Çagalygymy alyp gitdiler
Biz çagakak durmuş başgaçady,ýaşaýyş gyzyklydy.Ony gyzykly edýän adamlaryñ birek-birege bolan ysnyşykly gatnaşyklarydy.Ol wagtlar internet diýlen närse ülkämize aralaşmandy.Ykjam telefonlar bardy,ýöne, häzirki ýaly "akylly"däl-de, çäkli mümkinçiliklidi.Olaram bir öýde bolsa,on öýde ýokdy.Şeýle bolansoñ adamlaryñ daşky dünýä bilen berk arabaglanyşygy bardy.
Biz uzynly gün köçeden ýygnanman oýunlar oýnardyk.Uly adamlar agşamlaryna biri-birleriniñ öýüne myhmançylyga, halk arasyndaky dil bilen aýtsam "oturmaga"giderdiler.Indi pikir edip oturyn welin,häzirki çagalar neneñsi bagtly,neneñsi betbagt.Bagtly,çünki tehnikanyñ ösen dünýäsinde doguldylar.Betbagt çünki,adamlaryñ şeýle ysnyşykly gatnaşýan döwürlerinden binesip galdylar.
Esasy gürrüñime dolansam,ol wagtlar daýymyñ gowy gatnaşýan dosty Şanepeslere,daýymyñ sözleri bilen aýtsam "Işan agalara"oturmaga giderdik.Daýymyñ "Şu gün agşam Işan agalara gidýäs"diýen sözüni eşden günümiz biz üçin uly baýram, uly toýdy.Sebäbi olarda biziñ gowy görýän joralarymyz Suraý,Maral,Maýsa we dostumyz Myrat bardy.Men we daýymyñ iki gyzy olar bilen her dürli oýunlar oýnaýardyk,gyzyklyja ýaryşlar gurnaýardyk.
Suraý uzyndan inçe,togalajyk ýüzli,ejesine meñzäp duran garaýagyzja gyzdy.Kim aýdypdyr garaýagyz gyzlaryñ betnyşan bolýandygyny.Biziñçe-hä ol owadandy.Onuñ Welnepes kakasynyñ gyzlary Maral bilen Maýsanyñ bolsa özlerine mahsus gözellikleri bardy.Aýratynam Maýsanyñ süzük gözleri ony özüne çekiji görkezýärdi.Ol menden 2 ýaş ulydy.Suraýyñ jigsi Myrat bolsa doganynyñ tersine akýagyz oglandy.
Suraý şol wagtlar ýalñyşmaýan bolsam 8-nji synpda gidýärdi,Maral onuñ bilen deñ-duşrakdy.Myradam bizden 3-4 ýaş uly bolsa gerek.
Biz "Gelin-gelin" ,"Milise" ýaly oýunlary aýratyn höwes bilen oýnardyk.Maýsanyñ owadanlygyndanmy,ýa akyllylygyndanmy, ýa-da bize hiç hili garşylyk görkezmeýänligindenmi,her gezek ony gelin ederdik.Ýanyna-da "öýlenýän ýigit" - Myrady goşardyk.Ikisiniñ toýuny edýänsyrap,edil gelnajylarda bolşy ýaly gol tutuşdyryp duruzardyk-da,daşlarynda tans oýnardyk.
"Milise"oýnumyzda "Myrat milisäniñ" maña aýratyn jyny düşýänindenmi,nämemi,köplenç meni "tussag ederdi".Garaz,"türmeden" gözüm açylmazdy.Myrat indiki "kanun bozujyny" "tussag edýänçä" men "türmede"oturmaly bolardym.
"Iñ eýjejik gyzjagaz" bäsleşigini hem gurnardyk.Özem ony hut tapgyrlar boýunça alyp barardyk.Tapgyrlardan birinde kitap okamak şerti bardy.Şol şert boýunça 1-nji synpda okap ýören men bäsleşikdäki esasy garşydaşym bolan 3-nji synpdaky Maýsadan üstün çykypdym.Bu meniñ üçin ullakan ýeñişdi.
"Goñşy-goñşy" oýnumyzyñ baş gahrymanlary Suraý bilen Maraldy.Ejeleriniñ gyñaçlaryny eginlerine atardylar-da,iki sany goñşy gelniñ roluny ussatlyk bilen janlandyrardylar.
Indi-indi gözüm ýetýär bu oýunlaryñ ählisini gurnaýan Suraý bilen Maralyñ döredijilik,oýlap tapyjylyk ukyplarynyñ çendenaşa ösendigine.
Soñ-soñlar daýym Işan agalara gitmegini seýrekletdi.Gitse-de bizi alyp gitmäge döwtalap bolmady.Alyp gidäýende-de biz öñkimiz ýaly oýunlar oýnap biljek däldik."Oýun toparymyzyñ" içinden ilkinji "ulalanlar" Suraý bilen Maral boldy.Günleriñ birinde Suraýyñ "Durmuşa çykýarmyş" habaryny aldyk, hä diýmänem Maralyñ.Maýsa-da orta mekdebi tamamlap durmuşa çykmak bilen boldy.Olaryñ her haýsynyñ durmuşa çykýandygyny eşdenimde çagalygymdan bir bölek gidýänligini duýdym.Olar diñe bir özleri ýat oba gitmän,eýsem,çagalygymy-da gelnalyja mündürip alyp gitdiler.Bölek-bölekden ýitip gitdi çagalygym.
Mekdebiñ soñky synpynda okap ýören wagtlarym Watan gullugyndan gelip,öýlenjek bolup,guda bolnan Myradyñ ýogalandygy baradaky ajy habary eşitdim.Şol gün ömrümiñ iñ gamgyn günlerinden biri bolupdy.Göz öñümde Myradyñ şo-ol meni "tussag edendäki" şadyýan,buýsançly keşbi janlandy durdy.Onuñ dünýesini täzelemegi çagalygyma urulan iñ soñky we iñ güýçli zarba bolupdy.
...Öýüñ hysyrdylaryna gümra bolup ýörşüme çagalyk joralarym Suraý,Maral we Maýsa göz öñümde janlanýar.Olar häzir nähili durmuşda ýaşaýarkalar?Näçe sany çagalary barka?Bizi,oýnan oýunlarymyzy ýatlaýarmykalar?Birdenkä-de göýä diýersiñ soragyma jogap berýän ýaly gulagym şyñlap gidýär...
@Mümkin
22.06.2022

26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.