Tirkiş Jumageldiýewden sitatalar

Adam bagta gezek gelende deňlik küýsänok, begtbagtlyga deňlik küýseýär.

* * *

Ägirt wepany haýwanyň ýüregine salan Adam, özüň biwepalygy nirden öwrendiň!

* * *

Sungat hemişe pida talap etýär.


* * *

Bir adamyň rowaçlygy üçin ikinji adam şowsuzlyga uçramaly.

* * *

Kalby süýji aýalyň bişirýän tagamyda süýji.

* * *

Ygalsyz ýazyň asmany meniň ýüregimi guratdy.

* * *

Arassa duýguny söz bilen beýan edilende, çeşme suwuny el bilen duýjak bolnandaky ýaly ony bulandyrmagyň ähtimaldyr.

* * *

Ýanyp duran ýüregi arak bilen sowadyp bolanok.

* * *

Syýasat diýlende, bulanyk suwda balyk tutulşy göz öňüme geläýýär.

* * *

Taryhyň çaňy bilen halkyň ruhuny galdyrjak bolanlaryň nä güne düşendigini bilmek üçinem taryhy okamaly-da.

* * *

Duýgy ýeňilligiň, akyl-paýhas agraslygyň alamaty.

* * *

Alladan gorkmaýanlar indi molladan gorkup başladylar.

* * *

Nan atly gaçýa, biz pyýada kowýas.


* * *

Söwda ýollary ýurduň gan damarlary bolsa, bazar onuň ýüregi.


* * *

Bir adam wezipe eýelän oglunyň kabinetine baranda oňa ýaşuly diýip ýüzlenenmiş.

* * *

Pagta kyýamatdanam zor çykdy.
5 лайков 194 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
10 июн 2022, 15:42
Syýasat diýlende, bulanyk suwda balyk tutulşy göz öňüme geläýýär.


Bir adam wezipe eýelän oglunyň kabinetine baranda oňa ýaşuly diýip ýüzlenenmiş.

Kabul edilmesi kyn hakykatlar…
PDF bar bolsa, maňa-da ugradaý.
Hiayress
Автор 10 июн 2022, 15:48
Nirvana,
Kitaplarynymy?!
Hiayress
Автор 10 июн 2022, 15:50
"Duýgy ýeňilligiň, akyl-paýhas agraslygyň alamaty."

Duýguçyllara kellä geýäýipdir ýazyjy. :D
Pegas
10 июн 2022, 15:55
Alladan gorkmaýanlar indi molladan gorkup başladylar.

cilimkesh
Telwas
10 июн 2022, 19:55
Hiayress
Nirvana,
Kitaplarynymy?!

Ýok sitatalaryny. Kitaplary meň saňa ugradanlarym bardyr-da. Ýa bu ol dälmi?
Hiayress
Автор 10 июн 2022, 20:05
Nirvana,
Şolar, sitata okap ýörkäm bellik edip alyp goýanlarym. Ýokardakylaram şu wagt belläp goýanlarymyň hemmesi.
Margarita
10 июн 2022, 21:20
Bir adam wezipe eýelän oglunyň kabinetine baranda oňa ýaşuly diýip ýüzlenenmiş.

Ýogsam, şu derejä kakasy ýetirendirem welin...
Öwreniji
10 июн 2022, 22:03
Hemedany
Pagta kyýamatdanam zor çykdy

Uçgoza giden döwürlem ýadyma düşüp gitdi.

Baýramaly tehnikumda okadyňmy