Otluçöp
Köçeden geçip barýan bir ötegçiden otlyçöp soramak, göräýmäge, ap-aňsat ýalydyr. Ýöne beýle däl. Öň şular ýaly ýagdaýy başyndan geçirenler muňa gaty gowy düşünýändir. Menem bir gün agşam şeýleräk ýagdaýa uçramsoň aýdýan. Bir gün köçäniň çatrygynda jübümi sermenip, aldygyna otluçöp gözledim. Tapmadym. Onsoň otluçöp sorar ýaly deňimdem bir geýnüwli, gelşikli adam geçäýmezmika diýen niýet bilen garaşdym. Ynha, diýenim bolup, bir geýnüwli adam deňime ýetdi. Menem pursady elden bermän:
- Bagyşlaň, jenap otluçöpüňiz bar bolsa beräýiň?- diýip, sypaýyçylyk etdim.
-Otluçöp!? Hä, elbetde! Oňam bir gürrüňi bormy-diýdi-de, ýaňky kişi paltunynyň iliklerini ýazdyryp, penjeginiň jübüsine elini ýetirdi. -Otluçöp bardyr, bolaýmaly-diýip, ol sözüni dowam etdirdi. -Gitjek ýeri bolmaz oň, jübimiň içrägine gidendir, ýa-da, dur-la, ýogsada ýokarky jübimde bolaýmasyn... Häzir garaş, göreýin... Dur entek, men şu elimdäkileri bir gyrada goýaýyn...
Wah, sizäm azara goýdum-da, diýip müýnürgendim. -Bolmasa, hökmaanam däl-le diýip, sözümiň üstüne goşdum.
-Päheý, goýaweriň, oňam bir azary bormy?! Men ony häziriň özünde taparyn.Bilýan-ä men, ol şu ýerde bir ýerde bolaýmaly- diýdi.
Maňa göwünlik berip durşuna-da, aýakaldygyna ellerini jübülerine sokuşdyryp, otluçöp gözledi. -Wah, içigar galmyş, gör-le muny. Bu meň hemişeki geýýän penjwgim däl ýaly-la...
Görsem, bu kişi gaharlanyp, otluçöpe derek özi ot alyp gidip barýar. Men ony köşeşdirmäge synandym:
-Zyýany ýok. Alada galmaň! Bu hemişeki geýýän penjegiňiz däldir! Azar edinmäň!
-Ýok, ýok siz garaşyň-diýip, öz diýenine tutdy. -Onuň ýok bolup gitjek ýeri bolmaz.Al kakmyş, ol hökman şu ýerde bir ýerde bolaýmaly. Dur-la, men ony goşar sagadym bilen bir ýerde goýan bolaýmaýyn? Aý, ýok, oň ýanynda-da däl eken. Hany, sen biraz tagapyl etsene. Howlukma. Men şu paltunymy gaýtadanam bir göreýin.Ah şol işigaýdan tikinçi jübüni nirden goýmalydygyny bilende, heý, adamlar şuň ýaly kösenjek durjakmy!
Indi bu jenaby otluçöp tapyp bermekden saklap bilseň sakla-da! Ol indi bu işe gaty ykjam girişdi. Ol elindäki hasasynam owarra edip zyňyp goýberdi-de, garader bolup jübülerinu sermeşdirýärdi:
-Häli, görseň şo zaňňar alandyr meniň otluçöpümi- diýip, ogluna dişini gyjady. - Ol meň jübüme girendir. Haý, içine bir ot düşmüş! Entek, hany öýe baraýyn, ol.muň üçin mazaly temmisini alar! Ýogsa-da, o meň jalbarymyň jübüsinde durandyr-ow!
Hany siz biraz garaşyň. Şu paltunymyň syýyny galdyryň... Häzir... Häzir...
-Ýok, hökmanam däl- diýip, men oňa garşylyk görkezdim. - Haýyş edýän, azara galmaň, gerek däl. Maňa otluçöpüň o diýen zerurlygam ýok-la. Paltunyňyzy çykarmak dagy asla hökmanam däldi-dä... Haýyş edýän, beýtmäň, beydip zatlaryňyzy, hatlaryňyzy garyň üstüne zyňyşdyrmaň. Serwdiňa, jübüleriňiziň tikinlerini dagam ýyrtyp taşladyňyz! Gaýrat edeweriň beýtmäweriň! Aýagyňyzyň aşagyndaky torbalara bir haýpyňyz gelsin ähbetin! Beýdip ogluňyza sögünmäweriň! O neresse çaga ahyryn. O näbilsin otluçöpüň beýle zerur boljagyny! Bogazyňyza bir haýpyňyz gelsin ahyry! Beýtmäweriň! Ötegçiler näme diýer! Geýimleriňizi ýyrtyşdyrmaň ähbetin!
Ynha, birdenem yaňkyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Paltunynyň içliginiň içinden elini çykaryp:
Ynha, tapdym! Gördüňmi, tapdym- diýip, sesine bat berdi. Soňra ol ony çyranyň ýagtysyna tutup gördi. Seretse, oň elindäki diş gorjalýan bolup çykdy.
Men indiki boljak tomaşadan ýaňy gorkup, tasdanam troleýbusyň öňüne çolaşan ol kişini bir gyra çekdim-de, ol ýerden ökjami göterdim
Iňlis dilinden terjime eden Tawus Kakaýewa, "Watan" gazetiniň baş redaktory. Dünýä edebiýaty žurnaly.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.