"Kaka.."

Kakamjan
Sen barkaň arkamda göýä dag bardy,
Gözüň ýumduň, dünýäm doňdy, kakamjan.
Ejemiň gidenem ýetýärdi bize,
Sen bir taşlamaý-da bizi, kakamjan.

Oýan kyblam seniň sözleň gurbany,
Ejiz ýüregimiň sendiň dermany,
Her ýylgyrşyň aňladýardy bir many,
Gözüň açda, gepleşäý-dä, kakamjan.

Diýsene: "Gyzymjan maňa çaý getir"
Öýkelemen, gaharly sözleňden ýetir,
Monça borduň ýazyp bilsem bir setir,
Ýene buýsanç bilen bakaý, kakamjan.

Durmuş dillen! nädip beýle zalym sen,
Ilki ejemi , soňra kakmy aldyň sen,
Maýyrdyňla, öň bir bagtly gyzdym men,
Ykbalym ýylgyrsyn geläý, kakamjan.

Aýna Amangeldiýewa


Kaka!!!

Bu sowuk güýz gününde
benzin ysy siňen elleň
ysy bar, kaka,
mellegmizde bolsa
äpet ädikleň
yzy bar, kaka,
seň gözlerňi,
sözleriňi
ömür unudyp boljakmy?!

Bil, kakamjan!!!
Seni öläýse-de unutmajak
gyzyň bar, kaka!

Suraý Babanyýazowa
5 лайков 187 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
30 июн 2022, 23:49
Kakama
Uzaklara dikip gamgyn nazarym, Hasaplaýan bu ýyllaryň çakyny,
Meň häzir şeýle bir göresim gelýä,
Eli pilli ýer agdarýan kakamy.

Çagakaň hemmeler soraýar senden,
Sen ejeň gyzymy kakaň gyzymy? Menden şu gün şony soran bolsady, Pikirlenmän diýjek kakamyň gyzy.

Mahal-mahal gazma dutar heň eder, Gezekleşip dişlärdik oň sapyndan,
Sen saz çalyp ýeňledipsiň ýüregňi, Oýlanmadyk seň ýüregiň hakynda.

Maý tapaýsaň çalyp “Altyň birini”,
Ezizow deý tarypladyň “Gyzlarňy”,
Her niçigem bolsa bagyşla kaka, Dogulamda meň gyz bolup doglanmy.

Ogulnur Ataýewa.
Telwas
30 июн 2022, 23:50
Şriftini üýtgedäýmeseň, uly we gelşiksiz.
Aýnur
Автор 30 июн 2022, 23:52
Nirvana,
Men üýtgedip bilemok, diňe poz diýýär. Siz üýtgedip beräýiňdä?
Aýnur
Автор 30 июн 2022, 23:56
Nirvana,
Sag boluň Nirwana! :)
Telwas
30 июн 2022, 23:57
Kakama

Bir gije hemmäniň göwni çag wagty,
Kaka sen nämäniň gamyny iýdiň?
Oýun gatyşykly, çyn gatyşykly,
“Gyzlarmy sataryn-da” baýaryn diýdiň.

Kesdiň soňam ýeke-ýeke nyrhlaryn,
“Sen-ä gyzym diňe atla bererin.
Seňem bahaň kyrk horjunlyk dür bolar”, Ölçeýärdiň her çagaň nä degerin.

Aň ýeterden juda ýaşdym o günler,
Çaý içsem bes, öz paýyma düşenden, Ilkinji gelnalyjy ugranda bizden,
Kaka, saňa çynym bilen düşündim.

Atlaram ýok, dürlerem ýok şonda-da, Seň dürüňi apardylar öýüňden.
Gelen galyň dolap gyzyň daşyny,
Saňa diňe bergi galdy toýuňdan.

Ogulnur Ataýewa.
reSSs..
01 июл 2022, 09:27
Göz ýetimme syganok bu uly dünýä,
Kaka durmuş hakda gürrüñ bersene!
Adam näme ücin ýaşaýa, ölÿä?!
Kaka durmuş hakda gürrüñ bersene!

Köp ýanýarka ne ücin munda sadalar?!
Däp, däp dä üýtgäp gitdi kadalar.
Zalymmy, erbetmi, gowmy adamlar,
Kaka durmuş hakda gürrüñ bersene!

Ýangynly ataş eken şol diýlen söýgi,
Kimlere bagt ol, kimlere görgi.
Ýel ugruna sowurdy ýaşlygy, ömri,
Kaka durmuş hakda gürrüñ bersene!

Ykbalym bagladym galam, kagyza,
Kaýyl boldum mañlaýdaky ýazgyda.
Bu gün biraz kömek gerek gyzyña,
Kaka durmuş hakda gürrüñ bersene!

Şagül Dovadova.
reSSs..
01 июл 2022, 09:27
SENSIÑ KAKA

Diýselerem: "Bagtly bormuş,
Meñzän gyzlar kakasyna",
Bil baglaman bu ykbalyñ,
"Arzuw"-atly wadasyna,
Gol uzatman zowky-sapañ,
Şerap doly badasyna,
Öwretdiñ sen kaýyllygy,
Bu durmuşyñ kadasyna.
Ine,şeýdip ýollansyñ sen,
Bizi durmuş ýodasyna.
Ýöne welin, iller bize
diýmäwersin:
"Wah, çekmändir kakasyna".
Çünki,
Dury suw deý, kalba tarap,
Sen hemişe aka-aka,
Şamçyragym pentleriñden,
Kalbymyzy ýaka-ýaka,
Her ädimde ädimlerme,
Yhlas bilen baka-baka,
Dogry durmuş ýodasyndan,
Dogdugymdan şu güne çen,
Azaşdyrman alyp gelen,
Ýolbeledim sensiñ kaka.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
reSSs..
01 июл 2022, 09:28
KAKA

Howatyryň, hederiň.
Herhal menem abraý üçin,
Elde barym ederin.
Çünki diňe süňňüme däl,
Ömre ornan edebiň…
Esasy zat sen özüňe,
Beren halal duzuňa,
Hemem, alkyşdan serpaýlap,
Ýola salan gyzyňa,
Ynamly bol, Pederim!

* * *

Bilýäňmi, nämeden gorkýan,
Seniň ynjamagyňdan.
Özüm bukýan ünjülerim,
Beter ynjarsyň diýip…
Ýene-de bir zatdan gorkýan,
(Ondan Hudaý saklasyn!).
Hiç gyz eziz kakasynyň,
Jigerini ýakmasyn!
Janym bilen yhlas edýän,
Saňa men hakda diňe,
Gowy-gowy habar barsyn,
Ähli maksadym, ine…
Emma durmuş şeýle, nätjek,
Ajysam bar, süýjüsem.
Ýöne sen bar bolsaň bolýar,
Endiretmez hijisem…
Kaka, ýaşaweri uzak,
Sen maňa ýaşamak üçin,
Beýik dartyş güýjüsiň!
Bilýäňmi nämeden gorkýan?!
Seniň ynjamagyňdan…

Gülşirin HANOWA.
My life
01 июл 2022, 09:59
Kakalaryñ, ejeleriñ jany sag bolsun!