Säher ýyldyzy
Hormatly,okyjym!Söýmek üçin nämeler derkar?Çakmak daşy çyzylan kibi otly bakyşlar,duýgydan pürepürlenen kalp,yssy mähir,arzuw-hyýallar... Başga...Sagdyn aýaklar.Olaram zerurmyka?Gürrüñ berjek wakamyñ baş gahrymany Bagtyýaryñ pikriçe-hä şolarsyzam yşga düşüp,söýginiñ uç-gyraksyz ummanyna özüñi oklap boljakdy.Magşugynyñ pikriçe-de şeýlemikä?Ussat nakgaşyñ galamyndan çykan dek sünnä ýaradylan gözel özüni maýyp tigirçeginde oturan ýigde rowa görermikä?
Okyjym,meniñ saña ýetirjek wakam soraglaryñ soñsuz ýollaryndan külterlenen durmuş hekaýaty.Men saña "Bu sowallara hekaýamyñ dowamynda jogap taparsyñ." diýip, kepil geçip bilmerin.Gowsy,gel takdyr ýumagyny çözläp sowallarymyza bile jogap agtaraly.
Aladaly-hysyrdyly durmuşynda başyna gaý bolup ýaşap ýören adamlardan ybarat çaklañja obamyzda yşga düşenem,söýgiñ şatlykly,gussaly pursatlaryndan paýyny alanam az däldi.Bu oba kän söýginiñ şaýady bolupdy.Käsi uludan tutulan toýlar bilen soñlanypdy.Käsi gussaly ýürekleriñ armany, sönmejek ýatlamasy bolup hakydalara ornapdy.Şolaryñ arasynda biri meniñ heniz-henizlerem ýadymdan çykanok.Heran-haçan ol hakynda oýlansam ýüzüme mähirli ýylgyryş çaýylýar.Soñ bolsa ornuny gussa çalyşýar.Armanly ahwala düşüp,"ah"diýip uludan demimi alýaryn.
Eşder bolsañ, ol mahallar 10-11 ýaşlarymdadym.Öýümiziñ gabadynda Bagtyýarlaryñ horaşaja jaýlary ýerleşýärdi.Olaryñ duldegşir goñşusy Sähralardy."Sähra" diýseñ sährady ol.Ertekilerde waspy ýetirilen perilere beletsiñ.Olar hyýaldy.Sähra bolsa hakykat.Onda-da neneñsi hakykat.Yşkdan,mähirden,otly bakyşlardan iniñi jümşüldeji näz-kereşmeden düzülen hakykat.Tebigat oña eçilibilen baýlygyny eçilipdi."Görenler haýranda,görmedikler armanda" diýip, taryp eden şahyr megerem, Sährany göz öñüne getirendir.Gyzyñ hyrydary ýetik.Ýañy murty taban ýigitler onuñ hoş sözüni aljak bolup ot-elek.Ýöne,heý-de şunça baýlygy eçilen tebigat gyzy edepden,asyllylykdan binesip edermi?!Sähra olaryñ birine gabagyny galdyrsa nädersiñ?
Belki,ol Sähranyñ çendanaşa buýsanjañlygyndandyr ýa-da gedemliginiñ netijesidir.Ýa-da "Sen iñ wezipeli,abraýly ýigide mynasypsyñ."diýip, häli-şindi gulagyny kamata getiren ejesiniñ täsirindendir ol?
A Bagtyýaryñ dünýäsi...
Sähranyñ tersine, Bagtyýaryñ dünýäsi adyna kybapdaş däl.Maýyp tigirçegi onuñ durmuşyny ýeññileşdirýän gural bolsa-da, Bagtyýar üçin söýgüsine giden ýolda iñ uly päsgelçilik.Göwnüne,şol bolmasa Bagtyýaryñ aýaklaryna ysgyn gelip, ýöräp gidiberjek ýaly.
Adatça, her ynsanyñ derdini diñlejek dertdeşi,dosty bolar.Bagtyýaryñ goja zeminde iki sany dosty bar.Biri men,biri ýyldyzlar.Aýly gije ýyldyzlar bilen derdinişmek onuñ söýgüli pişesi.Ýyldyzlardan özge ony ýazgarman,bigünä söýgisi üçin tankytlaman diñlejek ýok.Ýyldyzlar onuñ ýerdäki aýy baradaky gürrüñlerine bir ýanyp,bir öçüp "hä" berýärler.
Men Bagtyýaryñ ýyldyzlara garap, oýlanyp oturanyny gör,näçe gezek görüpdim.Bir agşam onuñ ýanyna baramda göge nazaryny dikip, nähilidir sözler pyşyrdaýardy.
-Sen kim bilen gepleşýäñ?
-Ýyldyzlar bilen.
Men gözlerimi elek-çelek etdim.
-Ýyldyzlar gepläp bilýärmi?
Bagtyýar soragyma çalaja ýylgyrdy.Şonda ilkinji gezek onuñ ýylgyranyny görüpdim.Ol köplenç tukat ahwalda oturardy.Hatda, biziñ deñ-duşlarymyz bilen aramyzda "Bagtyýar gülmegi bilmeýär" terzindäki gürrüñlerimizem bolardy.
-Ýyldyzlar gepläp bilenok,ýöne, olar diñläp bilýär.
Men öñküdenem geñ galyjy nazarlarymy gezedim.
-Onsoñ, olara näme gürrüñ berýäñ?
-Menmi?!...
Bagtyýaryñ ýüzündäki adaja ýylgyryş el bilen aýrylana döndi.Geplemedi.Menem geplemedim.Biz uzakly agşam dymyp,ýyldyzlary synladyk.
Meniñ Bagtyýaryñ ýanyna yzygider gatnamak endigim bardy.Näme üçindir, onuñ gussaly ýüzi maña hesret berýärdi.Her edip,hesip edip Bagtyýary güldürjek bolardym.Ejem olara gitmegime kes-kelläm garşy çykardy.Şonda-da başagaýlykdan peýdalanyp "öýden gaçan" gezeklerim az bolmandy.
Bagtyýar bilen Sähranyñ öýleriniñ aralygynda bir ýylyñ on iki aýy ýaly şahalaryny giñden ýaýyp oturan alma agajy bar.Sähra her ýyl şol alma agajy güllände ilkinji miwesinden dolduraga-da, Bagtyýara eltip berer.Çünki,alma agajynyñ şahalary maýyp dostumyñ goly ýeterden has ýokarda.
Men bärden baramda Bagtyýar Sähranyñ ýañyja getirip giden almalaryndan iýip oturdy.
-Me,senem iý.Bu ýyl öñkilerden has süýji bişipdir - diýip,ol sebetdäki almalaryñ çym-gyzyl bolup duran ullakanyny maña uzatdy.Men işdämen alma iýip durşuma, oña sorag berdim:
-Sähra näme üçin saña her ýyl alma getirip berýär?
Ýene dymyşlyk.Bagtyýar gündüzligine garamazdan goñras gözlerini göge dikdi.Bu gez ýyldyzlaryñ ornunda topbak-topbak bolşup duran ak bulutlar bardy.Bagtyýar şonda ilkinji gezek kalbynyñ çuñluklarynda saklan pynhan arzuwlaryny açdy:
-Bilýäñmi näme,men bir gün aýaga galyp,ýörärin.Şonda agaçdaky almalardan ýolup,iñ süýjülerini Sähra eltip bererin.
Men aklyma gelen duýdansyz sowaly nädip dilimden gaçyranlygymy bilmän galdym:
-Sen ony gowy görýäñmi?
Bagtyýar müýnsüz çaga gözlerime agras nazarlaryny dikdi.Soñ ýene göge bakdy.Hiç zat diýmedi.Dymmagyñ gürrüñdeşiñ pikri bilen ylalaşmakdygyny bilemsoñ,soragymyñ jogaby maña öz-özünden düşnükli bolup duruberdi.
- Sähra seniñ özüni gowy görýändigiñi aýdaryn.
Çaga garagollugymy edip ylgaşlap, Bagtyýarlaryñ howlusyndan çykdym.
-Haý, bezzat diýsäni.Aýtsañ,indi seniñ bilen gepleşmerin - diýip,Bagtyýar yzymdan gygyryp galdy.
Sähra baryp,Bagtyýaryñ pynhan syryny açjagym gara çynymdy.Aslynda,şeýtsem Sähra-da begenäýjek, hoş söz beräýjek ýalydy.Niýetim Sähranyñ dilinden şol hoş sözleri eşitmek we ony "hä" diýmän, Bagtyýara ýetirmekdi.Birdenkä-de, kelläme bir pikir gelip ädimlerimi togtatdym:
-Eger Sähra garaşan jogabymy bermese, ýa aýtjaklarymy ejesi eşitse.
Ikinji ähtimallyk çaga göwnümi has-da eýmendirdi.Sährañ ejesi Gunça gelnejäniñ hyýrsyz garaýyşlary göz öñüme gelende inim jigläp gitdi.Hiç kime görünmänkäm,Sähralaryñ gapysyndan garamy saýladym.
Eden (has dogrusy, etmäge synanyşan) etmişim üçin Bagtyýar mazaly "temmimi"berdi.Tutuş bir hepdeläp meñ bilen gepleşmän ýüzüni sowup gezdi.
-Sähra hiç zat aýtmadym ahyry -
diýip, özelenmelerimiñem nepi degmedi.Özüniñ pynhan duýgularynyñ Sähranyñ gulagyna degäýme ähtimallygy-da Bagtyýary mazaly gorkuzypdyr.
Ýakyn dostuñ senden öýkeläp gezmeginiñ ezýeti biçak agyr eken.Deñ-duşlarymyñ oýnaýan oýunlary, edýän gürrüñleri ünsümi çekenokdy.Bagtyýara uzak ýalbaryşlarymdan soñ öñki dostana gatnaşyklarymyz täzeden ýola goýuldy.
Bir gün agşam hemişeki endigimiz boýunça Bagtyýar bilen köçede asmandaky ýyldyzlary synlap oturdyk.Olar şol agşam diýseñ ajaýypdy.Göwnüme bolmasa, eliñi uzatsañ ýetäýjek ýalydy.Birdenkä-de, çetde duran kiçijik ýyldyz gögüñ ýüzünden süýnüp gitdi .
-Ýyldyz süýnende eden arzuwyñ hasyl bolarmyş.Gel arzuw edeli.
Bagtyýaryñ diýenini edip, arzuw etdim.Bagtyýar bolsa gözlerini ýumup ellerini gursagyna goýup nähilidir sözler pyşyrdady.Soñam gözlerini açyp,menden näme arzuw edenligimi sorady.Men gapdalymyzda duran baga barmagymy çommaltdym.
-Aýaga galyp ýöremegiñi we şu almalardan ýolup, Sähra eltip bermegiñi.A sen näme arzuw etdiñ?
Gürrüñimiziñ arasyny Sähralaryñ howlularynyñ gapysynyñ jarka açylan sesi böldi.Gapydan iki sany zenan çykdy.Biri dolmuş ýüzli,garaýagyz zenandy.Elinde saçagy bardy.Ikinjisi oña garanyñda hortabrak, bugdaýreñk aýaldy.Ýanlarynda menden 3-4 ýaş kiçidikleri saýgarylyp duran çagalary hem bardy.
Bagtyýaryñ olary görüp,ýüzünde gan-pet galmady.Megerem,Sähra sawçy gelen bolmalydy.Zenanlar Gunça gelneje bilen ýitirşip-tapyşan ýaly garagadyr gürleşýärdiler,gülşüp-degişýärdiler.Nätanyş myhmanlaryñ köçede duran kaşañ ulaga münjek bolanlaram şoldy welin, çagalar sakga saklandylar.Olar Bagtyýara barmagyny çommaldyp, gülüşdiler.
-Men olary urjak - diýip,men söweşe çykmaga häzirlenýän esger kibi bar güýjümi jemledim.
-Dur,dur.Mekdepde saña uruşmagyñ erbet zatdygyny öwretmeýärlermi?
Bagtyýar meni saklady.Onýança-da, dolmuş zenan çagalaryñ edepsiz hereketlerini görüp,derrew ulaga mündirdi.Özi welin, münmäge howlukman,çalasyn ädimlerini bize gönükdirdi.
-Jigi,gaty görmäweri,çaga-da bular.
Bagtyýaryñ jogaby zenanyñ garaşyşyndan düýpgöter başga terzden gopdy.Ýagşydan-ýamandan gep urman,tigirçeginiñ tekerlerini batly aýlap,howlularyna tarap ýöneldi.Menem ondan galmadymSoñ ikimiziñem hiç zatda serimiz bolmady.
Bagtyýar gözüni diwardaky nokatdan aýyrman oturşyna,öz-özi bilen gepleşýän ýaly dillendi:
-Ejesi eýýämden razy ýaly.A Sähra...Sähra olara razylyk berermikä?
-Isleseñ,men Sähradan sorap geläýeýin.
Bagtyýar oýa batdy.
-Bilmedim-dä.Ol saña jogap berermikä?
Men ekezlendim:
-Berer, näme bermän?!
"Dil bilen orak orsañ,bil agyrmaz"diýleni.Bagtyýaryñ ýanynda ilgezeksyrap,geplesem gepledimem welin,uzakly gije Sähradan sawçylar barada nädip sorajagymyñ gamyny iýdim."Hudaý" diýene hudaý ýetirişi ýaly, şol günüñ ertesi maña amatly pursatam döredi.
Sähra howlularynyñ köçe tarapyny süpürip ýören eken.Men gele-gelmäne aklymdaky soragy morta orta atdym oturyberdim.
-Sen ol sawçylara razylyk berjekmi?
Sähra sübsesini elinden gaçyranyny duýman galdy.
- Ony nirden bilýäñ?
-O hiç-le.Sen olara näme jogap berjek?
-Señ ululañ gürrüñi bilen işiñ bolmasyn.
Sähra şondan artyk geplemedi.Asla maña "Barmysyñ?"hem diýmän, işine dowam etdi.Men meseläniñ anygyna ýetjek bolup, ýalbarmak ýalbardym.Ýöne, Sähranyñ biperwaý hereketleri badymy aldy.Ýüzüme urlan ýaly bolup,yzyma gaýtdym.Sähralaryñ öýleri bilen öýümiz aralykdaky gysga ýolda Bagtyýara nä jogap berjegimiñ pikrini etdim.Elbetde,meniñ "bitirjek" diýip, boýun alan işimi bitirip bilmezligim oña ýaramady.Alaçsyzlyk duýgusynyñ ejirinden ýaña suwdan jyda düşen balyk kibi ikiýan çyrpyndy.
Barybir,Sähra "nätanyş myhmanlaryñ"göwnüni syndyrypdyr.At tezegini guratman gatnan saçakly zenanlar oñaýsyz jogap alyp,yzyna gaýdypdyrlar."Hoş habar" bir-iki hepde soñ gulagymyza degdi.Bagtyýar ikimiz edil oýunda utan çaga kibi begenmek begendik.Bir zada welin düşünmändiris,belkem, giç düşünendiris.Men-ä çagadym,Bagtyýaram hakykaty görmändi, ýa-da görmek islemändi.Olara berilmäýende-de,Sähranyñ ahyrsoñy bir ýigidiñ törüni bezejekdigi aý aýdyñdy ahyry.Men Sährany törüne geçirmeli bagtly kişiniñ Bagtyýar bolaryny isleýärdim.Ýöne näler islesemem, şeýle boljagyna ynamym azdy.
Soñlugy bilen Bagtyýar ikimiz gylgeçmez dost bolduk.Indi men deñ-duşlarymyñ ýanyna oýnamaga seýrek giderdim.Asla, olaryñ ýanyna aýagym çekmese nädersiñ?Bagtyýar maña içgin-içgin aşyklyk derdini sözlärdi.Sähra bilen baglanyşykly ýüreginiñ yşk bagynda ýetişdiren arzuwlaryny aýdyp bererdi.Menem melul bolup diñlärdim.Aşygyñ gürrüñini diñlemek ýakymlydy.
Bir günem Bagtyýara Sähranyñ göwnüni tapmak üçin özümçe "maslahat" berdim.Hemişeki bolşy dek sen-de ýok men-de ýok pikrimi orta atdym.
- Sähra bagyşlap goşgy ýazsana.
-Goşgy nireden ýadyña düşüp ýör?
-Men arada Sähranyñ öýlerinde goşguly kitaby okap oturanyny gördüm.Ol şonda"Maña-da biri şeýdip goşgy ýazaýmaly-da"diýdi.
Sähranyñ goşguly kitaba göz gezdirip oturanyny görüpdim.Emma onuñ "aýdan sözleri"meniñ hyýalbentligimiñ önümidi.Çünki, Bagtyýaryñ nähilidir gyzyklanma bilen meşgullanmagyny isleýärdim.Şeýtse wagt geçip,Sähradanam ünsüniñ sowuljagyny güman edýärdim.
Bir günem Bagtyýarlara baramda onuñ başyna gaý bolup gazet okap oturanyny gördüm.Onuñ kinniwanja otagynyñ içinde gazet-žurnallar dagap ýatan eken.
-Maña mekdepden goşguly kitabam getirip berermiñ?
Men Bagtyýara kän çeper kitaplar getirip berdim.Iñ görnükli şahyrlaryñ goşgular ýygyndysyny okap,kemsiz taplanan çagalyk dostum ýuwaş-ýuwaşdan goşgular ýazyp başlady.Onuñ ýazanlary ilkibada juda gowşakdy.Sözlük gory,çeperçiligi pesdi.Hatda, kä setirleriniñ bogun sany hem gabat gelenokdy.Muña garamazdan, goşgularynyñ Sähranyñ eline gowuşmagyny isledi.Elbetde aralaryndaky "hat gatnadyjy"men boldum.Bagtyýaryñ ýazan goşgularyndan ybarat bir petde kagyzy Sähra eltip berdim.Sähra goşgulary owadan, ala gözlerini süzüp,her setir-jümlesinden lezzet alyp okady.
-Bulary saña kim berdi?
-Bagtyýar.
Sähranyñ mähirli bakyşynyñ ornuny gahar bilen gussa gatyşyk nazar eýeledi.Kagyzlaryñ ählisini ýyrtym-ýyrtym etdi.
-Goý, beýtme! - diýip, ony saklajak bolsamam,gaharly gyzyñ güýji menden agdyk geldi.
-Indi maña şeýle zat getireniñi göräýmäýin.Basym garañy saýla şu ýerden,bezzat.
Men öýlerinden çykyp barşyma, Sähranyñ hüññürdäp galanyny eşitdim:
-Men-ä dözmezçilik edýän.Olam gör,nähili garaýyşda eken.
Dözmezçilik dözmezçilik edýän ynsan üçin däl-de, dözmezçilikli garalýan kişi üçin iñ ezýet beriji duýgudyr.Çünki, kimdir birine dözmezçilik etmegiñ ony özüñden pes ýagdaýda,özüñe mätäç ýagdaýda görmegiñdir.Sähranyñ Bagtyýara şeýle garaýyşda bolmagynyñ onuñ niçiksi janyny ýakjakdygyny bilmek kyn däldi.Hut şonuñ üçinem, bolan zatlary başgaça beýan etmeli bolupdym.
-Ol ýazanlaryñy oñat gördi."Dowam etsin,hasam kämilleşsin." diýdi.
Bagtyýar ýyrş-ýyrş edip,meniñ "Sag bolsunymy"ýetirdi.
Günler şatlygy-gussasy bilen birsyhly geçip gidýärdi.Bagtyýar Sähra bagyşlap goşgular ýazmagyny dowam edýärdi.Üstesine-de günbe-günden kämilleşýärdi.Indi onuñ kalbynda iki sany söýginiñ bardygyny bilýärdim.Ikisi hem misli mäkäm halkanyñ zynjyrlary kibi biri-birinden güýç alýardy.Olaryñ biri Sähra bolan söýgüsidi, beýlekisi bolsa Poeziýa.
Pasyllar nobatma-nobat ornuny çalyşýardylar.Ine-de togsan dolup,Bahar geldi.Ota-çöpe jan beren tebigat ynsana hem ylham peşgeş berýän eken.Bagtyýaryñ goşgularynda Baharyñ eçilen peşgeşi birkemsiz duýulýardy.Ýaşyla bürenen ýaýlalaryñ, üsti gül-pürçük açan ötlem-ötlem alañlaryñ gözelligi Bagtyýaryñ şygyrlarynda öz beýanyny tapýardy.Olarda Sähra bardy.Meýdanda mawy ýaglygyny şemala ykjadyp gül çöpleýärdi.Assa ädimlerinden galan aýak yzlaryny goşga salmak bolsa aşyk ýigit üçin bahasyna ýetip bolmajak lezzetdi.Bagtyýar Amyderýa kibi dolup-daşyp ýazardy.Ýazanlaryny Sähra ýetirmegem meñ paýyma düşerdi.Dostum olary Sähra äkidip berýänligime birjigem şübhelenmeýärdi.Emma, hakykat başgady.
Bagtyýaryñ ugradýan goşgularyny otagymyñ burçundaky çekerde gizlärdim.Indi çeker kagyzlardan ýaña hyñ berýärdi.Men dostuma ýalan sözlemäge mejbur bolanlygym üçin özümi näler näletleýärdim.Şonda-da bilenimden galmaýardym.Eýsem, nädip bilerdim?Sähra eltsem olaryñ ýene ýoguna ýanyljak.Bagtyýara hakykaty aýdaýsam ol iki söýgüsindenem birden jyda düşjek.Ýeri, onsoñ ol nämä sygynsyn?
Bir günem "Sähra durmuşa çykýarmyş,goñşy obaly agronom ýigide barjakmyşyn." diýen habar tutuş oba ýaýrady.Bagtyýaryñ ýanyna baranymda ol gussaly gözlerini goşguly kagyzlaryna dikip oturdy.
-Ýöne, ol goşgularymy halapdy ahyry -diýip, ýüzüme çiñerildi.Soñam özüne özi jogap berdi.
-Halanda näme diýsene.Heý, şeýdip özüñi oñarman oturan halyña saña göwnüni bölermi?!
Bir hepde soñ asla ýetmegini islemedigimiz güne ýetdik.
Bezemen gelnalyjy ulagy Sähralaryñ howlusyna gireninde men Bagtyýaryñ ýanyndadym.Ýöne wagt bolsa maña toýa gitmekden uly keýp bolmazdy.Emma, bu gezek şol toýa gitmejegime öz ýanymdan ant içipdim.Ejemiñem gañryşyna gaýdypdym.
Bagtyýaryñ ýüzünde gan-pet galmandy.Özem edil çaga ýaly dodaklaryny titredip, kemiş-kemiş edip sessiz hamsygýardy.Şonda ilkinji gezek uly adamlaryñam ejizläp,aglaýandygyna şaýat bolupdym.Saçlary buýr-bulaşykdy.Dostumy şeýle aýylganç ahwala salan goñşymy öz ýanymdan ýazgarýardym.
-Ýeri, söýseñ bolmazmydy?Iñ bolmanda yhlasyna haýpyñ gelibem,mähir berip bilerdiñ ahyry.
Ine-de, gyzyl çoga meñzäp duran gelni gapydan çykaryp, gelnalyjy ulagyna mündürdiler.Dogrusy,Bagtyýaryñ şol pursatky ahwalyny beýan edere söz tapamok.Ol elinde bar güýjüni edip dyzynyp,oturan tigirçeginden turmaga synanyşýardy.Eger, turup bilse,Sährany gelnalyjylaryñ äkitmegine ýol bermese-de bermezdi.Emma, yzgytsyz aýaklaryñ jany ýok ýalydy.Gymyldaýynam diýmeýärdiler.Bagtyýaryñ indiki hereketleri has-da iniñi düýrükdirijidi.
-Bar zat senden,bar zat senden! - diýip, tigirçegiñ tekerlerine eli bilen kakýardy.
Men bolsa öz pikirlerimiñ derýasynda gark bolup barýardym:
"Yhlasa-myrat"diýilmänmidir?Onda näme üçin Bagtyýaryñ yhlasy myradyna gowuşmadyka?"
Bir-iki aý soñ biz kakamyñ işi sebäpli başga etraba göçmeli bolduk.Hoşlaşyk pursady gelip ýetende dostumy garsa gujaklap,aglapdym.Onuñ soñky aýdan sözleri häli-häzirlerem ýadymda.
-Indi,senem meni taşlap gidiberjek-dä,hä.
Men Bagtyýara ýaşamak üçin nähilidir söýgiñ zerurdygyny bilýärdim.Ilkinji söýgüsi ony terk edipdi.Emma ikinji söýgüsiniñ- poeziýanyñ onda baky galjakdygyna ynanýardym.
-Bagtyýar,hiç haçan umytdan düşme.Galamy ýaran tutun.Ynan maña,ol mendenem gowy dost bolar.
Wagta salym barmy näme?Görsene,ondan bäri ençe aý-ýyllar kerwen gurap geçipdir.Ýatlamalaryñ ýumagyny çözläp, köne obadaşlarym barada oýlansam,ilki bilen iñ ýakyn dostumyñ gussa çaýylan gözlerinden çeşme kibi akýan gözýaşlary göz öñüme gelýärdi.Soñ meniñem gözümden ýaş damjalarynyñ togarlanyp gaçandygyny duýman galýardym.
Bir günem mawy ekranda ýaş aýdymçynyñ zarynlap aýdýan aýdymyna gabat geldim.Aýdymyñ sözlerinde agyr hesretiñ barlygy duýulýardy:
Sen entek sönmersiñ,säher ýyldyzym,
Bilýän bir ýerlerde ýalkym saçýanyñ."
Aýdymyñ soñlanaryna mähetdel goşgusynyñ awtorynyñ kimligi bilen gyzyklanyp,mawy ekrana tiñkämi dikip durşuma, "Bu şol,bu şol"diýip, gygyranymy duýman galypdyryn.Howwa,aýdymyñ sözleri barada maglumat berilýän ýerde "Bagtyýar Myradow"diýip, ýazylgydy.Köñlümi lerzana getiren aýdymyñ jemleýji setirleri köne dostumyñ birtaraplaýyn yşgynyñ aýak yzlary bolup, ýüregimde galdy.
"Sen şeýle bir bagtly bolgun,mähriban,
Hiç bolmanda, söýgim harlanña degsin!"
Diýmek,ol galamyny asla taşlamandyr.Hesretli söýgisi şeýle şahyrana setirleri kagyz ýüzüne keşdeläp biljek kämilligi peşgeş beripdir.Bagtyýara goşgy ýazmagy maslahat beren günüm şol pikri ylahy güýjüñ maña salgy berenligine düşündim.Müñ şükür!Durmuşda hiç zat ýöne ýerden döremeýär eken.Başymyzdan geçen her wakanyñ özboluşly sebäbi bar eken.
Bagtyýaryñ aýdymyny ýene bir gezek diñledim.Soñ ýene,ýene...Näçe diñlesemem doýup bilmedim.Diñledigimçe-de diñläsim geldi.Aýdymy diñläp oturşyma,halypa şahyryñ şu setirleri serime doldy.
"...Ah,men söýgä düşünmändim gelende,
Indi weli ol söýgi däl,sungatdy."
Hyýalymda goñşy gyzyna ýüzlendim:"Sähra,sen söýgä gelende düşünmändiñ.Indi welin, ol söýgi däl,sungat!"
Ine,şeýle okyjym! Bu wakada söýlen gyz üçin ýigdiñ birkemsiz bolmagy esasy zatdy.A señ üçinem şeýlemi?Özüñi söýeniñ ýetmezçiliklerine gararmyñ?Sähranyñ ýerinde bolsañ sen näderdiñ?Söýermidiñ?
Mahym Nurgeldiýewa.
09.09.2021 ý.

20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.