görmeseñ.
Karkara
11 мар 2023, 16:42
Belki
Karkara, howwa, eger türk seriallaryna tomaşa etmeýän bolsa, başga ähtimallyk galanok.

Ol, türk seriala beýlede dursun başga kinoda görnok kän, belli belli taryhy kinolar bolmasa. Türkçe kitap okaýardy köplenç, şondan.