On ikinji söhbet: Aýallar. Nobatgulynyň dramaturgiýasy
ON IKINJI SÖHBET: Aýallar. Nobatgulynyň dramaturgiýasy
OSMAN ÖDE. Söýgi hakda gaty köp goşgyň bar. «Serwi agajyň» bar. Öýdäki serwiň o serwiler üçin azar-a berýän däldir?!
NOBATGULY. Hudaýlygymy aýtsam, meniň aýalym goşgularymy okamaýar.
OSMAN ÖDE. Weý, ýeňňem seniň ähli ýazan zadyňy maşynkada ýazyp, çapa taýýarlaýar ahyry…
NOBATGULY. Maşinistkalar ýazýar, emma okamaýar. Olar harpy, sözi görýär, manysyna üns bermeýär.
OSMAN ÖDE. Onda sen aýaldan oňupsyň. Ine, bu seni Hudaýyň ýalkan tarapy. Sen bu ýalkawyň gadyryny bil! Aýal bolmak, onda-da şahyryň aýaly bolmakdan her bir zenany Allaň özi saklasyn. Seniň ajyňy-süýjüňi deň paýlaşyp gelýän, saňa iki ogul, iki gyz ösdürip ýetişdirip beren gelnejem, diýmek, seniň döredijiligiň bilen gyzyklanmaýar-da? Ol bereketli ojagyňda myhmana saçak ýazyp, öýüňi öý edip otyr. Maşgala durmuşyň barada giňräk gürrüň beräýseň…
NOBATGULY. Bibi Orazdurdyýewa diýip bir şahyr zenan bar. Zenan şahyrlarynyň içinde şygryny söýüp okaýanym şol, soňam Şähribossan. Ana, şol Bibi, Hudaýa şükür, meniň aýalyma meni gaty uly şahyr diýip ynandyrypdyr. Şonuň üçinem Aýsoltan meniň islendik çäkden çykmalaryma şahyra mümkindir diýen jähtden seredýär. Umuman, şu soragdan çaltrak geçeli. Tolstoý: «Aýallar baradaky pikirimi ölemsoň gündeligimden okarsyňyz» diýipdir... Osman jan, senem gyssanmaý... Maşgalam uly däl. Uly oglum Myrat – talyp, pars dili fakultetinde okaýar. Jeren, Jahan, Maksat mekdepde. Hijisine edebiýat bilen gyzyklanmaga rusgat beremok.
OSMAN ÖDE. Agageldi Allanazarowyň «Poeziýa» atly goşgusy bar:
Pyragydy onuň ady bir mahal,
Soň Kemine boldy, Zelili boldy.
Kerim, Berdinazar diýdiler oňa,
Gurbannazar – ýene bir ady şoldy.
Topragmy ýyladyp oturan ot ol,
Ynanýan, ýene-de geler kän ärler.
Türkmeniň giň kalby onuň mekany,
Bu gün oňa Nobatguly diýýärler.
Agageldiniň şu goşgusyna garaýşyň? Özüm-ä Agageldiň şol pikirini ikelläp makullaýaryn.
NOBATGULY. Elbetde, sen makullarsyň. Dogrusy, men Agageldiniň şol goşgusynyň seniň neşirýatyňda «Diňe söýgi hakda» atly kitabym çykyp gelýänçä bilmeýärdim. Ol goşgyny nireden tapyp, meniň kitabyma annotasiýa ýerine goýup ýörşüňe haýran. Elbetde, Agageldi dost hökmünde, kärdeş hökmünde meniň derejämi birneme ösdüripdir. Senem, başga-da birentek poeziýa muşdaklaram maňa uly şahyr diýýärler. Men uly şahyr däl, ýöne bir topar söýgi goşgularym, «Serwi agajy», «Jemşidiň jamy» poemalarym edebiýatda galar.
OSMAN ÖDE. Diňe bir poeziýa däl, dramaturgiýada-da köp eser döretdiň. «Gedaý bagşy», «Çuwal bagşy» tragediýalaryň, «Bally molla», «Düýşdäki gyzy gözläp» komediýalaryň professional taetrlar tarapyndan sahnalaşdyryldy. Respublikan konkurslarda şu ugurdan köp baýraklar aldyň. Dramaturgiýada bitiren işiňden kanagatlanýaňmy? Tomaşaça ýetmedik drama eserleriň barmy?
NOBATGULY. Men gynanýan, režissýorymy tapyp bilemok. Çärjewiň Seýitnazar Seýdi adyndaky teatrynda Öwlüýäguly Hojagulyýewiň goýan «Düýşdäki gyzy gözläp» komediýam bolaýmasa, entek režissýoryna duşan pýesam ýok. Meniň entek «Nuhuň tupany ýa-da soňky pygamber», «Ataşparaz gyzy Sawa peri» atly tragikomediýalarym hem bar. «Soltansanjar» atly tragediýamy goýjak bolup ýörler. Indiki asyr meniň drama eserlerimiň asyry bolar. Olary öwran-öwran goýarlar.
OSMAN ÖDE. Ýaşuly, gatyrak gidäýdiň öýdýän! Öwünmegem şahyrlaryň keseli-dä.
NOBATGULY. Hudaýym, ikimize-de köpräk ýaş bersin, sen oňa şaýat bolarsyň! Men drama eserlerimde edýän oýunlarymy hiç bir eserimde edip bilemok.
OSMAN ÖDE. Onçasyny biljek däl, ýöne drama eserlerinde ýiti replikalaryň köplügini welin, bilýän. Drama eserini ýaşadýan güýç çuň pikiriň töweregindäki replikalarmyka diýýärin.
NOBATGULY. Drama eserini ýazmak ýaly kyn zat ýok. «Ýeriň dartyş kanuny» diýen ýaly onuň öz dartyş kanuny bar. Kyssada bir gahryman ikinjä «Salam» diýse, ikinjem «Waleýkim essalam» diýse bolýar. Dramada eýýäm ol bolanok. Drama gapma-garşylyklardan düzülýär.
OSMAN ÖDE. «Çuwal bagşy», «Düýşdäki gyzy gözläp», «Nuhuň tupany ýa-da iň soňky pygamber» dramalaryň döreýiş taryhyny, nähili ýazylandygyny gürrüň bersene? Köp kişi ýazan eserlerini perzentlerine deňeýär, seniň pikiriň nähili?
NOBATGULY. Seniň aýtdyrjak bolýan zadyňy güman edýän. Men Çärjew myhmanhanasynda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup gördüm. Ýürek agyranda nähili bolýandygyna sen beletsiň. Ajal ýakaňdan ebşitläp tutanda, kitabyň ýadyňa düşmeýär. Çagalaryň welin kino ýaly pursat berilmeýän ýagdaýynda-da göz öňüňden geçýär. Men ähli döredijiligimi çagajyklarymyň ýekeje dyrnagyna-da çalyşjak däl...
OSMAN ÖDE. Öň özüňe ençeme gezek aýdypdym, şol pikirimi ýene gaýtalaýan. Meniň pikirimçe, diňe goşgy goşup ýaşamak, berk dört diwaryň içinde ýaşamak diýmek. Dört diwar – dört setir. Ol setirler hökman kapiýalaşmaly, diýmek, şahyr goşgy ýasamaly. Özem şol bir galyp. Bir galypda ýaşamak adamy küteldýär. Pikir, duýgy aslynda hiç bir galyba sygmaly däl. Galyba sygýan pikirler, duýgular bilen ýaşaýan adamlara haýpym gelýär.
NOBATGULY. Bu pikiri maňa sen kän nygtadyň, meniň goşgudan elimi sowadanam seniň şol ýowuz, emma hakykat bolan pikiriň boldy. Nesimi «Iki dünýä sygmas men» diýýär, ýöne, ýene-de şol galyba baryp girýär. Dünýä edebiýatynda ak goşgy ýoň boldy, göräýmäge, galypdan çykyldy, emma ak goşgy ýaşamaga ukyply däl. Taryha ser salsaň, gadym-gadym zamanlarda goşgular kapiýasyz ýazylypdyr, kämilleşibem, galyp giripdir. Ýöne, ynha, «Gorkut atanyň kitabyndaky» goşgular bir seretseň kapiýaly, bir seretseň, ak goşgy, göwnejaý pikir etseň bolsa, ynsanyň beýnisinden akyp gelýän şahyrana akym. Men şu ugurdan agtaryş etmegi oňlap, köp wagtlap pikir girdabynda gezip ýörün. Ruslarda «wtoroýe dyhaniýe» diýen bir düşünje bar, mende şol ikinji «dyhaniýe» açylaýjak ýaly bolup dur, men başga bir şahyr bolup işläýjegim ýaly...
OSMAN ÖDE. Ýa, Alla... Käbir eseriň döremegine garaşylmadyk waka täsir edýär, sebäp bolýar. Iki-üç eseriň döreýşi barada gürrüň beräýseň... Mysal üçin, sen maňa Gurt Ýakubyň ölümi hakda gürrüň berdiň. Şol gürrüňem maňa gaty güýçli täsir etdi. Soň mende seniň gürrüňiň esasynda hekaýa ýazmak höwesi döredi. Gurt Ýakubyň ömri, ynanjy, özüne dözümliligi hakda köp oýlandym. Adam özüne gezek gelende ejizräk. Hekaýanyň ýordumyny saňa gürrüň berip oturmaýyn, söz senden.
NOBATGULY. Gurt Ýakup türkmen halkynyň içinde biziň asyrda dörän ilkinji rawy. Ol bagşy däl. Ol bagşydan has beýik. Ol aýtjak zadynyň sazynam, özünem özünden, ýa gadym zaman unudylan rowaýatlaryndan işläp, ýaňadan döredýär. Gurt Ýakup beýik rawy, ýagny hem ýazyjy, hem kompozitor, hem bagşy.
Köp eseriň tötänlikden döreýändigini sen bilýänsiň. Bir ýola biz Ödenýazyň aýdymyny uzak gije diňläp hezil etdik. Şeýle pursatda meniň «makala ýazaryn» diýip wada berýändigimem saňa aýan. Ýek-ýigrendigimem makala ýazmak, emma, wada bereňsoň, ölmeli-ýitmeli ýazmaly. Birinjiden, men saza hem aýdyma düşünemok. Ýazyjy Oraz Ýagmyr hemişe: «Sen aýdym-saza düşünmeýän halyňa, aýdym-saz hakda pýesa ýazýaň» diýip igenýär. Men oňa: «Dogry, men aýdym-saza beýle bir düşünip bilemok, emma düşünýänlerden gowy edip düşündirip bilýän» diýip jogap berdim... Makala ýazjak bolýan, bolanok. Ödenýazy gury magtamagam islämok, men şonda uzynrak rowaýat tapyp, makalany alty-ýedi kagyza ýetirmek isledim. Birdenem özüm bilmezden, Gedaý bagşy hakdaky rowaýaty tosladym. Dessine ony makalada ulanyp, yzýanam pýesa etmegi makul bildim... Birek-birek bilen edilen gürrüňçilikde kelläňe başga bir pikiriň gelýän halatlary az bolmaýar.
OSMAN ÖDE. Şahyryň şahsyýetini, kimdigini goşgularyndan bilip bolýar. Şu pikire garaýşyň nähili?
NOBATGULY. Şahyr öz şygry bilen, ýazyjy öz hekaýasy bilen kimligini ile jar edýär, paş edýär. Ýüzüňe öwmäýin, ýöne men seniň kän hekaýalaryňy okap bir zada göz ýetirdim. Ýaramaz adamyň hatda obrazyny hem döretmeli däl. Seniň, ýalňyşmasam, bar eseriň oba hakda, seniň döreden gahrymanlaryň biziň obada-da ýaşap ýören tanyş adamlar. Deýýus gahryman sýužet üçin gaty zerur bolaýmasa, köplenç gowy adamlaryň, tanyş adamlaryň obrazyny döretdiň. Güller eje, Senem eje, Begmyrat aga, Nazar aga («Sabyrly gul Käbä ýetende») Adylla, Aknur eje dagy tanyş adamlar, görelde alyp oturmaly kämil gahrymanlar. «Pygamber ýorgudy» atly hekaýaňdaky Aknur ejäniň pajygaly durmuşy hakda hiç bir pajygaly wakany beýan etmän, adam tragediýasyny berşiňe synym oturýar. Aknur eje päkligiň, ahlaklylygyň, adamçylygyň simwoly.
Men bir zada ynandym: şu gün toslap tapan deýýusyň deýýusynyň obrazyny döredýärsiň, emma durmuş ösüp gidip otyr, ol ondan has deýýusy döredýär welin, öz döreden deýýusyň toýlaýmaly bolýar. Emma gowy adamlar geçmişe gidip barýarlar, gidip barýarlar, olary nusgalyk göçürip galmaly.
Biz söhbetdeşligiň dowamynda köp ýazyjynyň adyny tutduk, men şol adamlaryň döredijiliginden kalbynyň päkligini duýup, şolardan ikilik çykmajagyny bilip dostlaşdym.
OSMAN ÖDE. Kalby hapa käbir tanyş ýazyjylarymyz hem gowy eser döredýär, ýeri, oňa näme diýersiň?
NOBATGULY. Weý, çyna berimsiz çypdyryp bilýänler eýse azmy?! Emma, birde bolmasa, birde olaryň sepi açylýar.
OSMAN ÖDE. Ýaramaz gylykly deýýuslaryň hapa işlerini beýan edip okyjyda ýaramaz işlere ýigrenç döretmek, tersine, gowy adamlaryň asylly ädimlerini beýan edip, belent adamkärçiliklerini okyja ündemek – iki ýol. Ýöne, gynansak-da, köp ýazyjy şonuň birinjisinden ugur alýar. Göwnüme bolmasa, edebiýatymyzda otrisatel tipler položitelden agdyklyk edýär.
NOBATGULY. Durmuş gitdigiçe çylşyrymlaşýar – munuň esasy sebäbi sosializmiň galp syýasatynyň netijesi bolsa gerek: ýalan sözläninden ölenini gowy görýän türkmen ýalan sözlemegi, ogurlygy, biparhlygy, ýaltalygy, iň erbedem, işlemän baýajak bolmagy öwrendi. Wezipe ugrundaky göreşler erbet häsiýetleri döretdi. Bu bolsa isleseň-islemeseň, edebiýatda öz beýanyny tapýar. Ýönekeýleşdirip aýtsak, ýaş oglana türmedäkini görkezip: «Şuň ýaly bolsaň, gözüň türmeden açylmaz» diýenden, asylly adamy görkezip: «Şuň ýaly bol» diýen, ýaş gyza jelebi görkezip: «Şuň ýaly bolma-da», öýüne bagt berip oturan gelni görkezip: «Şuň ýaly bol» diýen ýagşy.
OSMAN ÖDE. Kino, telewideniýe häli-şindi Günbataryň, gaýry ýurtlaryň gorkunç edebiýatyndan ýasalan kinolary görkezýär. Zorluk, uruş, gan-da-pyçak, garaz, görer ýaly däl. Dogry, olar edebiýat däl, emma ýaşlara täsiri gaty uly. Şol eserler ynsanperwer edebiýaty gysyp çykarmaz-da hernä?
NOBATGULY. Wagtlaýyn gysyp çykaraýsa gerek. Ýöne ol edebiýat wagtlaýyn edebiýat. Pul edebiýaty. Umuman, men Günbatar demokratiýasynyň köp zatlaryny türkmen halkyna mahsus däl zat hasaplaýaryn. Günbatar ýarag satyp, jenaýata garşy göreşmegi, jelephana açyp, jelepçilige garşy göreşmegi ündeýär. Ol bolmaýar. Bu mesele gaty çylşyrymly, gowusy, çuňlaşmaly.
OSMAN ÖDE. Şahyr we şahyryň eýeleýän wezipesi. Wezipe döredijilige nähili täsir edýär?
NOBATGULY. Şahyryň ýeke wezipesi bolmaly – olam şahyrlyk. Şahyryň milletem, dinem, mezhebem, wyždanam poeziýa. Men şu ýerde saňa bagyşlap ýazan bir goşgymy mysal getirmekçi:
ALLA HEM ŞAHYR
– Maňa bir gowja ýer tapsana, Alla!
– Şahyr, şahyr, gowja bir ýerim-ä bar.
– Ber maňa şo ýeri,
Waspyň ýetirin!
– Wah, o ýerde meniň özüm otyryn!
– Men seniň ornuňy näme edeýin,
Maňa-da bir orun tapylar ahyr.
– Bardy...
Ony saňa bagş etdim şahyr,
Galan orny wagtlaýyndyr pelegiň!..
OSMAN ÖDE. Häzir ýaşap ýören şahyrlardan kimleri gowy görüp okaýaň?
NOBATGULY. Atamyrat Atabaýy, Ahmet Gurbannepesi, Guldurdy Sähetdurdyýewi, Mämmetnazar Babanazary, Bibi Orazdurdyýewany, Şähribossany, Döwlet Garkyny...
OSMAN ÖDE. Häzirki rus şahyrlaryndan hem dünýä şahyrlaryndan kimleri halaýarsyň?
NOBATGULY. Ýuriý Kuznesowy, dünýä edebiýatyndan aýratyn Latyn Amerikasynyň şahyrlaryny gowy görýän. Ol ýerde düýpden başgaça pikirlenýän şahyrlar köp.
OSMAN ÖDE. Her bir maşgalanyň ile ýaýmaýan syry bolýar, ol syr diňe maşgalanyň agzalarynyň içinde saklanýar. Biziň edebiýatymyz hem bir maşgala, edebiýatymyzyň agzalarynyň hem syry bar. Ol syr okyjylara ýetirilmese ýagşy, sebäp okyjy edebiýaty, edebiýatçyny mukaddes zat hökmünde görýär. Şol mukaddeslik käte bozulýar. Edebiýatyň iki sany agzasy özara oňuşman, ylalaşman, bir-biriniň üstüne hapa eňterip ugraýar. Şonda diňe şol iki sany şahyr ýa ýazyjy däl-de, tutuş edebiýat masgaralanýar. Meniň pikirimçe, metbugatyň üsti bilen sögüşmegi gadagan etmeli. Şu babatda seniň pikiriň nähili?
NOBATGULY. Soňky döwürde merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy şol betnamlygy goýdurdy welin, ömrüni metbugat üsti bilen sögüşip ýören deýýuslaryň indi asla ady çykýan däldir. Olar ruhy taýdan däl-de, fiziki taýdan, sözüň doly manysynda elhenç kesellediler. Olary ýaşadyp ýören, şol sögüş eken. Olar şol sögüşiň üsti bilen edebiýatçy bolan bolup ýör eken. Hany, sen aýt, seni biri tankyt edäýdi-dä, şonuň üstünden maşynkada ýüz sahypadan agdyryp tankyt ýazyp, Merkezi Komitete ýollarmyň? Ýollamarsyň! Emma şoň ýaly arzaň ençemesini ýazan adamam ýazyjy diýlen ady göterip ýör, haýp! Wagt geler, şol adamyň töhmetden püre-pür arzalaryny kitap edip çykararys, ana, okyjy şonda kimiň kimdigini biler. Şonda okyjy şol gurrumsagyň iň gyzykly «kitabyny» okar. Sögüşýän ýazyjy kän däl, bolaýsa bäş-alty sany. Men edebiýatda «gadagan» diýilýän zada garşy, emma olara sögüşmegi gadagan edip hak etdiler, olaryň sögüşi edebiýatyň bir menzil golaýyndanam baranok. Gaty gidiberseler, olaryň elinden çlenlik biletini hem alyp bolar. Olara ozal partiýa hem Moskwa meçew berýärdi, indi agzybirlik aramyza golaýlaşdy. Biz şeýle işiň hötdesinden gelip bileris.
Sen maňa hemişe: «Nobatguly, sen dagdy bolana meňzeýärsiň» diýýärsiň! Dogrudanam, men dagdy boldum. Bir mysal getireýin. Kerim ýaly beýik şahyryň üstünden arza ýazyp, ony işden boşadyp, aç oturdan bir tankytçy bar.
OSMAN ÖDE. Ýene dagdylyk edýäň? Kim ol bir tankytçy diýýäniň?
NOBATGULY. Şol tankytçyny Kerim aga örän gaty ýigrenerdi. Emma Kerim aganyň dostlaryna beýleki adamlara garşy küşgürmäge şol tankytçy gerek boldy welin, Kerim agany eý görýän dostlary şol tankytçy bilen dost bolaýdylar. Bu elhenç mysal. Ýöne şeýle mysaly näçe getirseň getirip oturmaly. Onsoň kime ynanyp, kime müňkürlik etjegiňi bileňok. Aýdaly, erte meni bir uly baýraga hödürleseler, meniň garşyma guruljak dildüwşüge dostlarymyň käbiriniň gatnaşjagyny bilýärin. Şeýlelikde, adama ynam ölýär, onsoň neneň dagdy bolmarsyň!?
OSMAN ÖDE. Nätjek?! Ýagşa ýagşy, ýamana ýaman diýmeli welin, ýöne käte pikiriňi ýuwutmaly ýerleri bolýar-da...
NOBATGULY. Şer hüjüm etmäge ukyply, haýyr goranmaga! Pikiriňi ýuwutmasaň, şeriň ýaranlary gazetde külüňi çykarýarlar. Umuman, men tankytdan gorkamok. Ýöne garyndaşlarym, ýakynlarym üçin gorkýan. Onsoňam, tankytlanyberseň seni gowşak şahyrdyr öýdýärler. Köp okyjyda öz pikiri ýok.
OSMAN ÖDE. Tankytçylaryň seniň döredijiligiňe eden peýdasy barmy? Haýsy tankytçylary hormatlaýarsyň? Olaryň seniň döredijiligiňe baha berşinden razymyň?
NOBATGULY. Men edebiýat tankytçysy hökmünde iki adamy hormatlaýan. Saýlaw Myrat, Amannepes Şyhnepes. Ikisem «tankytçy» diýen düşünjämizden beýikdäki adam, olar türkmeniň Belinskisine çalym edýär. Galan tankytçylara pitiwa-da etmeýän, okamaýanam. Olaryň akyllysy eseriňi tankytlap, «Okyjy şahyrdan şeýle goşgulara garaşýar» diýip resept berýär. Haý, zalymlar, Hudaý boluň-a! Otuz ýyl goşgy ýazyp, özüm-ä okyja nähili goşgy ýaraýandygyna göz ýetirip bilmedim. Olaryň bolsa bireýýäm resepti taýýar! Umuman, edebiýat tankydy diýlen zat gerek, ýöne SSSR döwründe edebi tankyda has meçew berdiler, meger, olam «Agzyny alart-da, höküm sür» diýen imperialistik syýasatyň edebiýatda zerur bolan ýoludyr.
Şu mahala deňiç biziň tankytçylar hiç haçan ýaramaz edebiýatyň öňüni aljak bolmadylar, tersine, gowy ýazyjyny bilkastlaýyn tankytladylar, şonuň üçinem olara tankytçy diýmek bolmaz!
OSMAN ÖDE. Türkmeniň beýik akyldary Ärsarybaba kyrk düýe peşgeş berip kitap ýazdyrypdyr...
NOBATGULY. Hany, bu gün Ärsarybaba barmy?
OSMAN ÖDE. (Ýylgyrýar). Ärsarybabanyň agtyklary bar... Welmyrat aga guba düýesini kitaba çalşypdyr. Meniň diýmekçi bolýan zadym, türkmen kitaba uly hormat goýýar. Seniň kitaplaryňa hem uly sarpa goýuljakdygyna, ürç edip okaljakdygyna berk ynanýaryn. Şol ynam esasynda hem şu günki söhbetdeşligimiz emele geldi. Döredijiligiňde mundan beýläk hem uly üstünlikler gazanmagyňy öz adymdan, okyjylaryň adyndan arzuw edýärin.
NOBATGULY. Adamy urma, sögme, geplet diýýärler. Men bir topar mesele barada şahsy garaýşymy aýtdym. Ol zerur, gaty zerur. Onuň zerurlygy «urman-sökmän geplet» teoriýasy bilen seredeniňde-de zerur. Iň bärkisi, adamy tanamak üçin. Osman, seniňem meni tanatmak üçin eden synanyşygyň ýerine düşdi. Ýöne kimiňdir biriniň pikiriçe, ýalňyş zat aýdan bolsam, bagyşlasynlar. Bu ýerdäki ýalňyşdyr öýden zatlaryňyzam, gowy gören zatlaryňyzam meniňki. Özümdenem gaçyp gitjek ýerim ýok.
14.X.1993 ý.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.