Söýgi sonetleri

Ýatylýan mahaly bolsa-da birçak,
Ukym maňa salman oňdy garasyn.
Hatda, döwlet ekzamenin tabşyrjak
student hem öçüripdir çyrasyn.

Hemişe jöw-jöwläp ýatmaýan güjük,
Üýrenok, sesine guýuldymy suw?
... Gijäniň köpüsi gitse-de geçip,
Ukladanok ýada düşüp baş arzuw.

Öýkelek gyz, görünmeseň görünme,
Goý, ykbalyň bagt meýinden gandyrsyn.
Ýöne seniň ýüregiň bir ýerinde,
Meň ýüregmiň boş duranny aňdyrsyn.

Goý, bäsdeşlem garşylasyn, ugratsyn,
Hem özlerniň men däldigmi öwretsin!

? ? ?

Düýn illere aşyk-magşuk diýdirip,
bu gün bolsa, bolup galdyk ýat ýaly.
Geljegmiz bir bolmaz ýaly biderek
biz hemişe geçenleri ýatlaly.

Ýalňyşamda ýaňsylardyň, gülýädiň,
parhly bolup, ýol bermezdim gazaba.
Ýöne welin şo mahalam bilýädim,
beýle söýgiň çekmejegni uzaga.

Bolýa onda, sag bol, gideýin hoş gal,
Öňkiň ýaly hiç yzymdan garama.
Indi aramyzda hemişe gyş-gar,
Isle arşa çykar, isle garala.

Taýyny tanaman düşenler yşga,
Nämeler gördükä ezýetden başga?!

? ? ?

Baglanyp galamda düşege bir gün,
meniň ýagdaýymyň nähilidigni,
bilmäge gelmediň,
bereýin gürrüň,
şondan bäri senden nägiledigmi.

Ýa-da bir arzuwym bolanda hasyl,
Gutlaglar gujagna gysanda meni,
ýene-de özüňden ederdiň nadyl,
gözüme görünmän, küýsämde seni.

Aýralyk aýagny atanda egne,
Rowa görmediň bir barmak haty.
Şeýdibem, ýene-de degipdiň göwne,
Ýa görmesiz zady gördümmi gaty?!

Garaz, ýazylanok döreden öýkäň,
Ýa senden köp zady isledimmikäm?!

Gurbanýaz Daşgynow.
"Sowet Türkmenistanynyň aýallary" žurnaly. 1977. ý.

3 лайков 108 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
22 июн 2022, 12:20
sagbol paylasanna
-durdyyeva
22 июн 2022, 15:07
++++++++)