Bagyşla....
(Oýlanma)
Gözlerim ýene seniñ mähirli keşbiñi görmek üçin çal bulutly asmana garaýar, köñlüm bolsa seniñ duýgudaşlygyña mätäç, mähribanym! Sen welin bu pany dünýäñ gujagyndan sowrulyp gideniñe eýýäm ep-eslije wagt bolupdyr. Saña men özüm barada kän zatlar aýtmalydym, ýüregimi dökesim gelýärdi, üstünliklerimi aýdamda gözleriñ ýaşyny gizleýärdiñ, buýsanýardyñ, emma saña öz göwnümiñ galyp, kemsinen, ynjan günlerimi aýtmakdan saklanýardym, sebäbi sen meniñ üçin iñ eziz ynsan — kakamdyñ.
Maña düşünjegiñem bilýädim, goldajagyñam, maslahat berjegiñem, ýöne seniñ gynanmagyñy islämokdym mähribanym! Seniñ çagalykdan hupbat baryny görüp, ýetimligiñ derdini cekip kemsidilen dünýäñi ynjydasym gelenokdy. Ejem seniñ gören görgüleriñ, geçmişiñ, agyr çagalygyñ hakda bir zatlar aýdasy gelse, sen oña ýol bermezdiñ, ardynjyrardyñ, onsañ bar zat düşnüklidi, hiç kim gürlemäge het edip bilmezdi.
Bir gezek ejemjan seniñ çagalykda öweý enäniñ gazabyndan gizlenip tamdyryñ içinde ykyş, yyljak ýerde uklap galandygyñy aýdanda, saña bir döwüm gatan çörek berp, seniñ enebaşga jigiñe bolsa gowurdak bilen myssyk çöregi berýändigini aýdanda, öz otagyma geçip aglapdym. Senem ýanyma gelip «Kakasynyñ ors gyzynyñ göwnüne kim degdika?!» diýip meni köşeşdiripdiñ. Hawa, sen özüñ üçin aglanymy duýmandyñ, mähribanym! Ejem welin seniñ ömrüñ diñe yekeje gününi aýdypdy ahyryn, dokuz ýaşyñdan küren obañ çekenesini bakyp, gamsyz çagalygyñ hözürini hem gormansiña, sähra saña hossar çykypdyra kyblam!
Sen meni juda gowy görerdiñ, sebäbi men seniñ yedinji gyz perzendiñdim. Doganlarym seniñ ýanyñda gürläbem bilmezdiler, gülüp -degşibem… sebäbi seni aşa sylaýadylar. Ýok, sen naçarlaryñy ýeke gezegem ynjytmazdyñ, ýöne ene-atanyñ bar ýerinde nobatsyz gürlemezlik biziñ öýmüzde däbe öwrülipdi. Maña welin körpe bolamsoñ rugsat bererdiler. Doganlarym hemişe senden bir zat haýyş etmekçi bolsalar meni ýanyña ugradardylar. Seniñ dokuz cagany gara zähmetiñ bilen ekläp-saklaýanyña biz gowy düşünýärdik, hatda men çagakam täze köýnek geýen günümi henizem ýatlaýan, hemişe maña doganlarym özlerinden çykan, köne köýneklerini kiçeldip geýdirerdiler. Meñ begenäýşimi diýsene, köýnegi tä egnime geýdirýänçäler tikin maşynyñ ýanyndan galman oturardym. Maña ertekili, suratly kitaplary dagy sowgat getireñde gije-de gujagyma alyp ýatardym. Mähribanym, sen bize guwanýanyñy bilýärdim, bütin oba seniñ edepli çagalaryñ gürrüñini ederdi, mekdepden mugallymlar gelip, zehinli, akylly çagalaryñ bardygyny, olary hökman okuwa ugratmalydygyñy öwran- öwran sargap giderdiler. Senem «Goý, okasynlar, ylymdan ýokary baýlyk ýok ahyryn, öz sowatsyzlygym ýetik» — diýerdiñ. Ýok, kyblam, sen sowatsyz däldiñ, eliñden kitaby, gazet-źurnaly düşürmän okaýardyñ ahyryn?!
Çagalygym meni saña baglan iñ arzyly günlerimi alyp gitdi, indi salgym bolup görünýän ýyllañ añyrsyna seni görmek üçin bakýan, asyl men gamsyz çagalygymy ýatlamaýan günüm ýok bolsa gerek. Ulygyzlyk döwrüm käbäm seniñ ýüzüñi ýere saljak hereketleri etmekden saklanardym, yzymda ser-sepil ýigitler söz gatmaga hem milt edip bilmezdiler. Sen alty gyzyñy öz göwnüñ diýen ýerine durmuşa cykaryp ýalñyşmandyñ, olañ bagtyna guwanýadyña, kyblam.
Menem orta mekdebiñ sekizinji synpyny tapawutlanan şahadatnama bilen tamamlap, mugallymçylyk mekdebine okuwa giripdim. Elime tapawutlanan diplom alyp gelemde sen nähili begenipdiñ!
Ilkinji goşgymy saña bagyşlap ýazypdym. Şonda señ begenäýşiñi, aýdyp -diýer ýaly däldi, gözleriñden syrygýan damjalary gizlejek bolupdyñ.
Şol ýyl sen ýürek näsazlygyna sataşyp dert çekipdiñ, ýygy-ýygydan çep gursagyñy eliñ bilen tutardyñ, menem öz otagyma geçip, ýassygymy öl-myźźyk edip aglardym, Hudaýa ýalbarardym, seniñ saglygyñy diläp gijelerimi ukusyz geçirerdim.
Bir gezegem düýşümde seniñ daşyñda on dört sany perişde halkalanyp aýlanyp durdylar, olar maña «Kakañ biz tarapdan goraglydyr, soñky güne çenli biz ony terk etmeris» diyip meni köşeşdiripdiler.
Bu durmuşyñ gaýly-tupanly günleri sen meniñ bilendiñ. Dogrusy, menem beýleki gyzlañ ýaly seniñ saýlan ýigdiñ bilen durmuş gurupdym, sebäbi bu biziñ öýümiziñ däbidi...
Ýöne ýat ilde edebiýaty söýýän gyzyñ ýüregine düşünip, onuñ köñlüne aram berjek inçe duýguly adamlar welin meniñ dünýämde ýokdy. Men özüme düşünmeklerini isleýärdim, köñlümde bolsa dyñzap duran duýgularymy gandallap saklajak bolup dert baryny çekmeli bolupdym. Bu dert meni saralyp — solduryp öz guluna öwrüp baryardy, durmuşyñam ýüki meñ ejiz gerdenime agdykdy. Hawa, meni syrkawlyk egbarladypdy, birmahalky ot syçraýan gözlerimiñ nury öçüp, bedenim ysgynsyz, dünýäm hem darjygyp durdy. Ynjan günlerim saña içimi dökesim gelýädi, ejemjanyñam gan basyşy galyp duransoñ, ony gynandyrjak wakalary aýtman saklanmaly bolýadyk. Töhmet belasynyñ odunda ýanan günlerim dagy köñlüme dowzahyñ odundan ýaman ot çabyraýardy, kyblam! Men halys ýadapdym, ýöne seniñ abraýyña şek ýetirmekden özümi has alysda saklamaga çalyşardym, dymýardym...
Durmuş ummanynda gomlaryñ arasynda gark bolup barýan gyzyñy halas etmek üçin özüni ummana oklajak ynsana duşupdym, ýöne ol ummanyñ gaýra kenarynda. Onuñ bilen aramyzda birahat gomlar çyrpynýar. Sen birmahal meniñ dünýämiñ daşyna edil hytaý diwarlary ýaly synmaz galany galdyrypdyña… Ýok, onuñ henizem şol berkligi, oña durmuş ummanynyñ şor suwy hem, ummanda turýan harasatam zyýan edip bilmedi, daşyndan hüjüm edip her näçe oka tutsalaram señ gara deriñ bilen galdyryp beren galañ synmady, mähribanym!
Şol gün düýşümde seniñ perişdeleñden habar düşüpdi, olar seni alyp gitmelidiklerini aýdypdylar. Bu gezek meniñ dileglerimiñ saña haýry degmese gerek, sebäbi sen hökman gitmelidiñ. Sen gitdiñ, perişdeler seni Berat gijesi, anna güni asmana göterdiler, soñ ýene seniñ düşen täze mekanyñy gorkezipdiler...
Sen owadan ýakaly ýektaý köyneklidiñ, şeýle bagtyýardyñ, töweregiñ bag-bakja, eliñde bir hoşa üzüm bardy, maña garap: «Gaýgy etme gyzym, bärde hemme zat gowy, men Magtymguly Pyragynyñ goñşusy, men oña sen hakda hem aýtdym, ol hemişe ýanymda» — diýipdiñ. Men şonda seniñ hut Pyragy işanyñ ýanyndadygyña durkum bilen ynanypdym, kakamjan! Birnäçe günläp senden şeýle arkaýyn bolupdym. «lndi näme diýýärmiñ?!» Häzirem şeýle...
Meni bagyşla kakam, seni asla gynandyrasym gelmedi, ýöne indi señ üçin bar zat aýan, çünki sen asmanda bar zady görýäñ ahyryn, saña hemme zat aýanka aýtmagyñam hajaty ýok...
Daşymdan synlanlar meniñ günüme höwes edýändirler, hemme zat gülala-güllük, ýöne bu ýüregimiñ derdi welin diñe saña aýandyr, ol hemişe aglaýar, jigerimden gaýdýan gussa bolsa dünýämi suw-sil edip, haraba öwrüp barýala, kyblam!
Bagyşla, kakamjan, öñküje söýgüli «ors» gyzyñ ýüregi bu gûn bikarar, nämüçindir ynjalanok, ol seniñ bir zatlar diýeriñe garaşýar, sen welin asmanda şol agras nazaryñ bien maña bakyp dymýañ...
Wi, ýogsa-da seniñ ardynjyraýan sesiñi eşidýänmi?! Diýmek meñ bikarar ýüregim duygularyny şol öñkije gyzlyk döwrümden miras galan sandygyma salyp, ýene dymmaly bolar, bu ikimiz üçinem bähbitli bolsa gerek...
Ol duýgulary indi gulp astyndan azatlyga çykarmagyñ hajaty hem ýok, ýogsa olara erk bersem galamyñ synmagy ahmal, muny welin ikimizem bagyşlamarys… Yöne sen beri meni bagyşla, söýgüden püre-pür, tämiz gussaly dünýämi sarsdyran duýgyr, Ýüregim!
Gunça Amansähedowa

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.