MEN SENI SÖYYAN

MEN SENI SÖÝÝÄN

M - melek deý zeminiñ perisi sensiñ
E - edebiñ , asylyñ çuñ hazynasy
N - nurly ýuziñ mydama maña gülsin
Sensiñ ykbalymyñ soñsyz manysy

S - saýlap seni niçe gyzlar içinden
E - ençe wagt galdy yürekde duýgy
N - nagyş çekdiñ bezäp gursak içimde
I - isleg we hyýalym señ bilen söýgi

S - söýýän gaýtalaýan dillerim durmaz
Ö - öwüp waspyñ arşa ýetirip bilmen
Ý - ýolumyz aýrylsa güllerem gülmez
Ý - ýürek söygim sozlem getirip bilmen
A - älemimde seni baglap ömrüme
N - nesip etdi ykbalymyñ törüne
Ýatlap seni her günimde her demde
“Men Seni Söýýän”, diýýän ýürekden

Jemşit Hajymämmedow
0 лайков 478 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
24 мар 2023, 02:55
Akro diýseň akro däl, goşgy diýseň goşgy däl. Näme munyň özi??
Poems
Автор 24 мар 2023, 04:17
_Bayat,
Yurek beyany??
Venus
24 мар 2023, 07:38
Tekst edip, birazrajyk duzam sepeňde, okyjy işdämenlik bilen iýerdi welin....
Aksary
24 мар 2023, 07:49
Venus23
Tekst edip, birazrajyk duzam sepeňde, okyjy işdämenlik bilen iýerdi welin....

Bular yaly akrolary gaty kän eken
Ahmet
24 мар 2023, 08:13
Aýdara söz ýok... Garaz, ýene teswir ýok. Ýazyp başarmasaň men ýaly ýazman gezeniň gowy poeziýaň adyna ysnat getireniňden ))
Poems
Автор 24 мар 2023, 15:27
Venus23,
Rolton sepip iyay sen
Poems
Автор 24 мар 2023, 15:28
Vekil_City,
Doglañdan Magtymguly bolup doglanok, shutaydaky yazyanlaryñ hemmesindenem yashym kicidir
Venus
24 мар 2023, 19:20
Aksary.,
Hawa, gyzlaryň adyna ýazyp, diňledip ýören eken)
Venus
24 мар 2023, 19:22
Jemsitpoet,
Tankytlardan netije çykarmany başar ilki. Men näme iyjegimi soň aydyp bererin. Roltony bile iýeris)