GIJÄŇ ÝARY...

Gijäň ýary it oýaryp köçeden
barýan,
kejir erkime-de däl eýe.
Hut ýaňyja eşiden “Unut...” sözümden
Serim duman, gargap barýan täleýe.

Iki dünýäň arasynda ser-sepil,
Damagymda doňup galan sözlerim
Gursagyma neşter bolup sünjülýär,
Bir ömürlik derde dözen dözmezim!..

Suwy egsilmejek umman deý söýgi
Gurap galdy, ýel uwlady ýerinde.
Kalbymda goş basdy ajy gussalar,
Senli ýatlamadan dykyn serim-de
“Hüw” diýip çöllere çykaýyn diýdi,
Agdar-düňder etsem diýdi panyny.
Edil düýnem joşgun çogan ýüregim
Bu gün arzuwlaryň boşan galyby...



Sapa HOMMADOW
17 лайков 164 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
13 мар 2023, 18:41
Galamyña saglyk
DonMaxx
13 мар 2023, 20:39
paylashyp dur
Abdylla36
13 мар 2023, 23:20
yaqshi sher
W. P
13 мар 2023, 23:26
Soňkurak ýazanlaryňdan öýdýän?