Ýene mekdep barada / Aşyr Sapar

Çagajyk 6 ýaşady. Şeýlelikde, onuň durmuşynda täze eýýam başlandy: geljek okuw ýylynda ol mekdebe gitmeli. Mundan onuň özüniňem habary bar. Ejesiniň ýanyna gelýär-de, «Eje, men haçan okuwa gidýän?» diýip soraýar. Ejesiniň biraz oýlanyp, «Ýene-de 60 gezek ýatyp-turanyňdan soň…» diýip beren jogaby çagany kanagatlandyrýar. Ýogsam ol sanlaryň hemmesini ýa bilýändir, ýa bilýän däldir… O zatlary ol mekdepde indi öwrenmeli ahyry!

Çaga halkynyň belki-de ýeke-täk arzuwy bar: ulalmak. Eýsem, mekdebe gitmek — ulalmagyň ilkinji alamaty dälmi näme?!

***

«Mekdep — ikinji öýüň, mugallym — ikinji ene-ataň» diýen sözi häli-şindi eşidip ýöremizsoň, ol adaty bir zada öwrülip gidipdir. Çuňňur pikirlenseň welin…

«Ene-ata çaga terbiýe bermeli, mugallym bolsa ylym bermeli» diýmek juda ýalňyşdyr. Çünki ylymam, terbiýe-de çuň umman ýaly… Ummanyň düýbüne ýetmek mümkin. Emma ylymdyr terbiýäniň welin…

Şonuň üçinem, adamyň goşa ganaty bolan bu iki närsäni bermek ýaly işiň bir adama başartmajagy düşnükli. Bu ugurda mugallym bilen ene-atanyň biri-birine hemaýaty zerur bolsa gerek.

***

Indi 12 ýylyň içidir mekdebe gatnap, diňe bir mugallymlary, synpdaşlary bilen däl, eýsem mekdebiň islendik işgäri bilen ysnyşan okuwçy bu ýer bilen hoşlaşmaga taýýarlyk görýär. Ol mekdepden soňky durmuş ýoluna aýak basmaly.

Bu ýagdaý, mäkiýanyň uçmagy öwrenen gyzyletenesiniň öz başyny çarap biljegine göz ýetirenden soňra, oňa ak pata berşine meňzemeýärmi näme?!

***

Mugallym «Ikilikden gözi açylmaýan okuwçymam başga mekdebiň bäşlikçisi bilen çalyşmaryn» diýýär… Okuwçynyň mugallymy öz ikinji ene-atasy hökmünde görşi ýaly, mugallym hem öz okuwçysyny ikinji perzendi hökmünde görýän bolarly…

***

Mekdebi gutaran günüm bolup geçen bu wakany hiç wagt unutmaryn. Gutardyş günümiziň birki gün öň ýany mekdebimizi şeýle bir bezediler welin, ol mekdebe däl-de, toý ýerine çalym edýärdi. 25-nji maýda diýseň şowhunly geçen gutardyş dabarasyndan soň, her kim öýli-öýüne dargady.

Men şol gün öýlänler bir iş bilen ýene mekdebe öwrülip bardym. Barsam: 3-4 sagat mundan öň toý ýerini ýatladýan bezeglerden nam-nyşan ýokdy.

Meni üýtgeşik bir duýgy gaplap aldy. Hamala diýersiň, «Ine, görşüň ýaly, mekdebiň-ä edil öňküsi ýaly. Ýene täze okuwçylar geler, täze okuwçylar gutaryp gider… Sen bolmasaňam şeýder-de dowam eder barar… A sen näme? Ýüzüň nirä?! Ugruň hanjak?!» diýýän ýalydy…

Aşyr SAPAROW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
3 лайков 107 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.