Kõñül küýsegi...
Uzak ilde, sensizlikden kemsinip,
Gezip yörün şol arzuwlañ İçinde.
Duýdansyz garşymdan çykaýjak ýaly, Umytlanyan, her samalýot geçende.
Çyn söygide, uruş sögüş köp bolýar, Gabanmagyň çägi bara ezizim.
Sen bolsa ýalany çyna döndirip,
Ne üçin yene öykeleýäñ henizem.
Gelin-gyzlar töwregime dolsa-da,
Barybir olar sen bolup bilmez.
Öykeleseñ nãzik göwnüñe görä,
Başga bir ýigit hem, men bolup bilmez.
Öýkämiz, kinämiz bilýärin yalan,
Ýalan bolmawersin söygi wepamyz.
Bir-birege niyet bilen sataşdyk,
Göwnümize görä, tapdyk șypamyz.
✔Awtor: Owezgeldi Taganow
4 комментария