Leýli Çaryýewadan söýgi setirleri...
"Garaşgyn maña"
Seni ýatlamalañ gursagyndan dörüp,
Bilemok nädip ýetýänim daña.
Ýene güýzde, şol wadaly ýerimizde,
Garaşgyn maña!
Dol sen gussañ urnun bagtly günlere,
Sensizlikde kalbym dönüpdir çaña.
"Söýgimiziñ gülin" eken ýermizde,
Garaşgyn maña!
Saçlañ oýnap gitdi garagol şemal,
Hem bir zatlar pyşyrdady gulagña,
Tylla güne ýene çytyp gaşyñy,
Garaşgyn maña!
"Gitjek bolañda"
Gara gözleñ nurun maña goýup git.
Gitjek bolañda!
Ýatlamalañ gursagna guýup git
Gitjek bolañda!
Bagt beren umytlarñy alyp git.
Gitjek bolañda!
Soñky gezek iñ bolmanda gelip git.
Gitjek bolañda!
Ýüregiñi goý, oña derek ýüregimi,
Alyp git!
Aglamaly bolsa özüm aglaýyn-
Gülüp git...
" Birazajyk berýär azar.."
Juda alyslara gitdi.
Gün çogy deý, çoýan söýgiñ.
Meni ýalñyz goýup gitdi,
Bir pursat aýnadan duýgyñ.
Göz öñümden ýitdigiñmi ?
Nämä gerek pelsepeler.
Ýalñyz goýup gitdigiñmi ?
Ýürek diýýär:
- Geler, geler...
Dumana gaplandy serim,
Sen bolsa üznüksiz dymýañ.
Armanym gursaga sygman,
Dideden ýaş bolup damýar.
Gijeler ýene-de sensiz,
Hat-da sesiñ eştmäne zar.
Şowsuzlyga uçran kalbym,
Birazajyk berýär azar...
"Söýmedik ýaly"
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.
Durmuşymda goýup giden tagmañdan,
Häzirlerem halas edenok gülki.
Ykbal seni maña köp gören ýaly,
Bagtly günleñ sallançagy üzüldi.
Senli günler duýdurmady gussany,
Senli duýgym güýz ýagşyna ezildi.
O günler şeýlebir tiz geçdi göýä-
Bagdan tänip gaçan ýaprak mysaly.
Sen meni şeýlebir unutdyñ göýä-
Göwnime sen meni söýmedik ýaly...
Seni ýatlamalañ gursagyndan dörüp,
Bilemok nädip ýetýänim daña.
Ýene güýzde, şol wadaly ýerimizde,
Garaşgyn maña!
Dol sen gussañ urnun bagtly günlere,
Sensizlikde kalbym dönüpdir çaña.
"Söýgimiziñ gülin" eken ýermizde,
Garaşgyn maña!
Saçlañ oýnap gitdi garagol şemal,
Hem bir zatlar pyşyrdady gulagña,
Tylla güne ýene çytyp gaşyñy,
Garaşgyn maña!
"Gitjek bolañda"
Gara gözleñ nurun maña goýup git.
Gitjek bolañda!
Ýatlamalañ gursagna guýup git
Gitjek bolañda!
Bagt beren umytlarñy alyp git.
Gitjek bolañda!
Soñky gezek iñ bolmanda gelip git.
Gitjek bolañda!
Ýüregiñi goý, oña derek ýüregimi,
Alyp git!
Aglamaly bolsa özüm aglaýyn-
Gülüp git...
" Birazajyk berýär azar.."
Juda alyslara gitdi.
Gün çogy deý, çoýan söýgiñ.
Meni ýalñyz goýup gitdi,
Bir pursat aýnadan duýgyñ.
Göz öñümden ýitdigiñmi ?
Nämä gerek pelsepeler.
Ýalñyz goýup gitdigiñmi ?
Ýürek diýýär:
- Geler, geler...
Dumana gaplandy serim,
Sen bolsa üznüksiz dymýañ.
Armanym gursaga sygman,
Dideden ýaş bolup damýar.
Gijeler ýene-de sensiz,
Hat-da sesiñ eştmäne zar.
Şowsuzlyga uçran kalbym,
Birazajyk berýär azar...
"Söýmedik ýaly"
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.
Durmuşymda goýup giden tagmañdan,
Häzirlerem halas edenok gülki.
Ykbal seni maña köp gören ýaly,
Bagtly günleñ sallançagy üzüldi.
Senli günler duýdurmady gussany,
Senli duýgym güýz ýagşyna ezildi.
O günler şeýlebir tiz geçdi göýä-
Bagdan tänip gaçan ýaprak mysaly.
Sen meni şeýlebir unutdyñ göýä-
Göwnime sen meni söýmedik ýaly...
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.