Ölümden gutaran derman
ÖLÜMDEN GUTARAN DERMAN
Rus dilinde çykýan gazetleriň birinden aşaky jümläni depdere ýazypdym: ˝Professor Fleming laboratoriýada iş bilen başyna gaý bolup ýörkä, nahar iýmegi hem unudar ekeni. Ol bir gezek heňlän gaty çöregi gemirýär. Çöregiň owuntyklary probirkanyň içine gaçýar, alymyň ýetişdiren bakteriýalaryny öldürýär. Şu ýerden hem penisillin dermany tapylýar. Penisillin – ˝heňlemek˝ sözünden alynýar.˝
1952-nji ýylyň tomsunda penisillin meni ölümden halas edipdi.
Men meşhur fransuz ýazyjysy Andre Moruanyň ˝Ajaýyp adamlaryň ömri˝ diýen seriýadan neşir edilen Fleming hakyndaky kitaby bilen tanyşdym. Morua-da penisilliniň tapylmagynda garaşylmadyk pursatyň ýüz berendigini inkär edenok, ýöne ýokarda getirilen gazet habaryndaky tötänlik bolmandyr. Medisina ugrundan dünýä ylymynda öçmejek yz galdyran şotlandiýaly alym, Nobel baýragynyň eýesi Aleksander Flemingiň laboratoriýa barlaglary telim ýyl dowam edipdir. Irginsiz gözlegleriň netijesinde 1928-nji ýylda penisillin tapylýar, 1943-nji ýylda ony derman fabriginde öndürip başlaýarlar. Flemingiň ägirt hyzmatyny bellän adamlar: ol diňe bir keseli däl, ölümi hem ýeňdi diýip ýazypdylar.
Hawa, Aleksander Fleming meni, türkmen obasynda ýaşap ýören, on dört ýaşyndaky oglany ölümden halas etdi. Meniň halas bolşumda-da tötänlik bar. Oňa aşakdaky ýazgyny okanyňyzdan soň göz ýetirersiňiz.
Men 1952-nji ýylyň iýun aýynda obamyzdaky ýediýyllyk mekdebi taryp haty bilen tamamladym. Şol ýyl agam Ata Mary şäherindäki erkekler orta mekdebini gutarypdy. Indi meniň gezegimdi. Şol mekdepde okamak isleýänleriň sany-sajagy ýok diýdiler. Atly-abraýly mekdepdi. Ony gutarýanlaryň ýeke-täk arzuwy Aşgabada, ýokary okuw jaýyna gitmekdi. Oňa Mary welaýatynyň ähli künjünden gelýärdiler, onsoň sekizinji klasa barmak üçin hem giriş ekzamenini tabşyrmalydy.
Taryp hatyny gowşuranda, okuw müdiri Sary mugallym:
– Seni ekzamensiz alarlar – diýdi. Meniň begenişimi diýseňiz! Begenjiň çogy-da oduňkydan pes däl, aýagym bişen ýaly bir ýerde oturyp bilemok. Taryp hatymy elime alyp, öýden-öýe ylgaýaryn. Görenleriň mençe begenmeýänine nadyl bolýaryn. Sary kakam öýmüze geldi, öwgä gezek gelende gysganç hem bolsa, ejemiň ýanynda:
– Tüweleme, Tirkim iş bitirdi. – diýdi. – Tirkimi rus mekdebine beräýsek nädýär?
Bu sowal ejemden beter meni geňirgendirdi. Sary mugallymyň oýun etmejegini bilenim üçin oňa gorky hem howsala bilen garadym. Men bäş-on sözden başga rusça bilmesem näme!
Sary kakam:
– Dil öwrenýänçäň bir ýyl klasyňda galarsyň, aýby ýok – diýdi, men boýnumy salladym. Sary kakam uludan güldi. – Gorkaýdyňmy, Tirkim? Entek görüberýäs, okuwa çenli wagt bar.
– Orus oglanlaň arasynda kyn bolaýmasa? – Ejemiň bu sowalyny Sary kakam jogapsyz galdyrdy.
Tomus brigadada işlemelidim. Wah, indi şäherde okajagymy bilýän-le, iki aý nämejik! Ýaltanman-ýadaman işlärin, kätmen uraryn, suw tutaryn, ýigrenji gowaçanyň dymyk keşleriniň arasyna sümlüp, haşal otlary aýraryn!..
Brigadirimiz Nedir aga okuwa gitjegime begenmedi, näme üçin begensin, ol bir daýhany ýitirýär ahyry!
– Ertir Hötjäň traktory akuşnik gazmaga geler, günortana çenli yzyna münersiň, öýlän oglanlaň biri bilen çalşarsyň – diýdi. Bu iş maňa beletdi, kyn, ýigrenji iş! Günortana çenli halys surnugjagymy bilýärin, öýlän Çogannykda suwa düşerin diýäýmesem, başga hezillik ýokdy.
Suw tutulmaly gowaça keşleriniň arasyna joýa çekýän ˝Uniwersal˝ traktoryň yzyna berkidilýän agregatyň ýokarsynda uzyn demir nowa bardy. Nowany ders bilen garylan azotdan doldurýardylar. Nowadan aşak gaýdýan maýyşgak rezin turbalardan dökülýän dökün akuşnigiň gazýan joýasynyň düýbüne düşmelidi. Sähel ýokaryk düşse, ýa-da gowaçanyň üstüne döküläýse, azot ekini ýakýardy. Men dört turbanyň akymyny sazlamalydym, munuň üçin olaryň bokurdagyny taýak bilen arçap durmalydy.
Hötje traktorçy ilerki obanyň adamydy, ýüzi agyr, dymma, rehimsizdi. Seniň halyňy sorajak gümany ýok. Birinji gün nobatdaşym wagtynda geldi, öýlän öýe gaýtdym. Ikinji gün gelmedi. Golaý töwerekde daýhanlaram, brigadirem görnenok. Ählisi alty kilometr daşlykdaky gowaçany otamaga gidipdir.
Hötje:
– Ýeriňe adam gelmese, özüň işlärsiň – diýdi.
– Men ýadadym, how, nanam iýemok.
– Agzyňy tutýan barmy, iýiber.
Günortan iýere nan-çaý getirmändim, öýe gelip iýerin öýdüpdim. El ýaly gury nandan başga zadym ýokdy, şony ýabyň boýunda suwa batyryp iýdim. Traktorçy Hötje erik agajynyň kölegesinde oturyp çaý içdi, çaýçorba edinip iýdi, hödürem etmedi. Muny diňe yzgytsyz, rehimsiz adam edip biler. Edil maňa ýamanlyk edýän ýaly, dynç alman, ýene traktora mündi. Sähelçe wagtam bolsa, kölegede uklap turarys öýdüpdim. Eşigim bilen suwly ýaba çümüp çykdym. Köýnek-balagym gyzgyn traktoryň üstünde bäş minutda gurady.
Tomsuň iň uzak gününde, dik yssyda, başyň tahýaly, ertirden Gün batýança derse, azoda, tozana bulaşyp geçirmegiň jebrini görmedikler göz öňüne-de getirip bilmez. Awuly tozan gözüňi awuşadýar, hapa, derli eliň bilen owkalasaň has-da beter. Agzym kepäp dur, boýnumdan asylgy çüýşedäki suw gyzyp, gaýnawa dönüpdir, ony içeniň bilen suwsuzlygyň ganyp, ýüregiň sowajak gümany ýok.
Garaňky düşende öýe geldim, naharam oňly iýmän süýndüm. Ertesi kelläm agyryp oýandym. Ejeme hiç zat diýmän işe gitdim, uky süňňümdäki argynlygy aýyrmandyr, ýene ýatasym gelýärdi.
Günortana çenli işledik, joýa çekmeli meýdan gutardy. Traktor goňşy brigadanyň ýerine geçdi, men öýe gaýtdym.
Gije gyzdyryp-üşedip oýandym.
Ejem:
– Seni Gün urupdyr – diýdi.
Çaý içirdi, irden unaş edip berdi, unaş dümewläne iň peýdaly em diýip bilinýärdi. Iýenimi-içenimi gaýtardym. Towuk çorbasyny içirmeli diýdiler, olam ýüregimde durmady. Bedenimden göterilýän howry özümem duýýardym. Gözümi açasym gelenok, ýanymda oturanlaryň sesi barha daşlaşdy.
Ejemiň: ˝Tamdyr ýaly gyzýar˝ diýen sözüni eşitdim. Ol meni soramaga gelýänlere aýdýandyr, men welin, gyzan tamdyra golaýlaşyp bilmän duran ejemi göz öňüne getirýärin. Bu ýerde maňa düşnüksiz ýagdaý dowam edýär, men oňa perwaýsyz, onuň maňa dahyly ýok ýaly. Endamymy owkalaýarlar, burnuma goýun ýagynyň ýakymsyz ysy urýar, ýüregimi bulaýar. Beýle çekeläp otursalar, göwräm pytrap gider... Men gündiz haýsy, gije haýsy, aňşyramok, hemişe gorsaw çägäniň üstünde ýatan ýaly. Bedenim buga salnandyr öýdýärin, deriň porsusy burnuma urýar.. Daş kimin agralan kellämi galdyryp, agzyma çaý guýýarlar, ajy tagamy mädäme degýär, demigýärin, ýöne gaýtarman saklanýaryn. Soňra endam-janyma ýakymly argynlyk aralaşýar, ukym tutýar... Soň bilip otursam, alaç tapman, tirýegi çaýda eredip içiripdirler.
Bir gezek howruň içinde Geregi gördüm. Howruň tolkunyna Geregiň göwresi-de tolkun atýar. Ol maňa hiç zat diýenok, maňa seredenogam, birdenem gaçyp başlaýar, menden gaçýar. ˝Gerek! Gerek! ˝ diýip gygyrýaryn. Men ony kowalajak bolamok, sesim bilen ony durzaryn öýdýärin: ˝Gerek! Gerek!..˝ Ses berenok. Kowalamaýanymy görse-de duranok, geň galýaryn. Menden gaçanok diýýärin, meniň duran ýerimdäki howurdan gaçýar... Sowuk dere batyp gözümi açamda, Geregi görmedim. Ejem üstümdäki ýapynjany serpip, öl-myžžyk bolan köýnek-balagymy çalşyrmaga başlady. Gerek meniň ýatanymy bilýärmikä diýen sowal serime geldi. Gelmejegini bilýärin, utanar. Bilenim üçinem çagyrandyryn. Geregiň adyny tutup gygyranymy ejem eşidendir. Utandym. Ejem hiç zat diýmedi, meniň utanjagymy bilýäni üçin diýýän däldir. Ýatan ýerimden dikelmäge kömek etdi, şojagaz gymylda başym aýlandy. Ejem:
– Nediriň gelenini bilýäňmi? – diýdi.
– Ýok.
– Şo pille gyzgynyň gaty galypdy-da, samradyňam. ˝Bu çagany nädäýdiňiz! diýdim. Jumageldi diri bolsady, üzeňňisinden üç geçerdiňiz diýdim.˝ Ýuwdunyp otyr nejis. Seni çalyşmaly oglany ejesi daýzalaryna iberipdir, günortana geler öýdüpdir, agşamara gelipdir diýdi. Indi depesine bereňde, saňa etjek peýdasy näme! Hol-ha, sen iýersiň diýip gawun getirdi, gawun-garpyz iýjek diýse, her haçanam bolsa, alyp gaýdyberiň diýdi, gowuz ýeriňe dyk diýdim. ˝Size ýamanlygymyň ýokdugyny bilýänsiň, Ogulbeg˝ diýip, ýüzüni murtar edip otyr.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.