Ine,meniñ diýýänlerim

ZENAN

Seni
Taplamasa,
Ruhlandyrmasa
Uly maksatlara,
Özüñe bolan
Ynamyñ ýetirip durmasa üstün,
Ýa-ha sen,oñ diýýän ýigidi dälsiñ,
Ýogsa-da,
Ol zenan,señki däl,
Dostum.

YKBALYÑ SERPAÝY

Bu ne beýle,
Aljyratdyñ sen meni,
Şol gün,
Uzagyndan garaşdyran gün.
Hernä,
Ýüz berse bor diýip barşyma,
Bar zady unudan bolmagym mümkin.

...Salam berdim,
Birenaýy ýylgyrdyñ,
Ol ýylgyryş ömre bagtdan paýdyr.
Mahal-mahal,
Seni görûp,
Aljyrap
Ýörmegem,
Ykbaldan maña serpaýdyr!

ADAM

“Adamy ýeñip bolmaýar”
Ernest Hemingueý
Sen adam!
Adama ýeñilme ýokdur.
Seni ýeñjek ýokdur özüñden başga.
Beýiklige bolan ynamyñ
Seni
Saklasyn,
Bar bolan peslikden daşda.

Şowsuzlyklar,
Kynçylyklar,
Aslynda,
Arzuwlardan el çekmäge bahana.
Saña ýeñil durmuş wada bermändi,
Tañry seni getirende jahana.

Sen adam!
Dünýäniñ bar pelsepesi,
Bir sende jemlenen,
Iñ kämil halda.
...Ölüme-de seni ýeñme ýok,
Çünki
Direlmek taglymy bardyr ynsanda.

ÝÜREK

Ýüregim agyrýar,
Ýok,
Söýgüden däl.
Söýgim maña dert bolardan ezizdir.
Ýogsa-da,
Bar şypa şonuñky wagty,
Söýgüsine dert diýýänler ejizdir.

Ýürek urmasyny dowam edip dur,
Ahmal,
Agyrýandyr urgusyndan ol.
Ýeri,
Deñemäge başga zat ýokmy?!
Ynanyñ,
Uludyr bir gysymdan ol.

Düşünýän,
Düşünmäñ kyndygyna-da,
Ýüregimiñ derdi köplere geñdir.
...Adam ýaşy,
Deñdir ýaşan ömrüne,
Ýürek ýaşy,
Dünýäñ ýaşyna deñdir.

TÖTÄNLIK

Tötänlik ýok,
Bar bolşy ýaly Tañryñ
Adam döräp bar kalbynyñ gümany.
Ykbal üçin müñ bir sebäp bar wagty,
Heý,
Tötänden duşurarmy ynsany?!

Özünden arzuwy süýji köp zadyñ,
Bagtyndan bihabar,
Arzuwda ýören.
...Tötänlik ahwaldyr garaşylmadyk,
Bir ýerlerde saña garaşyp duran.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW.

4 лайков 153 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
11 июл 2022, 09:57
Ýüregim agyrýar,
Ýok,
Söýgüden däl.
Söýgim maña dert bolardan ezizdir.
Ýogsa-da,
Bar şypa şonuñky wagty,
Söýgüsine dert diýýänler ejizdir.
???
Ahmet
11 июл 2022, 09:58
Like. Haladym. Ýöne tygşytlyda bolanym üçin basyp bilemok, pardon!
Öwreniji
11 июл 2022, 11:01
? ???