ÄHLI GÜLLER GÖZELDIR (Nowella)
Paýtagtdaky ýokary okuw mekdebiniň
fizika fakultetini tamamlaýan Narymanyň guşy uçupdy. Begenjiniň çaky ýokdy.
Ýoldaşlaryda onuň begenjine goşulyp,
göwün diýen ýerine işe iberilendigi bilen
gutlaýardylar.
Ol neneň begenmesin?! Okuwy gutaryp, işe başlamaly boljakdygy ýadyna
düşse, ol: «Haýsydyr bir etrabyň çet künjegindäki ýada gum içindäki mekdepleriň
birine işe iberilerin» öýdýärdi. «Öz etrabyma düşmerin» diýip pikir edýärdi. Indi
bolsa ony dogduk etrabynyň dag içindäki
mekdebine işe iberýärdiler.
Ol mekdep dag içindäki obada ýerleşýände bolsa, Naryman dagynyň obasyndan juda beýle bir uzakda däldi, aralyk
bolsa onon bäş kilometrdir. Bu obada
Narymanyň kakasynyň dogany hem ýa
şaýardy. Mekdepde okaýan döwürleri ol
agalaryna köp gelerdi. Özi bilen deňduş
ikidogan çagalar bilen oglanlyk döwrüniň
köp mahalyny bile geçirdi: mal yzyndan
daga gitdiler, bu ýerdäki mekdebiň futbol
meýdançasynda bir topuň yzynda ylgan
gezekleri gaty köp boldy.
Ykbalyň öwrüm edişine bir seredä:
ine, indi Naryman şol mekdebiň fzika mugallymy bolup işe başlamaly.
Naryman öýüne gelende el goşlarynyň
arasyndan ilki bilen diplomyny çykaryp,
kakasyna uzatdy.
— Gutly bolsun! Kesbiňden kemal tap!
Abraý... — diýip, kakasy ýagşy dileglerini
aýdyp gutarmanka Naryman onuň sözüni
böldi:
— Nirä işe goýlandyr öýdýärsiňiz?! —
diýip, ýyrşýyrş etdi.
— Ýylgyrşyňa öz obamyzdaky mekdebe işe goýlana meňzeýär.
— Ýok, kaka. Baky agam dagynyň obasyndaky mekdebe...
— Onuň nämesine ýylgyrýaň? Öz obamyzdaky mekdebe alsaň bolmaýarmy?
Gatnamak aňsatmy saňa? — diýip, kakasy
oglunyň ýylgyryşyna düşünmeýändigini
bir topar sowallar bilen mälim etdi.
— Obamyzdaky mekdepde öňem fizika mugallymlarynyň üçüsi bar. Men asyl
öz etrabymyza, ondada şol mekdebe dü
şenime begenýän.
— Hä... — diýip, Narymanyň kakasy bir
zat aýtjak boldyda, aýtman goýdy.
Häliden bäri sesini çykarman oturan
Narymanyň ejesi atalyogluň sözüniň arasy kesilenden peýdalandy:
— Kakasy, häzirki münüp ýöreniňi satyp, özüňe başga bir täzeje aýagulag alynjak diýip ýördüň welin, muny Narymana
beräý işe gatnar ýaly. Aýgün kän, günde
ýola çykyp, geçen ulaga el galdyryp durmasyn. Bir gün ýagşy, iki gün ýagşy... Satyp
nätjek, ber ogluňa, şol münüp ýöreniňi...
— Hä... — diýip, Narymanyň kakasy
ýene sözüniň yzyny aýtmady. Birsalymdan
soň hem dillendi:
— Hä, eýle bolýan bolsa, onda okuwa
gireniň, okanyň hemde sagaman diplom
alyp geleniň üçin saňa şol maşyny sowgat
berýän — diýip, gapyda duran sary reňkli
«Žiguly» awtoulagyna tarap elini salgap
goýberdi.
«Maşgalada körpe ogluňky çüwýär
diýýärler welin, birinji çaganyňky hem erbet däl». Bu pikir ýene Narymanyň guşuny
alasmanda uçurdy. Begenjinden ýaňa
kakasyna «sagbol» diýmegide unutdy. Ol
eýýäm ulaga tarap ýönelipdi. Rula geçip
oturdam, şol wagt ejesi seslendi:
— Naryman, oglum, häzir hiç ýerik
hem gideňok, çaýçörek iýmän, demdynjyňy alman...
Naryman ejesiniň gaňryşyna giden
adam däl. Aslyndada, onuň häzir hiç
ýere gitmek niýetide ýokdy. Öňräjik bir
gezek oba gelende kakasynyň şu ulagynda dükana gitjek bolup rulda oturanda
sürüjilik şahadatnamasynyň ýoklugy
üçin kakasynyň oňa rugsat bermändigini, soňra Aşgabada gelende okuwynyň
daşyndan sürüjileri taýýarlaýan mekdepde okap sürüjilik şahadatnamasyny
alandygyny, getirip kakasyna görkezişini, şonda ol ulagyň «aýagynyň ýüwrükligini» görşüni ýatlady.
— Açarynam berdä, onda — diýip,
Naryman yzyna dolanyp gelşine kakasyna ýüzlendi.
— Ejeň diýeni bilen bol, açaram alar
ýörersiň.
Eneleriň taýýarlan naharynyň tagamynyň gaty üýtgeşik bolýandygy hakynda
pikirlere gaplanan hem bolsa, Naryman
öňüne goýlan tagamy howlukman, tagamyny duýaduýa, lezzetini göregöre iý
mäge derek, birsalymda içinden gysgajyk
dileg edip, ellerini ýüzüne sylyp, howlukmaç ýerinden turdy. Goşhaltasyna el urup,
ol ýerden iki eplenen kagyzy eline aldy.
Daş çykan dessinede, gözleri töwerekden
kakasyny gözledi. Oňa gözi düşmänsoň
ulaga gelip oturdy. Görse, onuň açary
ýerinde goýlupdyr. Ulagy otlandan ejesi
içerden atylyp diýen ýaly çykdy.
— Naryman, nirä barýaň?! Maşyn bererligem ýok bulara...
— Eje, işlejek mekdebime, ine, şulary
eltip, derrewjik gelerin — diýip, hälki eline
alan kagyzyny ejesine görkezdi.
****
Mekdepden ýylgyryp çykan Naryman
ejesine beren sözüni unudypdy. Ol ulagynyň ruluny şu obada ýaşaýan Baky agalarynyňka tarap öwürdi. Olaryň gapysyna
barandan jaýyň arkasyndaky meýdançada
ýyglyp getirilen otlary serip ýören ýaşuly
edip oturan işini goýup bärligine gaýtdy.
Ulagdan düşeniň Narymandygyny görüp
hem dillendi:
— Baýbow, senmi bu? Menä Gurduň
maşynyny görüp, şol gelendir öýtdüm.
— Bu maşyn indi Narymanyň maşyny
boldy. Salowmaleýkim, agam!
— Waleýkim, inim! Asyl, şeý diýsene!
Olar saglykamanlyk soraşansoňlar
Naryman şu obadaky mekdebe işe iberilendigini, edil häzirem şol mekdebe
baryp gelýändigini gürrüň berdi. Baky
agasy onuň elini täzeden gysdyda,
diplomy bilen, kakasynyň diplom alyp
gelmeginiň şanyna eden sowgady bilen
gutlady:
— Işiňem gutly bolsun! Näçe sagatlyk
sapak berdiler?
— Direktora bir oňat adam eken. Fizikadan ýigrimi dört sagat berdi. Soňundanam: «Ony azrak görseň, işläsiň gelýän
bolsa, algebradanam, çyzuwdanam sapak
berip biljek» diýdi.
— Gowy adamdyr. Şu obanyň oglany
ol. Daşyndan ýene goşmaça sapak berjek
diýen bolsa, algyn! Ýaňy işe başlaýaň. Dogumlyja bol! Tüweleme, Bakynyň inisi ot
ýaly diýsinler. Ýüküň diňe abraý bolsun!
Soň Baky inisini elinden tutup diýen
ýaly içeri alyp bardy. Naryman gelnejesi
bilen gadyrly salamlaşandan soň Baky oňa
Narymandan eşiden täzeliklerini gürrüň
berdi. Şeýdibem, olaryň saçak başyndaky gürrüňi gyzdy gitdi, gürrüň gyzsada,
uzaga çekýär.
Öýlerine dolanyp gelende ejesiniň
derwezäniň daş ýüzünde durandygyna
gözi düşende, «derrewjik gelerin» diýip,
oňa beren sözi ýadyna düşdi. Şonuň
üçinem ulagdan düşüpdüşmänkä Baky
agalaryna barandygyny, gelnejesiniň çaý
çörek berendigini ejesine gürrüň berdi.
Enäniň darygan dünýäsi giňäp gitdi.
***
Mekdep müdiriniň beren sözi, Baky
agasynyň aýdanlary Narymanyň birsellem
hem ýadyndan çykmady. Goşmaça sapak
almak baradaky mesele oňa ynjalyk bermedi. Elbetde, ol okuw ýyly başlamanka
çözülmelidi. Narymanyň işe başlamaly
gününe çenli hem entek eslije wagtyň bardygyna garamazdan, mekdebe gitmegi,
mekdep müdiriniň goşmaça sapak barada
«agzyny ysgap» görmegi ýüregine düwdi.
Magtymgulynyň «Goýun bilen gurt
diýgeniň rastmydyr» diýen setirini gaýtalapgaýtalap, mekdep müdiriniň kabulhanasynda peýda bolanyny hem duýman
galdy. Içeri girende bu ýerde oturýan gyzdan başga müdiriň kabul ederine garaşyp
oturan bir naçaryň hem bardygyna gözi
düşdi. Gözi düşen dessinede nazarlaryny
kesä sowdy.
— Bu näme diýip geldikä? — diýip, Naryman öz ýanyndan çak urmaga başlady.
— Müdirden näme haýyş etjekkä?
Özä orta mekdebi ýaňy gutarana meň
zeýär. Bir işjagaz sorap gelendirle... Tam
süpüriji hem gerek bolmagy ahmal bu
mekdebe».
Şu ýerde Naryman pikirini bes etmeli
boldy. Açylaryna garaşylyp durlan gapy
açyldy. Içerden eli depdergalamly mugallymlar özara gürleşip çykyp ugradylar.
Olaryň iň soňkusy gapyny ýapanda bu
ýerde oturýan gyz Narymanyň ünsüni
çeken gyzyna içeri girmäge rugsat berdi.
Naryman oňa göz astyndan nazar atdy.
Müdiriň iş otagynyň gapysy açylanda
«Indi onuň ýanyna men gireýin» diýen ni
ýet bilen Naryman ýerinden turdy. Ýöne
hälki gyz gapydan çykansoň onuň yz ýanynda müdiriň özi hem göründi. Ol entek
bosagadanam doly ätlemänkä:
— Hä, ine, Narymanam bar eken
— diýdi.
— Geleniň gowy bolupdyr. Ine, tanyş
bol, bu gyzyň ady Şemşat, özem welaýatymyzdaky mugallymçylyk institutynyň
fizika fakultetini tamamlap bize işe iberlipdir. Biz ol instituta sargyt iberenimizde
matematika mugallymynyň gerekdigini
aýdypdyk welin, fzik hem bolsa bolýar.
Ine, Şemşat şol sargyt boýunça gelipdir.
Elbetde, oňa seniň öňräjik gelendigiňi, fzikadan sapaklary saňa berendigimi, ýöne
algebradan, geometriýadan, çyzuwdan
sapak berip biljekdigimi aýtsam, Şemşat
ylalaşdy. «Iberilen mekdebimde işlesem
bolýar» diýdi.
— Bolaýypdyr. Gutly bolsun, Şemşat!
— diýip, Naryman ony gutlady.
— Şemşat, ine, buda ýaňky aýdanym,
ady Naryman. Özem Aşgabatdaky uniwersitetiň uçurymy. Indem şu mekdebiň fzika
mugallymy bolup işe başlamaly.
— Tanyş bolanyma gaty şat — diýip,
Şemşat Narymanyň ýüzüne garap aýtdy.
Soňra müdire ýüzlendi:
— Sag boluň! Ähli resminamalary ertiriň özünde getirerin. Häzirlikçe sag boluň!
Şemşat çykyp gidensoň müdir: «Meniň
ýanymamy? Näme mesele?» diýýän manyda Narymanyň ýüzüne seretdi.
— Salamlaşaýyn hemde habar tuta
ýyn diýip geldim, belki, mekdebiň odurbudur işleri bardyr... — diýip, Naryman
näme üçin gelendigini anyk aýdyp bilmedi. Sebäbi onuň gözüne birgeňsi görnen
gyzyň, özem fzika mugallymy hünärini
ele alan gyzyň bu mekdebe işe gelmegi
bilen goşmaça sapak almak barada dil
ýarmagyň gerek däldigi düşnükli bolupdy. Müdiriň:
— Entek wagt bar, ikiňizem işe başlanyňyzdan soň işgärler bilen tanyşdyraryn
— diýen sözünden soň çykyp gaýdan Narymany «ikiňiz» diýen söz iňkese goýdy,
ynjalygyny gaçyrdy, alada goýdy: «Şol gyz
bilen bilemi?! Işe başlapbaşlamankam
gelşiksiz ýagdaýa uçramaň näme diýsene!
Alaböle şu meniň gelen mekdebime işe
geläýmelimi ol?! Başga mekdep gytmy
diýsene?! Özem fzik ekeni, men ýaly. Ýö
ne şondada: «Fizikadan sapak bolmasa,
okatjak däl, başga sapaklar gerek däl.
Maňa fzikadan sapak ber» diýibä durmandyr. Bu mekdepde bar bolan fzika
sapaklarynyň hemmesini maňa berdi
ahyry, müdir. Soň ol nireden alsyn ony?
Ýöne, nämede bolsa, düşünipdir şu ýagdaýa. Akyllyja meňzeýär. Hälem meniň bir
hepde ir gelenimi aýtsana! «Işe barmaly
günüm bararynda mekdebe» diýip, süý
nüpsarkyp, haýalýagallyk etsemä maňa
fzikadan sapak ýetjegem däl eken. Bu
menden ir gelen bolsa mekdep müdiri
fzika sapaklaryny maňa berşi ýaly, bu gyza berip oturyberjek eken. Hudaýa şükür,
nesibäm bar eken».
Birdenem, Naryman ulagyna münüp
hem ony otlaman, pikire çümüp galandygyny aňladyda, hasyrhusur ulagynyň
açaryny towlady, howpsuzlyk kemerini
hem ugrandan soň dakyndy. Obanyň içindäki ýol bilen barşyna Baky agasy ýadyna
düşdi. Oňa bir gyzyň hem şu mekdebe
işe gelendigi sebäpli, goşmaça sapak alyp
bilmändigini gürrüň beresi geldi. Ýöne şol
pursatda ýene ejesi ýadyna düşdi, Baky
agasynyňka barjakdygyny aýtmandan soň,
onuň ýene gözüni ýola dikip garaşjakdygy göz öňüne gelensoň bu pikirinden el
çekdi.
Edil oba gutaraýan ýerdäki ýolagçylar
saýalar ýaly demirden gurlan duralgada
bir gyzyň durandygyna aňyrdan gelşine
Narymanyň gözi düşdi. Ilki oňa üns bermejegem boldy. Ýöne ýakynlaşdygysa
ýy mekdep müdiriniň kabulhanasynda
gabatlaşan gyzdygy oňa aýan göründi.
«Şol!» diýen pikir dörän dessine Şemşat
onuň göz öňünde janlandy, janlanan dessinede ony başga bir pikir iňkise goýdy:
«Onuň deňinde dursammykam ýada
görmediksirän bolup, geçip gidibersemmikäm?! Ol meni rulda oturan ýerimden
tanarmyka ýa tanamazmyka? Tanarla!
Gyzlaryň gözi ýiti bolýar. Tanasaha gel
şiksiz bolaýmasa, deňinden görmediksirän bolup ötübermek. «Meni görübem,
durman gitdi» diýmegi mümkin. Ony
görmezligim bolsa mümkin däl, onuň
duralgada bir özi ahyry. Ondan başga bu
töwerekde iňlär siňegem ýok. Ony görmediksirän bolmagyma biriniň ýüzüne
seredip ýalan sözlän ýaly zat bolýar. Asyl,
ol nirä barýarka? Haýsy obadanka ol?
Menä oňa şu dag obasynyň gyzymyka
öýtdüm, ilki görenimde...».
Naryman belli bir karara gelip ýetiş
mänkä onuň aýaklary ulagyň tormuzyna
basyp, ulagy şol gyzyň deňinde saklady.
Naryman isleseislemesede, oňa söz gatmaly boldy:
— Ýör, alyp gideýin! Nirä barýaň?
— Aý, ýok, size azar bolmaýyn, ýol ulagy geçip dura.
— Oň azary bolmaz, ýör!
Şemşat ikinji mürähetden boýun ga
çyrmady. Ola bir, ikinjidenem, geljekde
bile işleşjek kärdeşiniň sözüni hem ýykyp
biljek däldi. Şondanam ulagyň yzky gapysyny açyp:
— Azar edinmeli däl ekeniňiz, siz nirä barýaňyz? Ýol ugruna däl bolsa meniň
özüm giderdim — diýip, sypaýyçylyk edip,
birbada geçip oturybermekden saklandy.
Naryman:
— Akderä barýan — diýensoň Şemşat
batyrlyk bilen onuň ulagyna geçip oturdy.
— Onda bolýala... Meni Akderä sowulmankaňyz uly ýoluň ugrunda düşürseňizem bolar. O taýdan Garkyna gidýän
ulag kän.
Akderi hem, Garkyn hem «Pesdi» daýhan
birleşiginiň obalarydy. Olaryň ikiside uly
ýoly alkymlap diýen ýaly otyrdy. Uly ýoldan
ulagdan düşüp, obalaryň ikisinede bäş minut pyýada ýöreseň baryp bolýardy. Bu iki
obany «Möwlambaý» hemde «Bägülbaý»
atly pagta ekýän meýdanlary bölýärdi.
«Hä, bu gyz Garkyndan eken. Men bolsa muňa ýüz sypatyna seredip, dagly gyzdyr öýtdüm. Kimiň gyzyka bu?» diýip oý
lanan dessine ol sowal onuň diline geçdi:
— Kimlerden bolarsyň?
— Baýly gara diýip eşitdiňmi? Obanyň
baş çopany...
— Diňe eşitmegem däl, toýtomgada
birki ýola göräýdimem öýdýän. Onda sen
edil ataňa meňzeýär ekeniň. Ýöne onuň
göwresi daýawdy ýaly...
— Boýkamaty enemden alypdyryn.
Ýörüňdä indi, tanan bolsaňyz, sürüň ma
şyny, ýöräliň, ýedi ýoluň ortasynda beýdip
durmalyň.
Şemşadyň bu sözlerinden soň Narymanyň ulagy ýola düşenem bolsa, onuň
özüni ýene pikiroýlara atardy: «Şu gün
maňa bir zada bolýar. Aňkaryp durmany
tapdym. Hernä, gowulygyň alamaty bolsunda. Bu gyzam nireden maňlaýymdan
çykdy diýsene?! Baýly garanyň gyzy». Ol
Baýly agany göz öňüne getirmäge synanyşdy. Onýança Şemşat ýene dillendi:
— Näme diýip, pikire batdyňyz? Men
sizi kyn günde goýaýdym öýdýän. Men
sebäpli ýoluňyzdan sowulmaly bolýan
bolsaňyz, meni ýolda goýup gidiberiň...
— Aý, ýok, ýolumdan sowaňok, ýöne
mugallym bolup, ilkinji sapaga girjegimi
göz öňüne getirmäge synanyşdym.
Naryman öz aýdan sözüne özi geň
galdy. Şemşat hem soň sesini çykarmady.
Dogruja sekiz minut olardan ses çykmady.
Göni şonça wagtda Narymanyň ulagy Akderi obasynyň deňine geldi.
— Siz öýüňize sowulsaňyz, meni şu
ýerde düşüräýiň!
Ýöne Naryman ulagynyň badyny
gowşatmady. Göni ýene bäş minutdanam
Garkyn obasynyň deňine gelip saklandy.
Şemşat hoşallyk bildirip düşüp gidiberjek bolanda Naryman birden dillendide,
onuň atasy bilen Gurban aga ogluny öý
lendirende bir saçagyň başynda oturandygyny aýdyp berdi. Soňra gepi başga bir
ýana ugradyp goýberdi:
— Fizikadan sapak alyp bilmändigiňe
gynanýaňmy? Biraz gijä galypdyryn diýip
ahmyr edeňokmy? — diýip sorady. Dogrusy, bu sowal häliden bäri dymyp gelýän
Narymanyň dünýäsini eýeläpdi.
Şemşat onuň iki sowalynada bir sözde
«Ýok» diýip jogap berdi.
— Öz obaňyzdaky mekdepde orun
ýok ekenmi?
Şemşat onuň bu sowalynada «Ýok»
diýip jogap berdi.
— Seniň öňüňde özümi birhili müýnli
ýaly duýýaryn...
Şemşat: «Ýok, ýok!» diýdide, bolan
işe, durmuşynda gabat gelen hiç bir zada
gynanmaýandygyny gürrüň berdi. Oňa
okaýan döwründe gabat gelen wakalary
ýatlap mysal getirdi. Onuň gürrüň beren
her wakasyna kybapdaş wakany Naryman
hem öz durmuşyndan tapyp aýdyp berdi.
Wagt diýeniň bolsa bulara garaşyp durup
biljek däldi: ol birwagt bularyň deňinden
geçip gidipdi...
Ol hakda Naryman öýüne gelende
enesiniň derwezäniň daş ýüzünde ýola
garap oturanyna gözi düşende ýatlady.
****
Agşam ýerine geçip ýatjak bolanda
Şemşadyň: «Ähli resminamalary ertiriň
özünde getirerin» diýen sözleri ýadyna
düşenem bolsa, Naryman oňa ähmiýet
bermejek boldy, içdedaşda käbir işlere
güýmendi, içeri giribem eline kitap aldy. Ýöne Narymana ondan gutulma ýok
eken, ol irden oýananda şol sözleriň ýene
huşunda gaýtalanmasyna öz ýanyndan
el salganam bolsa, «Ol mekdebe ertir salkyn bararmyka ýada günortandan soň?»
diýen sowal welin, Narymandan özüne
jogap bermegi talap etdi. Ýöne Naryman
nädip oňa jogap bersin! Bu hakda Şem
şatdan soramagam düýn onuň ýadyna
düşmändir. Entek işe başlamanka Şem
şady idäp hem ertir salkyn, hem öýlän
mekdebe barmagy bolsa birhili gelşiksiz
gördi, ýoldayzda garawullap durmak
ondanam gelşiksiz boljakdy. Haýsydyr
bir tanşynyň oňa gözi düşmegi mümkin,
ýok zada müňkür bolarlar, herki zatlary
göwnüne getirerler. Ine, şu pikir hem
Narymany mekdebe gitmekden saklady. Ýüregi welin «Git!» diýdi, «Şemşady
ýene obasynyň deňine çenli eltip gaýt!»
diýdi. «Onuň beren gyzykly gürrüňlerini ýene diňlesem» diýdi. Ýöne Naryman
ýüreginiň diýenini etmekden saklandy,
has dogrusy, ony gelşiksiz hasap eden
zatlar saklapdy.
«Sen alyp gaýtmanyňdada, ýoldayzda ötüpgeçip duran ulag kän. Onsoňam,
seniň ne işiň bar onuň bilen, mekdebe
haçan barsa, şonda barsyn! Seniň nämäň
ol?! Bolduň meniň başyma onuň aladasyny edýänden. Onsoňam, onuň ýanynda
durmaga utanjak dälmi? Gören adam
ýanyňdaky gyz kimaý?» diýip hökman gyzyklanar. «Utan» diýip, Naryman özözüne
käýemek bilen ol pikirleri kowmak üçin şol
gyzyň jemalyny göz öňüne getirdi. Ýöne
ol pikirler gitmek üçin gelene meňzeme
ýärdiler. Olar Narymanyň pikirine girmek
üçin onuň başynda köwsarlaýardylar. «Nätseňiz şeýdiň, siziň bilen işim ýok» diýip, ol
kakasyna öýhojalyk işlerine kömekleşdi,
gapydaky malgara esewan etdi. Şeýdibem, köňlüniň islegine garşy durmagy
başardy. Olara baş bermedi, ýagny olaryň
yzyna düşüp, Şemşada duşmak maksady
bilen dag obasyna gitmedi.
Ertesi bolsa bu gün mekdebe gitmegiň haýrynyň ýokdugy, sebäbi Şemşadyň
düýn gelip gidendigi hakyndaky pikirler
oňa hemra boldy.
Birigüni özüni gaty arkaýyn duýdy:
sebäbi işe başlaman Şemşat bilen duşup
hem, gepleşip hem bilmejegine gözi ýetikdi.
Soňkusy gün bolsa Şemşadyň haýsy
gün işe başlaýandygyny bilip bolmazmyka
diýen pikire gümra bolup geçirdi.
Ondan soňkusy gün bolsa irden başlap:
«Senä bir duranja ekeniňaý» diýip,
özözüne käýedi.
«Näme maksat, näme niýet bilen sen
ol gyzyň pikirini edýäň?! Hany, aýt! Jogap
berip bileňokmy?! Çünki seniň ol barada
hiç bir maksadyň hem ýok, hiç bir niýetiň
hem ýok. Onda näme onuň haçan işe baş
lajakdygy bilen gyzyklanýaň? Şoňa akylyň
ýetenokmy? Olda seniň özüňiň işe çykan
günüň barar. Ikiňiz hem deň geldiňiz ahyry, deňje hem işe başlarsyňyz. Aslyndaha,
onuň bilen bagly zatlar meni gyzyklandyrmalam däl...».
Şunuň ýaly alasarmyk ýagdaý dogruja
on bäş gün dowam etdi.
Ine, bu gün bolsa irden ol dag obasyndaky mekdebe — işine tarap ýola
düşdi. Günortana çenli mekdepde boldy. Özi mekdep işleri bilen meşgul bol
ýan ýaly hem bolsa gözleri kimdir birini
gözleýärdi. Ol öz gözleriniň Şemşady
gözleýändigini boýun alasy gelenokdy.
Daşary çyksa, mugallymlar otagyna barsa, Şemşada gözüniň düşjegini bilenden
soň, uzak wagtlap fizika otagyndan çykman işe gümra bolmagy başardy. Ýöne,
ine, birdenem dälize çykanyny dälize çykandan soň duýup galdy. Ýöne ýüregiň
emri bilen ýöreýän gözleri ýitigini bu gün
tapyp bilmedi. Ony ertesi hem tapmady. Diňe täze okuw ýylynyň başlanýan
gününde — birinji sentýabrda entek
sapaklar başlamazdan öň mugallymlar
otagynda wagty, müdir bilen Şemşat
tirkeşip içeri girende ýüregi: «Ahyr geldow!» diýip seslendi. Ýüreginiň sesi onuň
gulagynda ýaňlanyp gitdi. Del gulaklar
eşiden bolaýmasyn diýen howatyr bilen beýleki mugallymlara nazar aýlady.
Hemmeleriň ünsi müdirdedi, gözleri mü
diriň ýanyndaky şol garameňiz gyzdady.
Narymanyň nazary hem beýlekileriň
göreldisine eýerdi. «Heý, şu gyzyda hyrydar çykjak tapylarmyka?» diýip, kellesine zordan salan pikirine öz ýanyndan
ýylgyrdy. Ýüregi bolsa gözlere şol gyzyň
göreçlerine seretmegi buýurýardy.
Naryman Şemşada özüniň hem bardygyny hernäçe görkezjek bolsada bolmady, ýogsam beýleki mugallymlardan
öňe çykyp hem gördi. Ýöne gyzyň gabagy galmaýardy, galsada onuň nazary
başgabaşga ýerlerden öwrüm edýärdi.
Asyl ol Naryman bilen tanyş däl ýaly, ony
asyl bu durmuşda görmedik ýaly özüni
alyp barýardy. Tersine, Naryman bolsa
oňa: «Salam, Şemşat» diýip ýüzlenäý
sem diýýärdi. Ýöne oňa maý bolmady.
Hemmeler sapaga çykyp ugranlarynda
Naryman atylyp diýen ýaly gyzyň ýanynda peýda boldyda:
— Işe başlamagyň bilen gutlaýaryn
— diýdi.
— Sag boluň! Siziňkem gutly bolsun! —
diýendede Şemşadyň gabagy hem galmady, hatda özüne lak atanyň kimdigini bilmek
üçin hem onuň ýüzünede seretmedi.
Ine, bar bolan gürrüň. Soňra ol Şem
şada golaýlaşmaga het edip bilmedi, del
gözlerden çekindi, del göz bolsa bu ýerde
barmak büküp sanardan kändi.
* * *
Aýgünem kän. Şolaryň birinde Naryman mekdepden çykyşyna Baky agalarynyňka sowuldy. Işe başlany bäri ol
bularyňka gelenokdy, mekdepden gaýtdygy şu obadan çykan ýerdäki awtobus
duralgasyny nazarlap barýandyr. Ine, şol
taýdada adamda iki göwnüň bardygy
Narymana has aýdyň göründi. Bir göwni:
«Ýitigiňe garaş, geler» diýse, beýleki göwni:
«Seniň nämäň ol, garaşma, biri görse näme
diýer? Şonuň üçin hany ugra şu ýerden,
durmada!» diýdi. Naryman ýumşak göwnüniň dälde, haýbatly göwnüniň diýeni
bilen bolmaly bolýar.
Baky aga inisini görenden:
— Ýeri, goç ýigit, başga bir mekdebe
işe geçäýdiňmi? — diýip sorady.
— Ýokla, şu mekdepde.
— Aý, näbileýindä, şu mekdepde
işleýän bolsaha, salama gelip giderdi
diýýärdim.
— Ine, geldimä...
— Ýeri, bolýa, gir içeri. Keýwany, Naryman gelipdir, özem işden gelşidir, garbanar ýaly bir zatjagazam bereweri!
Baky aganyň özide Naryman bilen
bile saçak başyna geçdi. Çaý başynda
inisi oňa goşmaça sapak alyp bilmändigini, oňa Garkyn obasyndan Baýly gara
aganyň gyzynyň sebäp bolandygyny,
onuň fizika ugrundan ýokary bilim alyp,
şu mekdebe işe iberilendigini gürrüň
berdi.
— Gyzy Baýly garanyň özi ýaly garaýagyz eken. Menä ol adam epgekli çölde, jöwzaly tomusda, depäňi deşip gelýän
Günüň «saýasynda» mal yzynda gezip garaldymyka diýip ýördüm welin... — diýip,
Naryman sözüniň dowamyny aýtmakdan
saklandy. Şonsuzam onuň niräni tozadýandygy düşnüklidi.
— Haý, zaňňar, duraweri, gyzyň garasy
bolmaz. Kerim şahyr «Gyzlaň garasy — ähli
gyzlaň seresi» diýmänmidir. Gara gyzlaň
edýän işi emek ýaly bolýandyr. «Garanyň
gany çykýança sarynyň jany çykar» diýip
aýdýandyrlar. Ýönelige däldir, bilip goý, ol
gürrüň. Garalar gaýratlydyr. Görersiň häli,
ol gyzam atly mugallym bolup, seni tozana
garyp gider.
— Aý, näbileýin.
— Juda beýlede däldir. Goşmaça aljak
sapagyňy saňa ýetirmän alandygy üçin
gözüňe seniň şeýle görnendir, ol görgü
li — diýip, Baky aga köňlüne gelen pikiri
daşyna çykardy.
— Aý, ýok, onuň üçin däl.
— Oňa gara diýilmeýär. Mele gyzlar
diýip eşitmänmidiň?
— Maňlaýy hem giň...
— Maňlaýy giň gyzlar, bagtly gyzlar
bolýandyr, rysgally, hojalykçy bolýandyr.
— Meniň boýum orta boýly. Ol welin,
mendenem gaty kelte eken.
— Ana, şol gyzlar edenli bolýarlar, tutan zadyny goparman goýmaýarlar. Ähli
zada yhlasly bolýarlar.
— Burny hem...
— Onda diňe reňkini däl, burnunam
atasyndan aldygy bolýar, çaganyň. Men
Baýly garany gowy tanaýan, akylly adam,
asylly adam, gurply adam, gara zähmeti
bilen tanalýan adam ol. Gyzy atasyna meň
zän bolsa, kemi ýokdur ol gyzyň.
Naryman, özüni bilmezden, içini
döküpdi, özüni ynjalykdan gaçyrýan,
ädimini baglaýan zatlary diline getiripdi. Olara jogap alanda bolsa onuň
ýüreginiň gürsüldisi has artypdy, ýöne
ol onuň sebäbi barada oýlanmady, ony
nämedir bir zat oýlanmaga goýmady,
ol obadan çykan ýerdäki duralganyň
ýanyna barasy geldi. Şol isleginiň guly
boldyda, iýlen duza töwir galdyryp,
turmak bilen boldy.
Ýöne duralgada hiç kim ýokdy. Bir oglanjyk eşegini tirkildedip geldide, ondan
sypyrylyp düşdi. Eşeginiň boýnundaky
ýüpi duralganyň bir demrine iltedide,
özüni saýa atdy.
Naryman säginen hem bolsa, bu ýerde uzak eglenmän, ýoluny dowam etdi.
Ýolboýy hem Baky agasynyň aýdanlaryny birinbirin ýatlap, onuň nähili akylly
adamdygyny, nähili makul gepleri gurandygyny öz ýanyndan tekrarlap barýar.
«Şü, Baky agam bara, diýseň akylly adam,
danalyga ýetipdir!». Bu pikir ony guş ýaly
uçuryp goýberipdi. Çünki ol özüne tarapdar tapynypdy. Baky agasy ony goldajak
eken. Ol onuň gözüne arkasyndaky dag
ýaly bolup göründi. Atasy hem agasynyň
diýeninden çykmaz. Enesi hem atasynyň
diýeninden çykmaz. «Il näme diýer?!» di
ýip, Naryman birden gelen sowala birden
jogap tapmady.
«Il?.. Il agzyny bogup bolmaz. Näme
diýse, şony diýsinler! Bir diýerler, bir go
ýarlar».
Ol batyrgaýlyk bilen «hüjüme geçmeli»
diýen karara geldi. «Erteden başlap menden sypmarsyň, gözel gyz!».
* * *
Mekdebiň mugallymlary işdeş ýoldaşy Narymanyň durmuş toýuna baranlarynda: «Tüýs mynasyp biribirlerine»,
«Hudaý duşursa şeýle bolýar», «Ilki görenimizde garaja gyz ýalydy welin, tüweleme, ýüzem durlanypdyr», «Boýyda ösen
ýaly bolupmy? Ýa toý geýiminde şeýle
görünýärmikä?» diýip, durmuşa çykýan
gyzyň owadanlygynyň yzyny üzmän tarypyny ýetirdiler.
Akmuhammet Hemidow

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.