Aýalbaz
AÝALBAZ
"Düşeginde düşlän"! aýal jynsynyñ
Sanyny artdyrmak seniñ hyýalyñ.
Boý-syrat beripdir
hem dilewarlyk
Aldanýan zatlary kän-kän aýalyñ.
Tanyşlyk,
duşuşyk,
düşek,
hoşlaşyk,
Ýene-de tanyşlyk...
ine bar dünýäñ!
"Söýenim 100-den-ä añrydyr!" diýip,
Uly bir iş bitiren deý öwünýäñ.
Ýok, sende söýgi ýok!
Ýok sende ýürek!
Adam däl-de,
Göýä, dilewar robot.
Işiñe jür,
Etjegiñi bilýärsiñ...
...Aýallar, kimiñki indiki nobat?!
■ SOWUK SÖÝGI
Kän-kän gyzlar gezşip ýörler jahanda,
Güjeñläp aldawçy sowuk görküni.
Olar Anderseniñ "gar perisi" deý,
(Reý Bredberiniñ robotlary deý
Erkekleñ elinden alyp erkini,
"Aýal borjun" bitirmäge ukyply,
Ukyply näz edip, içişmäge meý.
Bir günmi, üç günmi, mädäñe görä,
Olara özüñi ynanyp bolar.
Kiçi dilden bärde söýgi bildirip,
Ýalan gülüp, ýalan gynanyp bolar.
Eger baryp ýatan akmak bolmasañ,
Olara ýüregiñ ynanyp bolmaz.
Gynanmazlar olar seni ýitirse,
Olary ýitirseñ, gynanyp bolmaz.
Ýüregiñ olara geregi-de ýok,
Olar ýüreksizem "söýer-söýdirler".
Ýatda-da galmazlar. Bir etjekleri:
Aýap ýören halallygyñ ýoýdyrlar.
HOWUL-HALA DILE GELEN SETIRLER
■ ALDAWÇY GYZA
Ynamyma giräge-de,
A gyz, meni nädip goýduñ:
Akpamygyñ pişigi deý,
Ýüregimi gädip goýduñ!
■ GYZYÑ SOWALYNA ÝIGIDIÑ JOGABY
- Neçüýn saña duşamda ýüregim has gaty urýar
- Berýän posalaryñy hasaplaýar - çot urýar!
■ YKRAR ETMEK
Keramatly köpelýär ýer ýüzünde
Jadyly saýýarlar gözdür ellerin.
Ynanamok!
Ýöne seniñ gözüñde
Jady baryn inkär edip bilmerin!
■ ÝEÑLES GYZA
Miwe bişse elýeterde,
Her kim diş urar öter-dä.
Aýak asty bolup ýatan
Haýa şahañy göter-dä!
■ YŞK ODY
Diýsem: "Söýgi tutaşýar birje gezek bakañda",
Diýýärsiñ: "Bir göreñden aşyk bolmak, akmaklyk!"
Otluçöp dänesini ýeke gezek çakañda,
Bilýänsiñ, mümkin ahyr ullakan ot ýakmaklyk!
■ GABANJAÑLYK
Gabanmaly bolsa, gülüm,
Garrylykdan gabanardym.
Towlap saña uzan elin,
Üstüne abanardym.
Hemra ŞIROW
"Düşeginde düşlän"! aýal jynsynyñ
Sanyny artdyrmak seniñ hyýalyñ.
Boý-syrat beripdir
hem dilewarlyk
Aldanýan zatlary kän-kän aýalyñ.
Tanyşlyk,
duşuşyk,
düşek,
hoşlaşyk,
Ýene-de tanyşlyk...
ine bar dünýäñ!
"Söýenim 100-den-ä añrydyr!" diýip,
Uly bir iş bitiren deý öwünýäñ.
Ýok, sende söýgi ýok!
Ýok sende ýürek!
Adam däl-de,
Göýä, dilewar robot.
Işiñe jür,
Etjegiñi bilýärsiñ...
...Aýallar, kimiñki indiki nobat?!
■ SOWUK SÖÝGI
Kän-kän gyzlar gezşip ýörler jahanda,
Güjeñläp aldawçy sowuk görküni.
Olar Anderseniñ "gar perisi" deý,
(Reý Bredberiniñ robotlary deý
Erkekleñ elinden alyp erkini,
"Aýal borjun" bitirmäge ukyply,
Ukyply näz edip, içişmäge meý.
Bir günmi, üç günmi, mädäñe görä,
Olara özüñi ynanyp bolar.
Kiçi dilden bärde söýgi bildirip,
Ýalan gülüp, ýalan gynanyp bolar.
Eger baryp ýatan akmak bolmasañ,
Olara ýüregiñ ynanyp bolmaz.
Gynanmazlar olar seni ýitirse,
Olary ýitirseñ, gynanyp bolmaz.
Ýüregiñ olara geregi-de ýok,
Olar ýüreksizem "söýer-söýdirler".
Ýatda-da galmazlar. Bir etjekleri:
Aýap ýören halallygyñ ýoýdyrlar.
HOWUL-HALA DILE GELEN SETIRLER
■ ALDAWÇY GYZA
Ynamyma giräge-de,
A gyz, meni nädip goýduñ:
Akpamygyñ pişigi deý,
Ýüregimi gädip goýduñ!
■ GYZYÑ SOWALYNA ÝIGIDIÑ JOGABY
- Neçüýn saña duşamda ýüregim has gaty urýar
- Berýän posalaryñy hasaplaýar - çot urýar!
■ YKRAR ETMEK
Keramatly köpelýär ýer ýüzünde
Jadyly saýýarlar gözdür ellerin.
Ynanamok!
Ýöne seniñ gözüñde
Jady baryn inkär edip bilmerin!
■ ÝEÑLES GYZA
Miwe bişse elýeterde,
Her kim diş urar öter-dä.
Aýak asty bolup ýatan
Haýa şahañy göter-dä!
■ YŞK ODY
Diýsem: "Söýgi tutaşýar birje gezek bakañda",
Diýýärsiñ: "Bir göreñden aşyk bolmak, akmaklyk!"
Otluçöp dänesini ýeke gezek çakañda,
Bilýänsiñ, mümkin ahyr ullakan ot ýakmaklyk!
■ GABANJAÑLYK
Gabanmaly bolsa, gülüm,
Garrylykdan gabanardym.
Towlap saña uzan elin,
Üstüne abanardym.
Hemra ŞIROW
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.