Eje!

Jan diýip, öñüñde çökmedim dyza,
Senem ejap etdiñ janym diýmäge.
Şeýdip suwjaryp däl,merdemlik bilen,
Söýmegi ozaldan guýduñ dünýäme.

Söýdüm eje ,munda barlygym üçin,
Dil bilen däl,gursagyma siñdirip.
Bilýän,señ göwnüñem juda hoşdugyn,
Meni giñ jahana,dünýä inderip.

Çünki meni ýollan ,ak ýollaryña,
Kir-kimirsiz aşan bolsa kerweniñ.
Eje,señ megerem yhlasyñ şudur,
Şu güne çen azap eden her güniñ.

Atarsam kerweniñ ýeneki ýola,
Owsaryn tutdyryp perzentlerime.
Guýan gursagyma ak süýdüñ bilen,
Eýerip,öwüt hem her pentleriñe.

Eje...hökmanam däl,owadan sözler,
Gaýta-gaýta alyp ýörmek dillere.
Razy,gursagyñda ahmyr goýmasam,
Hem ýodañy alyp gitsem ýollara.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

2 лайков 75 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.