Gidiber...

Gidiber, yzyňa garama birem,
Salşyň ýaly çykar meni dünýäňden.
Gidiber, gök inmez, ýarylmaz ýerem,
Gitdiň diýip hüňürdemen ýeňsäňden.

Gidiber, sen meniň yşkymy özgäň,
Kinesine çalyşaýan ýalyla,
Bakma, ýap-ýaňyja eden arzuwlam,
Gumbaýrak mysaly çagşaýanyna.

Gidiber, ýasyny özüm tutaryn,
Namyratja ölüp giden duýgulaň,
Men çekerin ýalňyzlygyň derdini,
Sen apalan, sen eý görül, söýgülen.

Gidiber, dünýämi düňderip başa,
Her gün hijran çekip bagrym daglaýyn,
Men seniň düňderen gara dünýämiň,
Garasyny ýüzme çyrşap aglaýyn...

Ertir. com/arhiw.
4 лайков 211 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Harmony
30 июн 2022, 21:49
Has Türkmen?
Aksary
30 июн 2022, 21:50
Granger
Has Türkmen?

Hawa Has türkmen
wordless
30 июн 2022, 21:52
Has TÜRKMEN-iň hakyky ady nämekä?
Harmony
30 июн 2022, 21:52
"Balkan" gazeti, 2018 ý, N"1
Massimus
Автор 30 июн 2022, 22:38
Granger,
Awtoryny bilemokdym, sag boluň
Harmony
30 июн 2022, 23:00
Massimus aga, rusça okaýaňyzmy?
Eger şeýle bolsa, göni Том Батлер - Боудон "50 великих книг по психологии" kitaby.
Gysgaça esaslary berilýär. Soň şoň içinde özüňize ýakynrak göreniňizi saýlap ýa hemmesine çümüp gitseňizem bolýar.
Mahremcynar
30 июн 2022, 23:18
Gowy
Aýnur
30 июн 2022, 23:28
Gidiber....
My life
30 июн 2022, 23:39
Gowy,öwgâ mynasyp goshgy.
Massimus
Автор 30 июн 2022, 23:47
Granger,
Massimus aga, rusça okaýaňyzmy?
Eger şeýle bolsa, göni Том Батлер - Боудон "50 великих книг по психологии" kitaby.
Gysgaça esaslary berilýär. Soň şoň içinde özüňize ýakynrak göreniňizi saýlap ýa hemmesine çümüp gitseňizem bolýar.

Howwa, rusça okaýan. Bu kitaby nirden tapyp borka, ýa Sizde elektron görnüşi barmy?
Harmony
01 июл 2022, 00:08

Hawa. Maňa elektron poçtaňyzy ýazaýyň. Rusça okasaňyz maglumat köp.