LAL GYZA...

LAL GYZA...

Gulagyñ eşdenok,gürläp bileñok,
Bize tanyş dilde,biziñki ýaly.
Diliñe düşünmän adam sürüsi,
Señ adyñ yzyna dakdylar "Däli".

Däli bolmasam-da,telbe dünýämi,
Syrdaş saýyp käte gelýañ ýanyma.
Çynyñ bilen gürrüñ berýäñ bir zatlar,
Men diliñe düşünýän deý,hamala.

Düşündirýäñ hereket hem üm bilen,
Ejeñ,daşbagyryñ taşlap gidenin.
Kakañ bolsa baka göçüp bimahal,
Garry eneñ gözün ýaşlap gidenin.

Wah,diliñ bolsady,ýene köp zady,
Bilýän,sen janygyp gürrüñ bererdiñ.
Başga zat elimden gelmese-de meñ,
Saña biraz göwünlig-ä bererdim.

Belki,däli dünýäñ o tarapynda,
Seni kösän diliñ zybana geler.
Meniñ bolsa gorkýan zadym o ýerde,
Bu dilim lal açar,amana geler.

Gürleşesim geler,has içgin-içgin,
Maña tanyş dilde gürläniñ eşde.
Ýöne,meni goýberermi sakçylar,
Günäsizleñ mekanyna,behişde?

Gyzylgül Annagylyjowa.
10 лайков 261 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gumly gelin
Автор 20 июн 2022, 09:22
Kalp tary.

Ol gözeliñ dünýäsine,
Gör,kimseler gol uzatdy.
Öñýeteniñ ýeterindeñ,
Oñ dünýäsi has uzakdy.

Ýokdy onuñ dünýäsiniñ,
Şazadasy,han-begligi.
Ýokdy onuñ öz-özüni,
Arşda üwrän men-menligi.

Oñ dünýäsin gorap ýören,
Diñe haýa perdesidi.
Bardy onuñ hyýalynda,
"Takdyr"-atly derdeseri.

Ol gözel öz dünýäsini,
Aýap ýördi geljegine.
Hanlygny-da,begligni-de,
Şol takdyryñ berjegine.

Ahyr takdyr ol gözeli,
Bir ýigide deñ görüpdir.
Çalynmadyk kalp taryna,
Yşkdan doly heñ beripdir.

Emma,gyzyñ çaljak heñin,
Ýigit ozal diñlän eken.
Takdyr kalplañ owazyna,
Gulak salman deñlän eken.

Müdümilik baglasa-da,
Gözel gyzy öz ýaryna.
Diñlenmejek heñ beripdir,
Takdyr onuñ kalp taryna.

Gyzylgül Annagylyjowa
Gumly gelin
Автор 20 июн 2022, 09:24
Men gidip barýan.

Diwana deý,
Bolup munda awara,
Çarp urup herýan,
Men gidip barýan.
Tap bermän böwrüme,
Tüýdülýã jiger.
Bu çaşgyn akylam,
Meñki däl meger.
Bir görseñ-ä däli,
Birde gül ýaly.
Käte-de,hyýalda
Bir dana derwüş,
"Yzyma düş"-diýip,
Gollaryn bermiş.
Emma,bir golumy,
Berk tutup durmuş,
Şol derwüşe sary,
Goýbermän durmyş.
Hyýalymda derwüş,
Añymda durmuş.
Ikisiniñ arasynda ser-sepil,
Ne-hä bu durmuşyñ
hezilin gören.
Ne-de boldum,
Derwüşlere gol beren.
Ine şeýdip diwana deý,
Bolup ýollañ ser-sepili,
Ile duýdurman sepimi,
Men gidip barýan.
Owadan durmuşa,
Añk bolup,
Arman,
Men ýitip barýan.

Gyzylgül Annagylyjowa
Gumly gelin
Автор 20 июн 2022, 09:28
Dymasyñ gelýär.

Söz oklasañ okdan dogry,
Nyşanadan sowa geçse.
Geçenem hiç,kimse egr-ä,
"Dogry"-diýip,güwä geçse.

Şo mahalam utsa ýalan,
Dogry sözüñ daşdan gaýdyp.
Dözmän,öñ aýdylman galan,
Iñ soñky jogabyñ aýdyp.

Bulut çöken gök mysaly,
Ýagyp,soñ diñesiñ gelýär.
Bu dünýäde ýok mysaly,
Ömürlik dymasyñ gelýär.

Gyzylgül Annagylyjowa
Waleryanka
20 июн 2022, 10:14
Aşakda , teswirde ýazan birinji goşgyňyz pikirlendirdi....Gowy goşgularyňyz bar.Gyzyklanyp okaýan.
Öwreniji
20 июн 2022, 10:55
Berekella ýene birnäçe gezek, galamyň taçilkalap dur.
Esma
20 июн 2022, 10:59
Tüweleme, gelneje.Elleriňe güller bitsin. Ylhamyňa bereket.
Soho
20 июн 2022, 11:46
berekella, sheydip paylashyp durun, dostlukdan (site) son yat bolup gitdiniz
Margarita
20 июн 2022, 11:55
Dünýäniñ derdi.

Gussa batyp deñ çekişdim derdini,
Dünýä meni gysymyna gyssa-da.
Ne-hä,dünýä peýda berdi gussalam,
Ne men peýda tapdym gamdyr-gussadan.

Şonda-da, gussadan elimi çekmän,
Onuñ bir çüñküñde derdini çekdim.
"Dünýäñ derdi diñe ýagşylyk"-diýip,
Ýerde ýagşylygyñ nahalyn ekdim.

Köpler bolmasa-da, ýekeje kişi,
Meni"Ýagşy" diýip çaklaýan bolsa.
Eger bu dünýäni aýdylşy ýaly,
Diñe ýagşy niýet saklaýan bolsa.

Bir gün bu zamana soñlanjak bolup,
Agyp-dönüp dursa dünýäniñ gerşi.
Üzülmän saklansa şo pursat onuñ,
Ýagşy işler bilen işilen erşi.

Meñem şol erişde dahylym bolsa,
Hemem ýagşylykdan eken nahalym,
Zeminde kök ursa hem saýa bolsa,
Ýagşylyk küýsäne meñ ýok mahalym.

Gyzylgül Annagylyjowa
Telwas
20 июн 2022, 12:09
Tüweleme gelneje, döredijiligiňizde ÜSTÜNLIK ýaranyňyz bolsun!
Maksat
21 июн 2022, 06:20
Gaty gowy goşgular, berekella.