Ýürekden daman damjalar..


Sen bolmadyk bolsaň, nähili bolardym? Kim maňa düşünerdi? Tanardymmy özümi? Görsene meni... Ruhy azaplaryňdan, ejirli ýollaryňdan ýöräp ýörşümi meýletin.
Azaşyp ýörmükäm ýa? Seniň barlygyň çynmy, aýtsana?
Men kän agladym. Sebäbi, gözlerim görmändi hiç zady. Gözýaş däldi gözlemdäki damjalar. Olar baharda ýagýan sansyz ýagyşlara juda meňzeşdi. Jan beripdi ruhuma. Syrlaryny welin açmandy. Ýöne kän zatlary wada beripdi.
Eşidilýän garym-gatym ýakymlyja owazlar bilen başagaýdym dünýäňde.
Ynanýaňmy? Men bagtly bolup bilýän.
Ol ajaýyp, erteki däl, ýok, düýşem däl, hyýallarymam däldi ýöne.
Şeýle dünýäni sowgat edip, täsin duýgular bilen besläp bilşiňe welin, men häzirem düşünip bilemok-da.

***
Beren nygmatlaryňa şükür edibem ýetişmänkäm, men Senden näme üçin nägile bolaýyn.
* * *
Ýalandan ýylgyrmany öwrenjek bolýan, diňe seniň göwnüň üçin.
* * *
Heniz aýdylmadyk aýdymlarymyň owazyny senem bir diňläp görsediň.
* * *
Size bolan söýgimi gursagymda gizläp gezýänim üçin meni bagyşlaň, mähribanlarym!
* * *
Men näme üçin ýazjak bolýarkam?.. Düşündirip bilmeýänligim üçinmikä, bilemok?!
* * *
Eger durmuşdaky zerur işlerim bolmadyk bolsady, onda men diňe okardym.
* * *
Men sizi şeýle bir gowy görýän. Ýöne ýalňyzlygy halaýanym, garasöýmezligi aňlatmaýar ahyry...

HIÇ DÜŞÜNMEÝÄN

Nämüçinkä – ýigrenýäni söýýän men?
Nämüçinkä – aglaýarkam gülýänim?
Nämüçinkä – gülemde aglaýanym?
Nämüçinkä – ýadatmaýar bu ýollar?
Nämüçinkä – uçup bilýän ganatsyz?
Nämüçinkä – ýyrtyk göwne ýamam ýok?
Nämüçinkä – dünýä mende ýerleşýär?
Nämüçinkä – sygmaýanym bu dünýä?
Nämüçinkä – kä:n zatlara düşünýän?
Nämüçinkä – hiç zada düşünmeýän?

Bilbil KAKABAÝEWA.
0 лайков 86 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.