Söhbet Döwletow ,,Ömrümiň Manysy''

'

Men şol öňki ýerde, sen gidip gelýäň,

Bitmez hiç haçan bu ýürek ýarasy.

Ýadyňa sal beren sözleň namardym,

Diýerdiň: Sen bu ömrümiň manysy.

Bir ýarym ýyldan soň öňümden çykyp,

Bilmediň ýüzüme bir gezek bakyp,

Ýetmedimi gitdiň durmuşym ýakyp,

Oýladym sen bu ömrümiň manysy.

Ýetebilmän ýörenimdiň, armanym,

Hassa wagtym boljakdyň sen dermanym,

Az boldumy bir ýarym ýyl harlanyň,

Dözüp ýörsüň ýar ömrümiň manysy.

Täze ýaryň menden nämesi artyk,

Menem geýip ýörämokdym-a ýyrtyk,

Kiçi dünýä uly hyýal sygdyrdyk,

Üýtgäpsiň-le sen ömrümiň manysy.

“Seniň üçin geldim” diýsem ynanman,

Närazylyk bilen bakdyň gynanman,

Men dözmezdim, ýörjek bolgun oýnalman,

Gitmesediň sen ömrümiň manysy.

Söz beripdiň menden soňra söýmezdiň,

Seslen ýarym, taşlamaga dözmezdiň,

Ýar tapyndyň, indi maňa gelmersiň,

Birwagtdyň sen ömrümiň manysy.

Sebäp ýokdy gitmegiňe söýgülim,

“Gutardy” diýipdi, öwen söýgüliň,

Senden soň hiç kime bermän göwnümi

Sakladym men, sen ömrümiň manysy.

Söhbet Döwletow.

06.05.2022ý.
2 лайков 147 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bagul_Atayeva
11 июл 2022, 09:04
Özi nirde Söhbediñ?
Türkmen Gyzy
Автор 11 июл 2022, 09:07
Bagul_Atayeva,
2-3 hhepdeden geçdi hawarlaşmadym
Charyarov
11 июл 2022, 10:27
SD () Like
Sohbet
31 дек 2023, 18:01
Paýlaşanyňyz üçin minnetdar