Gelejegiň kärleri

Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşdrylmagy bilen öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda hünärmenleriň 50 göterimi işe bolan ukyplaryny täzeden gözden geçirmeli bolarlar. Bütindünýä ykdysady forumynyň «Gelejegiň işleri» atly üçünji hasabatynda bu barada anyk maglumatlar berilýär.

Sanly ulgam käbir hünärleriň zerurlygyny azaltmak bilen bir hatarda täze hünärleri döretmegiň açary bolup hyzmat edýär, şeýle hem bu ýagdaý täze başarnyklary öwrenmegimize, hem kömek edip biler.

Forumyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyla çenli zähmetiň ugrunyň sanly ulgama tarap üýtgemegi bilen 85 million iş ornunyň ýok bolmagyna sebäp bolup biler. Muňa garamazdan, enjamlaryň, algoritmalaryň we ynsan güýjüniň arasynda utgaşdyrylan iş paýy 97 million täze iş ornuny döredip biler.

2025-nji ýylda esasy zerurlyk duýuljak hünärleriň arasyna maglumat bilen işleýän ylmy işgärler, emeli zehin boýunça hünärmenler, sanly marketing we munuň strategiýasy boýunça hünärmenler, awtomatlaşdyrmak boýunça hünärmenler, hususy telekeçilik ugrundan işlejek bilermenler girýär.

Esasy 10 başarnyk

Tehnologiýanyň durmuşymyza has işjeň ornaşdyrylmagy bilen zerurlyk duýuljak başarnyklaryň hem üýtgemegine garaşylýar. Öňümizdäki bäş ýylda şol bir wezipede işlerini dowam etdirmek isleýänler başarnyklarynyň 40 göterimini täzelemeli bolarlar.

Iş bilen üpjün edijileriň pikirine görä, täze başarnyklara bolan talap 2025-nji ýyla çenli has hem ýokarlanar. Bu talap forumyň 2016-njy ýylda çykaran ilkinji hasabatyndan bäri ýokarlanyp gelýär.

Soňky hasabata başarnyklaryň täzeleri hem goşuldy: işjeň öwrenmek, çydamlylyk, stresli ýagdaýlardan baş alyp çykmak we maýyşgaklyk.

2025-nji ýylda işe girmek isleýänlerden talap ediljek esasy 10 başarnyk şulardyr:

Analitik pikirlenmek ukyby we innowasiýa açyk bolmak.
Yzygiderli öwrenmegi başarmak.
Çylşyrymly meseleleri çözmek.
Tankydy pikirlenmek we seljerme ukyby.
Döredijilik, özüne mahsuslyk we täze başlangyçlary teklip etmegi başarmak.
Liderlik we täsir edijilik.
Tehnologiýany ulanmagy başarmak, dolandyrmak we gözegçilik etmek.
Tehnologiýa dizaýny we programma ýazmak.
Çydamlylyk, stresli ýagdaýlardan baş alyp çykmak we maýyşgaklyk.
Sebäpleri ýüze çykarmak, mesele çözmek we pikir döretmek.
Täze başarnygy öwrenmek wagt we serişde talap edýär. Hasabata görä, köpçülik bilen işleşýän, medeniýet, ýazuw, satyş we marketing ugurlarynda işleýän hünärmenler üçin ýokarda agzalan başarnyklary öwrenmek üçin 1-2 aý wagt gerek bolar. Bu wagt aralygy maglumat we emeli aň ugrundan işleýän hünärmenlerde 2-3 aýa, «bulut» tehnologiýasynda işleýän hünärmenlerde we inženerlerde dört aýa çenli uzap bilýär.

Çeşme: zamanturkmenistan.com
4 лайков 72 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.